Juwan gursak.
Aý-gün, sagat geçdigiçe günsaýyn,
Beden tapdan düşýär.
Gönimden gelsem–
Garraýar.
Tersine, gursagyñ juwan–
Ýaşyñ unudýanyñ
boýnuña al sen!
Bu gapma-garşylyk,
Adam ähliniñ,
Ýaşaýyş ýoluna mähir daşadýan.
Goý, ýaş gaýdyşsa-da, güllesin ýürek,
Umytly gursakdyr bizi ýaşadýan.
18.03.2020 ý.
Haýsyndan gitjek?!
Bir gün saýlatsalar geçen ömrüñden,
Sen haýsy senäni bijebaş etjek?!
Saýlap alarmydyñ talyp döwrüñi,
Ýaşlyk, kämillikmi;
Haýsyndan gitjek?!
Senden atañ-eneñ eden tamasy–
Ýerine düşende, kalbyñ senasy,
Goýberen hatañmy ruhuñ ýamasy,
Gögele wagtyñmy,
Haýsyn düzetjek?!
Mydam goşa geler begenç diýlen zat,
Ýany höwürlidir kömelek, badat,
Saklanylsa ýagşy gadym urp-adat;
Haýsyn du:la,
Haýsyn ile uzatjak?!
Bu bir bolar-bolmaz etsem-petsem däl,
Emgenmän bolmarsyñ derhal Rüstem Zal,
Haýsy bolanda-da, diñleseñ kem däl,
Haýsyny ýüz,
Haýsy birin göz etjek?!
16.03.2020 ý.
Mekdebim.
Öñki adamlardan kim bar o taýda,
Ýaş hünärmen bolup gatnan mekdebim.
Diýip: «Halypalar sana goşaýsa»,
Çekine-çekine ätlän mekdebim.
Gurbany gitdigim, «Goçgar ata», how,
Saña mañlaý diräp, geçdik ençe ýol,
14-nji mekdep,
ýanyñ demir ýol,
Şäher durmuşynda taplan mekdebim.
O günler geçipdir keýgiñ şahynda,
Galypdyr ýatlama huşuñ gatynda,
Şol döwrüñ gapysyn gülüp açamda,
Henizem göwnümi şatlan mekdebim.
Ýaşlygym–sarç atym,
hyjuwdan doly,
Saña sapylypdyr jigermiñ ýoly.
Göwnüme, henizem çagyrýan ýaly,
Zehinim peltesin otlan mekdebim.
14.03.2020 ý.
Men–Nokat.
Men naşyja,
Ýöne meniñ ornum kän.
Kiçi, erjel, ykjam,
Juda gysylan,
Uly, äpet, çuññur,
Beýik…ses ýetmez,
Hem elýetmez–
Giñişligiñ jadyly,
Keramat, gudratyn–
Mañyz-manysyn,
Datly tagamyny,
Hoş sesin, ysyn,
Ählisini ýüregimde demledim,
Hem mukaddes,
Jümlelerde jemledim.
Men–Nokat.
13.03.2020 ý.
Oýlanma.
Gören-bilen barmy,
Kim sataşypdyr?!
Dünýäñ o ýüzüni görüp gelene.
Gaýda-gaýmalaşyk–
artýar hereket,
Ikindi silkinýär ýazyñ ýeline.
Çykarÿarys ýatdan, gümra wagtymyz,
Argyn pursatlardan ýagýan tozany.
Oýanyp,
göz açyp owurtlaýarys,
Hakyñ tylla nury siñen azany.
Ýöne, günüñ güni gaýtalanyp dur,
Adam endik edip, bolupdyr werziş.
Häziriñ–özüñki,
añyrsy–tümlük,
Umytly ýaşamak hökmany–parz iş.
Gören-bilen barmy,
Kim sataşypdyr?!
Dünýäñ o ýüzüni görüp gelene.
Her adam–bir dünýä,
gözi dañylgy,
Ykbalyny alyp barýar eline.
12.03.2020 ý.
Meniñ şygarym.
Düşse düşsün tamdyra tow,
Tow düşmesin arañyza.
Söýüp geziñ, gujagynda
Wepa beriñ ýaýlañyza.
Ýaşamak ne gyzyklyka,
Hoş geldiñiz bu günlere.
Suratlarda säginipdir–
Wagt taýdyrýar göwünleri.
Ahmal bolmañ, kämahallar,
Jedelleşip gursak bilen.
Biz çyr-çytyr boluberýäs,
Öñne geçip pursatlaryñ.
Mertebeden münber ýasap,
Gol ýetiriñ gaýalara.
Egin egne diräp geziñ,
Söýget bolup daýanara.
Asman ýaly kalbyñyzy,
Açyp geziñ gülki bilen.
Şatlyk, şowhun, mähir seçiñ,
Saglyk, döwlet–ilki bilen.
09.03.2020 ý.
Watanyñ säheri.
Çagalar bagynyñ üstünden geçip,
Bat bilen okdurlyp barýar bir adam.
Dañyñ ümüş tamşyn ädimde açyp,
Gün bilen göterlip barýar bir adam.
Biri ondan çykdy, birisi mundan,
O köçeden haýdap barýar beýleki.
Onýança, jahanyñ ýüzi agardy,
Hereket köpelip, tolkun eýledi.
Sungata muşdaklar ylhamyn taplar,
Kimsi ýüwrüp-ýortar malyñ yzynda.
Türkmen ykbalynyñ düýbüne çenli,
Gidersiñ sazandañ çalýan sazynda.
Her kim bir ykbalyñ yzyna düşüp,
Gözüne gül goýýar eden işiniñ.
Üzñe däl ahyry gök ýyldyzlary,
Şeýdip gerim tapýar tutan işimiz.
Bir adam ýalkanýar ýagşy iş edip,
Kim dünýäge serin deñläp dür saçýar.
Her säher bir-birden çykan mähelle,
Ägirt tutumlaryñ sähedin açýar.
Watanyñ mukamy çalynýar şeýle,
Goýulýar möhüri dünýälik goruñ.
Şeýle sahap bilen dogýar täze Gün,
Alny açyk halkyñ säherin görüñ!
06.03.2020 ý.
Şöhrat.
Şöhrat,
Ot içinde ýalyndan dörän,
Gaýlarda tutaşyp,
Tümlükde körän
Gaýratly gerçege şuglazar bolýar,
Ol mydama beýiklere ýar bolýar.
Üstünlikden başy aýlanýanlaryñ,
Iş hoş ýakmaz, ýalta–
ýaksañ tütemez,
Gury sanlaryñ
Ganymydyr,
Ol olardan ar alýar.
04.03.2020 ý.
Aýgül Pirliýewa.
***
Ýazlar joşup, gül donuny geýende,
Şahyr bahar, nusgalykdyr, nusgalyk.
Duýgularyñ porhan bolup gelende,
Şeýda bahar, nusgalykdyr, nusgalyk.
Bahar bilen deñ döräpdir ýylgyryş,
Ony görüp, umma gaçmyş gara gyş,
Tebigatyñ diriligi gar, ýagyş,
Elwan bahar, nusgalykdyr, nusgalyk.
Günler gelýär, gyssap: «Bol-bol»– diýişip,
Ömrüñ diýýär:
«Haýda, barsyna ýetiş!»
Ýürek juwan; altmyş, ýetmiş…nämemiş,
Emma, bahar nusgalykdyr, nusgalyk
02.03.20.20 ý.
Meniñ ýolum.
Şänigine ýetmek üçin durmuşyñ,
Akymyndan,
çözgüdini gözledim.
Gedemligi ätläp geçenim üçin,
Kemçiligim yzarlady gözlerim.
Aldamadym, garşymdaky adamy,
Ýüregimi jübim kibi çöwürdüm.
Haky gözläp,
Baýdak edip adyny,
Bar wagtymy tanyşlarma sowurdym.
Ýadan çagym,
ýykylmadym elesläp,
Kitap boldy söýenere diregim.
Köne dünýäñ synag-alynda düşläp,
Mañlaýymy hakykata diredim.
01.02.2020 ý.
Nur görüner gözüme.
Melek ýagar asmanyndan,
Ynanyñ siz sözüme,
Türkmen ähli, bir jan-u, ten,
Dür görüner gözüme.
Bäş waýat, heññam şaýat,
Gaý-tupanda deñleşen,
Dogmundan Zemin sarsdyran,
Ner görüner gözüme.
Çöllerinden nam-nyşan ýok,
Sähralary lälezar,
Ir-iýmişli jülgeli ýurt,
Bar görüner gözüme.
Ýaşyl Tugum–ybadatym,
Kasamynda birleşen,
Jan Watanym Türkmenistan,
Nur görner gözüme.
29.02.2020 ý.
Säher bilen deñ oýanyp,
Bak, ýaşaýşyñ terligine.
Guwan, begen, şu kitapda,
Seniñ adyñ barlygyna.
Ýüregim.
Mährem ojagyma ömür getiren,
Bagtyñ özi sen ahyry geregim.
Ömür kerwenime badalga beren,
Seniñ özüñ,
Sen ahyry, ýüregim.
Döwür zormy, gül gowşurar söýene,
«Ömür bormy, gam köýnegin geýene?!
Ýylgyr!»–diýip, şatlyk seçen gelene,
Seniñ özüñ,
Sen ahyry, ýüregim.
Ýadamany-ýaltanmany bilme sen,
Keramat deý, sarpa goýduñ ylma sen,
Galp ýüregne şygra dönen gülle sen,
Seniñ özüñ,
Sen ahyry, ýüregim.
«Şat baharyñ–senam, ruhumy ýuwýan,
Dury asman–penam, daglaryñ–dünýäm,
Ak ýagşyñ–şepagat, Watanym»– diýýän,
Seniñ özüñ,
Sen ahyry, ýüregim.
Galam bilen deñ ýörediñ ýollarda,
Ylham bilen tanalyp sen illerde,
Aýdym bolup, ýañlanyp sen dillerde,
Seniñ özüñ,
Sen ahyry, ýüregim.
28.02.2020 ý.
Añly gerek.
Ekeniñi esseläre,
Adam başy añly gerek.
Bahana ýok tüsseläre,
Örüsi meýdanly gerek.
«Bir gujak gül dessesi deý,
Ömür basym geçmese»– diý,
Gelen döwlet gitmesin, heý,
Yrsgally, döwranly gerek.
Ýaşasyn güldürip-gülýän,
Baýnamasyn ýürek dilýän,
Höwes edip gelen dünýäñ,
Ýaşaýyş nyşanly gerek.
26.02.2020 ý.
Ak ýol.
Nirä barýañ,
Haýsy ile?!
Ýüzin düşüp galkyp barýañ.
Saña düşen il garranok,
Wagt bilen deñ akyp barýañ.
Ýol–keramat,
Il–keramat,
Diýara şan, durmuşa–jan,
Dünýä juwan, sen–gojaman,
Başdan sowduñ näçe heññam?!
Şowly ykbal hemra bolar,
Perişdeleñ ganatynda,
Şatlyk bary üýşüp geler,
Gözler oýnar hanasynda.
Saña düşen aklyk dilär,
Kalby ýagta–ýagşylyk bol.
Hoşlaşdyrar, tapyşdyrar,
Bagta sataşdyrar ak ýol.
18.02.2020 ý.
Şahyryñ sözi.
Ýuwaş-ýuwaş töwerek-daş oýanar,
Açylar barlygyñ owadan ýüzi.
Ruhy goýazydyr, şapak deý ýanar–
Şahyryñ sözi.
Eý, galamym, wepaly syrdaşym sen,
Ýyllar geçdi, sen geçmediñ duşumdan,
Ýa hetdimiñ çekerinden daşym sen?!
Şahyryñ sözi.
Nur emensiñ asmanyñ didesinden,
Durlanansyñ azanlaryñ sesinden,
Şygryýetiñ Pyragy, Nepesinden,
Şahyryñ sözi.
Waspyn eden şol ötegçi günleriñ,
Ýaranydyr «Ylham» atly dilberiñ,
Sensiz haly neneñ-niçik illeriñ?
Şahyryñ sözi.
Ýa deñizden, pesinden dok mañyzdan,
Gelsin howruñ ýedi arka añyrdan,
Ötgürligiñ polatdanmy, demirden?!
Şahyryñ sözi.
16.02.2020 ý.
Ýazyñ sesi.
Gyş, damjalap akyp barýar,
Ýazyñ mymyk nepesine.
Säher duýgyñy oýarýar,
Bilbilleriñ hoş sesine.
Guý, bereket, ak gar bolup,
Sil deý ak sen, rysgal nurum!
Gök maýsalar göge galyp,
Parla, Diýar!–
Parla Tugum!
Gündogarda ýanýan şapak,
Howlugýar dañ ataryna.
Şeýde-şeýde seýkin basyp,
Bahar gelýär Watanyma.
12.02.2020 ý.
Begenjim.
Men mydama,
şeýle zada begenýän,
Seýran etsem ýaşlygymyñ ýazyna.
Birem, maña salam aýtsa tanyşlam–
Düşüp gidýän ýatlamalañ yzyna.
Men mydama,
şeýle zada guwanýan–
Gülüp baksa hoş niýetli dideler.
Göterilýän, ýere-göge aýlanyp,
Şa ýol açýar şol bagtyýar ýodalar.
Men mydama,
ýeke zada daýanýan,
Ýüregimi eýelese ýagşy päl.
Şeri ýykyp, haýyr işe ulaşsam,
Şondan gaýry kalba ganat gerek däl.
07.02.2020 ý.
Gözellige teşne.
Gel, gumrular ýaly,
hemdem bolaly,
Undulmaz hiç haçan bagtly pursatlar,
Şolañ hasabyna şat bu gursaklar,
Dilege berilmez şowly bijeler.
Aýak ýere örkli–
zemin deý erkli,
Göwnüñ göterilip, göge towusýar,
Çyndan yhlas eden, bagta gowuşýar,
Aýsyz oñup bilmez beýhuş gijeler.
Her näme diýseñem,
muşdaksyñ senem,
Ýaşlyk humaryndan doly gözlere,
Eý, eziz okyjym,
ynan sözlere;
Bilseñ, gözellige teşne dideler.
02.02.2020 ý.
Dolandy.
Hiç wagt ykbaldan,
Nadyl bolmadym,
Ýöne, bet nazardan kalbym elendi.
Gel, söhbet edeli beýiklik hakda,
Ýagşylyk ýoluna çyksañ, gel indi.
Ine, görüp dursuñ,
Gülala-güllük,
Süýrenýän nobat ýok, jana hezillik.
Buýsanç bilen etjek kiçijik bellik;
Uzadan ýerine ýetýär el indi.
Kötelini ýeñip ýollar geçeni,
Niçezar üflejek ody öçeni.
Il alkyşy bilen dünýä açany,
Ýalkamaga,
Ajap döwran dolandy.
29.01.2020 ý.
Adamçylyk şerti.
Gün bolup,
asmana çykmak hökman däl,
Ediber sen, adamçylyk borjuñy.
Ýazylmadyk kanunlary çüýläpdir,
Añymyza edep-paýhas horjuny.
Akylly–yz goýar,
akmaklar–sapak,
Ýagşy–şatlyk goýar misli bir şapak,
Bent goýup ýalana,
ak güneşe bak,
Şol bolar ykbalyñ altyny– çyny.
Mähribandyr,
gözüñe gök derekler,
Dogduk depe harlanmaz eger-eger,
Goldan gelse,
hemaýat ber,
medet ber,
Şeýdip hakla adamçylyk şertini.
28.01.2020 ý.
Goşgy galypdyr.
Ýaşlygmyñ bahary–owadan mukam,
Kalbymda seleñläp köşgi galypdyr.
Gursakda göterip,
Aýdyma öwrüp,
Sazyna goşmaga yşky galypdyr.
Ýaşlygmyñ görküni gäden ýyllarym,
Geçipdir duşumdan göýä ýyldyrym–
Dünýäniñ ýazyndan gelen güllerim,
Asman gözlerimde keşbi galypdyr.
Damjalar döwülip, ýere dolanar,
Pyntyklar çyzylsa, bossana dolar,
Andalyp diýeniñ bir aşyk bolar.
Saýragynda yşk ataşy galypdyr.
Ýaşlygym seslendi:–
«Nämüçin dymýañ,
Şanyma bir şygyr beslegin, dünýäm.
Ýigrimä dolanyp, pikire çümmän,
Ýazmaga–Aýgüle goşgy galypdyr.»
26.01.2020 ý.
Ah, şat günler…
Gyzykly kitaba meñzedýän sizi,
Ah, şat günler!
Ýüzünden nur saçylýan.
Günüñ dogşy deýin, jahany bezäp,
Siziñ bilen ýagty pikir açylýar.
Siziñ bilen ýagty pikir açylýar,
Adamzadyñ ganatyndan göterýän.
Ah şat günler!
Köp bolsañyz bes maña,
Her sahapda ajap many getirýän.
Tüweleýläp, tüweleýläp ýagýar gar,
Düşeni ereýär ýeriñ buguna
Ah, şat günler!
Bu garly gün jemleýär,
Türkmen ilin pasyrdaýan tuguna.
25.01.2020 ý.
Söýüñ çagañyzy…
Mähriñizi gymmatlatmañ,
ownamañ,
Bolýan wagty çagañyza, ojaga.
Boş selpemek hakda zadam diýjek däl–
Ýa işe basyrlyp, göz ýummañ şoña.
Hergiz çagañyzyñ raýyny ýykmañ–
Hezil pursatlary patrak deý seçiñ!
Olar täp-täzeje täsin kometa,
Açyñ,
dünýäñizde gözýetim açyñ!
Ynsap diýenem bir hasapçy bardyr,
Gözi ýolda wagty mähribanlaryñ.
Söýüñ çagañyzy,
tapyñ göwnüni;
Wagtyñ ädimini güýmäñ, janlarym!
20.01.2020 ý.
Çyragym.
Kim owadan dünýäde?!
Elbetde, bu çagalar.
Iñ päkize dünýäli,
Körpe nahal bag olar.
Hezil zat körpe bolmak.
Günün sanap ulalmak,
Sözleýşi-de bal-gaýmak,
Ganat, ýürek ýag olar.
Jagul-jugul bulañky,
Ajap zatlar şolañky,
Çagasyz öý–garañky,
Her öýde çyrag olar.
14.01.2020 ý.
Damja.
Käte şybyr-şybyr,
kämahal jülp, jülp,
Habar berýär agramyndan damjanyñ.
Birinjisi gelşi deý geçer gider,
Ýatda galýar–ikinjide ynjanyñ.
Ýeñil bolsun pursatlaryñ damjasy,
Jülp-jülp edip, daman ýerin opurman.
Eý, adamlar!
Mähir goşuñ durmuşa,
Gyş nuruna meýmireşip oturman.
Ak gar tozap,
buz aslyşsyn üçekden,
Bugarsyn gözýetim, gyş gyşa meñzäp.
Kak suwundan doýsun atyzlar, çiller,
«Dama-dama, yrsgal, köl bolsun» müñläp.
11.01.2020 ý.
Toprak.
Eý görülýän gözler nurly,
Ruhy baý, eçilýänler.
Söýülýän halk bagtly bolýar,
Rysgally–eçilýän Ýer.
Nirde gory toprak genjiñ–
Açary–seçilýän der.
Ruhy götär ganatyñdan–
Ak mähri içilýändir.
Söýenjegiñ toprak bolsa,
Per ýaýyp uçulýandyr.
30.12.2019 ý.
Aýgül Pirliýewa.
Taryh ýazýar, şanly ädimleriñi,
Wagt bilen deñ akyp, ýörelge salşyñ.
Baýlykdan baý, mährem adamlaryñy
Tuguñda jem kylyp
asmana galşyn!
Watanym, ganatym Türkmenistanym!
Adyl Arkadagly şöhratym-şanym!
Sen beýiksiñ, beýiklerden saýlanan,
Çünki, seniñ aslyñda bar ägirtler.
Dana akyldarlar, zehin saýylan,
Laçyn ganatlylar, bürgütler, mertler.
Watanym, kasamym, Türkmenistanym!
Arkadag gülleden Jennet mekanym!
27.11.2019 ý.
Türkmenistan–Bitarap!
Müñ dürli baýlykdan doly gaznasyñ,
Bagty getirendir sende milletiñ.
Munda zähmet çeken ýetýär myrada,
Türkmenistan–sen Zeminde jennetim!
Sende hasaby ýok mukaddesligiñ,
Dünýäniñ nazary bize bakyp dur.
Ýollaryñ aýdymy çagyrýar bizi,
Bitarap dünýäñden mähir akyp bur.
Sen dünýäni dogan saýyp baýnadyñ,
Ata Watan!
Türkmenistan–Bitarap!
Her öwrümde adyllygy saýladyñ,
Eziz Watan!
Türkmenistan–Bitarap!
12.12.2019 ý.
Bir çemodan kitap…
Bir çemodan kitap,
barja baýlygym–
Agzalyk petegi «Karl Marksyñ.»
Her kim öz ýolunyñ
ýazdy taryhyn,
Ýöne o taryham däldi bir kysym.
Gögeledik,
80-nji ýyllarda,
Durmuş uniwersiteti
okatdy bizi.
Eşigimiz–sada,
Oñuşmak–kada,
Has gyzykly dünýä äkitdi bizi.
Mugallymyñ gyzy.
Özüm mugallym.
Şu hünäre siñdi
Zehin yhlasym.
Çagalara baha goýan bolsak düýn,
Bu gun durmuş goýýar bize bahasyn.
Bir çemodan kitap,
Barja baýlygym,
Bagta goýdum, ömrümiñ ol ujuny.
Beýnimiñ yzyna düşýärin indi,
Ynanjañ ýüregim alsyn dynjyny.
30.11.2019 ý.
Sübse.
Ýel süpüren ýalydyr,
Durmarsyñ bir ýeriñde.
Wagtyñ bedewi sarçdyr.
Uklatmaz eýerinde.
Babamy gören «gak-gak».
Aýlanyp ýör atyzda,
Senem mele çäkmeniñ,
Çyk, ýelbegeý atyn-da.
Garramarsyñ göterseñ,
Wagtyñ sübsesin ýerden.
Ýyllar yşkyñ öçürmez,
Ýürek diýlen o ýerden.
26.11.2019 ý.
Aýgül Pirliýewa.
Kowalap, kowalap gowurýar bizi.
Synaglara salyp sowurýar bizi,
Dünýäniñ o ýüzi bilen işi ýok,
Durmuş, ýumrugynda ýugurýar bizi.
Wasp edişlik…
(Degişme)
Asfaltyñ ýüzünde leýs bolup ýatan,
Altynsow ýapraklar baglandy şygra.
Uçjak-uçjak bolýan pikirlirleñ käsi,
Ak kagyza keşdelendi ýüz ugra.
Güýz gidip, gelýänçä gyşyñ aýazy,
Şahyrlara «sary ýaprak» bolýar iş.
Pasyllaram bir-birini gysganyp,
Öwülmäge döwtalabam bolýarmyş.
Geçip barýan güýzüñ görkün diýsene,
Ýetirmedik ýokdyr onuñ waspyny.
Ýöne, men bir zada haýran galýaryn.
Nireden aldyka güýzler aslyny?
Wasp edişlik ýañy gyzan badyna,
Gyş ýetişdi şahyrlaryñ dadyna.
25.11.2019 ý.
Aýgül Pirliýewa.
Bu günem dañdanyñ ümüş-tamşynda,
Birje hozy iki bolup paýlaşdyk.
Soñra böwürslenli çaýyñ başynda,
Döwür hakda,
ömür hakda söz açdyk.
Köp zadyñ başyny agyrtdyk bir dem,
Mesawy gürrüñe gyzyp çaýlaşdyk.
Wagtyñ hasabyny uçuryp serden,
Päkize dünýäde biraz azaşdyk.
24.11.2019 ý.
Durmuşa ýüzlenme.
Aý-gün aýlanyp dur,
Üýtgeýär bar zat,
Göreçler kütelýär ömür geçende.
Kagyzdan «Ferrari» ýasap oýnadan,
Ogullaryñ, eýýäm iliñ içinde.
Durmuş gowulyga öwürdi ýüzün,
Ýönekeýlik boldy meniñ aşygym.
Egnimde arzyly jümjüme güllim,
Ýöne, hany meniñ bigam ýaşlygym?
Durmuş!
Seniñ şu gylygyñ bolanok,
Görküm aldyñ,
Köp zat berdiñ ellerme.
Nirde galdy meniñ sada ýaşlygym,
Aýlansam gelermi gezen ýerlerme?
23.11.2019 ý.
Aýgül Pirliýewa.
Eger-eger göz öñümden gitmedi,
Paýhas bolup ýanýan sary gözýetim.
Ýere ýagýan ýapraklaryñ ýüzünden,
Ýazylmadyk şygyrlarmy gözledim.
Ýazylmadyk şygyrlarmy gözledim.
Säheriñ gaýmagy aladañlardan.
Ýazgydyñdan gidip bilmersiñ gaçyp,
Sypmak bolar, ownuk aladalardan.
Şygryñy ýazarsyñ elleriñ bilen.
Ykbalyñ ýazylýar mañlaýyñ bilen.
22.11.2019 ý.
Aýaz.
Akrabyñ sowuk gijesi,
Gyşyñ golaý-goltumynda.
Gör, kime näme getirdi,
Aklyk pasly holtumynda.
Päklikden ýasalan ýaly,
Kämillige gyşyñ ýoly,
Tämizlikdir baş paroly
Dekabram alkymyñda.
Ýürek yssy,
Daşarda gar,
Titredip, gagşadyp barýar.
Aýazyñ demi daş ýarýar,
Gyşyñ mawy tolkunynda.
21.11.2019 ý.
Güýz etýudy.
Güýz gaýdyryp ýapraklary,
Düşek edip ýazýar ýere.
Neneñ edip sygdyrarsyñ,
Bu ahwaly setirlere.
Howwa, bu ajaýyp görnüş,
Läle-reýhan hyýallarda.
Ulus-ile şygyr paýlar,
Ylham kalba ýol salar-da.
Güýzüñ tämiz howasynda,
Täze şygryñ beýany bar.
Şatlyk gözüñ owasyna,
Begenç dürüni aýlaýar.
21.11.2019 ý.
Bilbiller mekany.
Päli düzüw ile bereket paýyn,
Mukamyna garyp bagş edýär säher.
Dutar owazyna serini durlap,
Guşlaryñ sazyna oýanýar şäher.
Togabym, sogabym sensiñ arkamda,
Kalby çoýup duran belent ruhum sen!
Bir gez beýgelýärin saña bakamda,
Geljegi ajaýyp Aşgabadym sen.
Tereñ duýgulardan püre-pur howañ,
Seni dost tutanyñ durmuşy abat.
Dañlaryñ sazyna nagma gatyp sen,
Bilbiller mekany, janym Aşgabat!
20.11.2019 ý.
Wagt heññamy.
Güler ýaly zat barmy,
Ýa zat barmy geñläre?!
Wagtyñ goýan zatlarny
Gaýrat barmy ýeñmäge?!
Sözüñe düşünmedik.
Dymanyñda añlarmy?!
Tozanyna çümmedik.
Dumanynda agnarmy?!
Wagtyñ saly gamyşdan,
Örk neýlesin salsyzda?
Taryñ bolsun kümüşden–
Tans oýnasañ walsynda.
Wagt howlukmaç gezende,
Birsalym güýmär geçer.
Onda–erk,
Ne bar sende?!
Oýnuny oýnar geçer…
Dilegimmi el seren?!
Heññammy Haky gören?!
05.04.2019 ý.
Goşgularyma
Goşgularym!
Size siñdi ýaşlygym,
Uzaklary nazarlan gözüm boluñ!
Ýagşylyga gujak açýan şatlygym,
Sadalygym, agramym-duzum boluñ!
Ilden alyñ!
Mähriñizi hödürläñ,
Nygmatym siz,
gülmän miwesi düwýän,
Ýagyş deýin päklik suwuna ýuwýan,
Dogry sözüm–
Tuwagy ýüzüm boluñ!
Poeziýa çawuş çakdy:
«Pähim et»,
O döwürde bermedim kän ähmyýet,
Sizde eken dünýämdäki ak niýet–
Ir höwrügen ýoluma dözüm boluñ!
Tamdyradan asylzada heñ alan,
Jigerimiñ howuryndan eý alan,
«Watan» diýseñ aýak üstüne galan,
Gurşun guýlan kenek deý sözüm boluñ!
Açarym siz–köñülleri açmaga,
Saçagym siz–ýagşylyklar seçmäge,
Ýüregimden ganat berdim uçmaga,
Okanlara–ýylgyran ýazym boluñ!
21.04.2019 ýyl.
Sowgat ber maña…
Asmanyñ päkligi,
Dañyñ aklygy,
Ynsan kowmy üçin beýik dereje.
Maña mähriñ bilen ýekeje zady;
Türkmen säherini sowgat ber eje!
Türkmen säherini sowgat ber, eje,
Garagum hüwdüsi kalbymy ýuwsun!
Ümmülmez giñligi,
Düýpsiz çuñlugy,
Sahylygy bolup ykbalym çüwsün!
17.10.2019 ý.
Üç rubagy.
Ýol önse, Iş durman, butnasa ýagşy,
Çaman hile bilen utmasa ýagşy,
Gawun bilen çal oñuşmaz bir bada,
Bagşy iki ýoly gatmasa ýagşy.
Ylham gaznasyndan don gerek bize,
Meşrep diwanadan şan gerek bize.
Ynsan kalbyn pagyş-para eredýän,
Yşkana goşgular kän gerek bize.
Pähim ediñ, egni donly doglan ýok,
Tohum ekmän hergiz desse bogan ýok,
Sözüñ bilen hereketiñ deñ bolsun,
Bikemalyñ tagamynda
tagam ýok.
10.10.2019 ý.
Gutlag.
Bu kada;
Gutlamak birek-biregi,
Ýaş toýuna desse gül sowgat etmek.
Bagtly dogulmak hemmäñ dilegi,
Mazmunly ýol aşyp, ýüz ýaşa ýetmek.
Abraý eýesi bol!
Yrsgally ýaşa.
Öýüñ söýesi bol!
Bolmasyn ünjiñ.
Ömürylla agzyñ ýetende aşa,
Köküñe örk bolsun halal gazanjyñ!
05.10.2019 ý.
Ädim-ädim…
Durmuş diýeniñ erteki–
Hyýallar seriñi açýar.
Säwlikde goýberen hatañ,
Ömrüñ çuñlugyna gaçýar.
Gaçýar çuñlugyna ömrüñ–
Deşik jübä şaýlyk deýin.
Ynjalygyñ elden alyp,
Taplaýar, ýetirip eýiñ.
Eýiñ ýetse-kämillige,
Sapak bolar ýalñyşlaryñ.
Sen bolsa ýamar bararsyñ,
Ynanjañ kalbyñ yşlaryn.
Durmuş diýeniñ erteki,
Ädim-ädim taplanarsyñ.
Şeýdip, ýetjek menziliñe
Şatlanyp, abat bararsyñ.
05.10.2019 ý.
Aýdymçy gyz.
Güýz,
Oktýabryñ mahmal howasy,
Ýüreklere gülap ysyn sepende.
Senem çykdyñ «okuwa» diýp, owazy–
Bilbil kibi,
gözel, egniñ ketenili.
Misli jeren,
Duýgulañ deý tereñ sen,
Töwerekde saña bakýan gözler kän.
Emma, seniñ küýüñ-köçäñ: «Baramsoñ,
Haýsy nota haýsy heñi gözlärkäm?»
Aýdymçy gyz!
Erk-ygtyýar eliñde,
Şatlyk eçil, dünýäñ deý joşup-joşup.
Gaýna, saýra beýik döwrüñ heñinde–
Owazyña bagtyñ jadysyn goşup.
03.10.2019 ý.
Öwrümler
Ömür ýoly göni ýol däl,
Her öwrümde süññüñ gowşar.
Täze lybas göwnüñ götär–
Hyýallaryñ göge towsar.
Könelýäris, köp okalyp,
Ýalñyşlardan sapak alyp,
Kä pessaýlap, käte galyp,
Her menziliñ dürli öwser.
Ýaşlyk şatlyk deý seçiler,
Erem gapysy açylar,
Jana melhem deý içiler–
Göýä ki bir Abyköwser.
Kämilsiñ, aklyñ goýalar,
Seriñde paýhas oýanar,
Orta ýaş saña, daýanar
Ýada düşmez ýöwsel-ýöwsel.
Ýaşulysyñ–kämil eser,
Alnyñda garrylyk–ýeser,
Niýetiñ seni ýar eder,
Ýaş gidip menzili böwser.
Ine, şeýle ömür ýoly,
Öwrümleri syrdan doly.
07.01.2019 ý.
Watan hakda
Täze pikir, arzuwlara el berip,
Leji çykan endiklerden daş duruñ!
Täze günüñ dogulşy deý ýylgyryp,
Ädimleri şowly bijä açdyryñ!
Ýarty ýolda galmaz tutan tutumyñ,
Ynam bilen, pikir ýürege ýeter.
Berkemekde hormat bolsa usulyñ,
Abat ýoluñ menzillere äkider.
Artyk işläp,
Kemter bolsa nebisiñ,
Pespällikden zyýan çeken ýok heniz.
Watan hakda belent ýañlansyn sesiñ,
Bagt diýilýän şoldyr,
Şoldyr bilseñiz.
13.09.2019 ý.
***
Sen doguldyñ!
Toý tutuldy şanyña,
Seni söýüp, Näzik dakdyk adyña.
Ak ykbalyñ ylham goşsun janyña,
Durmuş sahnasyna çykan badyña!
05.09.2019.
Nakyla eýer!
«Aýazhan çarygyn» unudyp bormy–
Ädik ussasyzam oñaýmalymy?!
Geýýän köwşümiziñ burny ýa erni,
Çala sypjyrylsa zyñaýmalymy?!
«Isrip–haram» etmek çökder-teleke,
Bol-telki durmuşyñ oklan nysagy.
Tygşytly bolanda joşar bereket;
Kanagat, sabyrdan bezäñ gursagy.
«Kemlikde kemal bar»–
Köne nakyl bi,
Paýhasa imrinen gullar–akylly.
10.09.2019 ý.
Barabarlyk
Eý, başymyñ täji
Kalbymyñ ýoly,
Bu gün haýsy heñe owaz etmeli?!
Günüñ şöhlesinden eý alyp–
Doly
Aý nurundan içen dutar et meni!
Meniñ ylham silim meñzeş däl köpe;
Ýöne,
Söýgi kybap, birugsat gelşi–
Eý, eziz okyjym!
Gulak as gepe,
Biz ahyr dünýäniñ ýekeje ülşi.
Aýrylmaz synadyr ata hem perzent,
Watan hossar–
Pederiñ–penakäriñ.
Mukaddeslik bilen döreýär her pent,
»Dünýä dursun,
Dursun Watanym–barym».
Dünýä deý Watandyr «dünýä» deñelse,
Ikisi barabar dälmidir, eýse?!
26.08.2019 ý.
Durmuş–gores
(Jeki Çanyñ oýnaýan «Şägirt» atly
filminden soñ dörän setirler.)
Aýagyña kakyp,
Başyndan aýlap,
Ýere pylçap urar– läliksiretmez.
Bu durmuş ýeserdir çeni-çakyñdan;
Özüne asyl-ha egin diretmez.
Sen ondan alarsyñ alyp bileniñ,
Ýöne, olam seni ütelär barar.
Bir günem eşege tersa mündürip,
Ýykar!
Tozga kimin üflär goýberer.
Seniñ güýjüñ–täjiñ,
Gaýratyñ–atyñ,
Aýny pursat görkez paýhas tumaryñ.
«Ýykylan göreşden doýmazly» wagtyñ,
Durmuş notasyna sazlagyn seriñ.
Durmuş ýedi ýyksa,
Sen–ýetmiş daýan!
Ýeñişden el üzer özüni aýan.
31.07.2019 ý.
Aýlan ýalydyr
Ýürekdeşiñ duşsa söhbet küýsäñde,
Dünýä señ kalbyñda güllän ýalydyr.
Ýaz ýaly adamlar çogdur üşäñde,
Gönenen ykbalyñ çüwýän ýalydyr.
Şeýle adamlar bar, ýürege ýakyn,
Olar üçin açyk işigiñ, gapyñ,
Gara göz, mawy göz–däl çeniñ-çakyñ,
Ýylgyrşy gussañy kowýan ýalydyr.
Asman päkliginde ynsap diýeniñ,
Halal lukma bolsun iýip-geýeniñ,
Nesipli gün üçin aýap goýanyñ,
Bereket bagynda düwýän ýalydyr.
Nuhuñ gämisinde seýran bereýin,
Göz gidip, aklyña haýran bereýin,
Şygyr bossanynda saýrap bereýin;
Göýä bagt kölünde ýüzýän ýalydyr.
Näme bolup biler hoş sözden öñde,
Ýagşylyk eçilip uzalýan ömre?!
Diñe mähir girsin yşk paýlan köñle,
Muhabbet duýgyñy ýuwýan ýalydyr.
Jiger-jany halk heñine eýlenen,
Bijede utandyr söýüp öýlenen,
Köpüñ biri däldir öñe saýlanan,
Biribar nazaryn aýlan ýalydyr.
27.07.2019 ý.
***
Bir özüñ– bir planeta,
daşyñda
Ýüzläp kometalar edip ýör öwrüm.
Dünýäñ aladasy seniñ başyñda,
Bir ýerde duranok höwesjeñ göwnüñ.
Ýogsa bilýäs;
«Bikärden Tañry bizar»,
«Näme bolsa şo bolsunam» hasap däl.
Ölmese ýa bolmasa ýüzügara
Adam,
Añsat öçürilmez hasapdan.
Bir-birege bagly adam ahwaly;
«Ol eşekde ýüküm ýoga» dünýe dar–
«Ýekäñ çañy çykmaz» diýlişi ýaly,
Kowçum-kowçum,
Ýeke salda ýüzülýär.
21.07.2019 ý.
Arkadag–Watan
Şu Watan ojagyñ bolsun,
Bolsun düzleri saçagyñ.
Çöregi ölçegiñ bolsun,
Däpleri paýhas açaryñ.
Saña bir sowal ataýyn:
Ojagyñ, örküñ nirede?!
Köwsarla, örle arkaýyn,
Kararyñ haýsy derede?!
Kök ýaýradyp gatlaryna,
Gol gerer sen heran-haçan.
Kök-damar, argaçlaryña–
Nesiliñe arkadyr Watan.
11.07.2019 ý.
Ýaşlyk ýatlamasy
Durmuşyñ manysy näme?
Düşünmän,
Söýdük!
Akymyna siñdik, ylykdyk.
Kynçylyk garasyn görüp, haýykman,
Per bermän,
Maksatly ýollara çykdyk!
Dost bolduk «dost» diýip syryn berene,
Köpbilmişden ýaş-da bolsak el çekdik.
«Ýaşlyk» depderçämiz dolup dolmanka,
Çym-pytrak!
Herimiz bir ýerden çykdyk.
Diñe ýatlamada galdy o günler,
Görlen süýji düýş deý eredi gitdi.
Talyplyga küýseglikä göwünler,
«Ýaşlyk» ýazgylary döredilipdi.
Ýatlama öwrülen altyn çyragym,
Ýaşaýşa güýç berýär juwanlyk çagym.
08.07.2019 ý.
***
Şeýle adamlar bar,
Güneş mysaly,
Her gezek göreñde göwnüñi açýan.
Olaryñ mylaýym mahmal äheñi,
Bir bölek şapak deý kalba nur saçýar.
Şeýle adamlar bar aýsberg mysaly,
Zeýrense ümür deý garalyp barýar.
Iýniñ tikenekläp,
Nazar salanda,
Göýäki täleýiñ yranyp barýar.
07.07.2019 ý.
***
Durmuşyñ kanuny şeýle,
Göteriñ!
Goldañ!
Ganatyndan göteriñ merdiñ!
Görüp-bilip gelýäs arkama-arka–
Mertler ýüreginde çekýär il derdin!
***
Kalbymyñ hemrasy ylham perişdäm,
Gitme, sensiz giñ dünýäde ýeke men.
Öz dünýämde özüm galyp ikiçäk,
Garaşýaryn senden geljek sese men.
Tomus
Ülker aýaklady,
aralyk döwri,
Seretanam geler ýakyp- ýandyryp.
Tomsuñ jokramasy, asfaltyñ howry,
Körügünden kem däl gyzgyn tamdyryñ.
Dynç alyşa çykan çagalañ sesi,
Ýañlanyp bilenok,
Üzlem-saplamly.
Gaýzygan ýaýlanyñ belendi-pesi,
Günüñ hanjaryna kemsiz taplandy.
Ýaranyp bilenok ynsan janyna–
Sarymeñiz tomus gazaply bakýar.
Bereket eçilip, desterhanyña,
Tegelek nan bolup ýylgyryp bakýar.
17.06.2019 ý.
***
Klimat üýtgedi
Özgerdi dünýä,
Öñki çölüstany ýagmyr büredi.
Köpetdagyñ ýylçyr gaýalarynda,
Arçaly, kerkawly tokaý döredi.
Garagumyñ ürgün çägesin ýakan,
Hany, öñki ýalyn,
Tomsuñ epgegi?!
Günüñ güni çabga bilen ýuwulýar,
«Çoganly» ýolunyñ gök peçekleri.
Kawkazyñ daglary,
Rumyñ baglary,
Göçüp gelen ýaly ata mekana.
Klimat üýtgedi!
Ýagmyr köpeldi,
Nur-bereket ýagýar Türkmenistana.
16.05.2019ý.
***
Dek düýnem goşgynyñ agramy bardy,
Dokmañyz şygyrlar gerekdi köpe.
Ine, bu gün,
näme köp, pak goşgy köp–
Umumy goşgulañ harmany–depe.
Kebelekler gaýýar,
saýraşýar guşlar,
Ýaşaýyş gaýnaýar şowhuny bile.
Sözi gunt düşen deý sada şahyryñ–
Ýüzi öñe çykýar öz çyny bile.
Duzsuz tagam bilen deñ diýjek, men-ä,
Ylhamsyz aýlanýan gurak durmuşy.
Dünýä dursa,
şygryñ gymmaty gaçmaz!
Şahyr, bagşy döwrüñ şeýdaýy guşy.
14.05.2019 ý.
Uniwersitet ýyllary
84-nji ýyl ýyndam geçipdir,
Girdabyna dolap hyjuw-batlary.
Ýaşlyk üzlem-saplam ara açypdyr,
Ýatladyp çapylýan bedew atlary.
Edil sil suwy deý, ýaşlygyñ güýji,
Her kimi bir ýerden çykardy gitdi.
Gatlak-gatlak ýyllar–
Dañlaryñ süýdi,
Başa ak tozgasyn gaçyrdy gitdi.
Ýöne boş gitmedi arzyly ýollar–
Mañzy bol–göwheri, almazy utduk.
Uniwersitet ýllary– arzuwly ýyllar–
Baky ýaran bolar,
Sowulmaz öýtdük…
Guş sürüsi deýin uçup gidipdir,
Ýaşlyk duşumyzdan geçip gidipdir.
Uniwersitet ýyllary–
Bizi unudyp,
35 ýyl, ara açyp gidipdir.
06.05.2019 ý.
***
«Ak ýol syrdaş bolsun ýagşy niýetlä,
Ýene kän şahaly bagy bar bersin!»
Il içinde şeýle dilegler bardy,:
«Ýere dürten kesewisi gögersin!»
Kötel ýollarynda derbent bol derhal–
Mätäje gol uzat,
Ýagmyr bol çölde!
Ýagşylyklar bilen nurana ýol sal–
Il astynda galmaz bu depe-golda.
Howwa, ýene bir zat!
Ynam-ygrardyr,
Goçak ýigitleriñ ýürek baglany.
Goý, her kim añyna görä iş kessin,
Ýöne, sen bol,
Mert çynarlañ bagbany!
06.05.2019 ý.
***
Gujak-gujak şatlyk, dag ýarýan gülki,
Çülpe çagalaryñ üýşen ýerinde.
Jadyly ertekä çalymdaş görki,
Çülpe çagalaryñ üýşen ýerinde.
Duýmarsyñ neneñsi uçýanyn wagtyñ,
Synyñdan aslyşyp gelýändir bagtyñ,
Pür-pudak ýaýradar ömür daragtyñ,
Çülpe çagalaryñ üýşen ýerinde.
Göwnüñ çagalykda ýazylyp-ýaýrar,
Birmeýdan ser göçer, gaýratyñ gaýnar,
Sypjyk wagt señ bilen «bukullym» oýnar,
Çülpe çagalaryñ üýşen ýerinde.
02.05.2019 ý.
Hakyda galypdyr.
Menem ýaş bolupdym gözi uçgunly,
Köz ýaly gyzlaryñ biridim bir çak.
Ýöne o döwürler huşda galypdyr–
Hakyda galypdyr göýäki gurjak.
Menem ýaş bolupdym gözleri otly,
Maña bol düşendir öýtdüm şowlulyk.
Ýollara şaýlandym göze nur çaýyp–
Kämil ýola düşdüm daýym howlugyp.
Ýaş bolupdym,
Mawy gözi alawly–
Indi gül gyzlarda ajap keşbimiz.
Howada galmandyr mahmal ýaşlygym,
Bizi gaýtalaýar nowça neslimiz!
30.04.2019 ý.
***
Myźźyk,
Köçäñ ugry, agaçlar, jaýlar,
Ezilen adamlar barýar egilşip.
It-guşuñ aýagy çekilen ýaly
Meýdan–imisala,
Öçügsi yşyk.
Nädip ýagdy ýagyş,
Dünýä sygmady,
Ýyldyrymlap,
tüweleýläp,
dumanlap.
Ýanýodañ etegi kak suw ýygnady,
Gök ýere gaçdymy–
Bilmersiñ añlap.
Myźźyk,
Pikirleriñ, oý-hyýallaryñ,
Seriñde durlanýar elinje şatlyk–
Göýä paýraýşy deý gök hyýarlaryñ,
Ruhuñy terleýär gunçalan ýaşlyk.
Myźźyk,
Daş-töwerek,
Bar zady ezdi,
Men däl–
Öl gözýetim bir goşgy ýazdy.
19.04.2019 ý.
Bolan waka
Eý, guşjagaz!
Saña näme diýeýin,
Iým gerekmi,
Ne dileýär gözleriñ?
Säher bilen ýitireniñ bar deýin,
Göni gelip, ýanymdan ne gözlediñ?
Men-ä haýran,
«sen-men» ýok, ýene uçduñ,
Görejime bakdyñ, beýle dikanlap.
Sen, ýa-ha köp zatdan habarly guşsuñ,
Ýa sowuldyñ,
geçen ýoluñy tanap.
Aýt, guşjagaz,
Haýsy dünýäden düşdüñ?
Kimiñ ruhy,
Kimsäñ gözünden uçduñ?!
17.04.2019 ý.
Ebedilik
Gün aýlanýar,
Ynsan kowmy ýaşap ýör,
Bir-birege asylyşyp,
söýenip.
Oýlanyp gör!
Heý, neneñsi ýaşap bor,
Il-günüñe sygynmasañ, oýanyp.
Endik edýär,
adam söýüp-söýmäni,
Töwerekden edim-gylym alşylyp.
Ýel göterer guma ýazlan öýkäni,
Daş ýüzünde ebedidir ýagşylyk.
01.03.2019 ý.
Ölçeg
«Hasaply dost uzak gider» diýilýäp,
Hasap-hesip gerekmikä şu ýerde?!
Ölçäp-büçip ýörsek her bir ädimi,
Hasap ýiter,
Goýar adamy derde.
Dosluguñ çygry giñ
Garagum deýin–
Jeýhun möwji gulaç ýeterden çuñdur.
Ölçeg bolup saçak dursa arada,
Dostlugyñ sarpasyn sakladygyñdyr.
22.02.2019 ý.
Uçurym
Ýene ýarym asyr,
Ençe ýyl geçip
Aý-ýyllarda göçüp,
Daňlary açyp
“Sen niräniň uçurymy” diýseler
Bäş ýyllap her säher bosagasyndan
Talyp ýüregimiz ganatlap uçan,
Bagtyýar günleriň ylhamyn içen,
Ak kepderi deýin Bilim mekdebim
Döşi haly gölli goýnuň küýseler.
Ýaňy per çykaran gögele çagym
Mährem gujagyňda tapdym karary.
Howandar ganatly bilim ojagym,
Ýüz dürli hänärden doly gujagyň
Ata-enäň hemaýaty gözünde,
Kesp-hünär öwreden mugallymlarym.
Mertebeli ýola göterip bizi
Ýene bir menzilde garşy alarsyň
Hormat ýaýlasynda duşurmak üçin.
Ak guw ýaly,
Ak dünýäli,
Gün ýaly
Bu gün gözi sende Uçurymlaryň.
Bagtyň asmanyna uçuranlaryň.
Sende adam çykdym,
Çyragym ýakdym
Bagtyýar döwletiň belent heňine
Buýsanjymy goşup,
Sil kibi joşdum.
Dünýäň heňin ýüregine sygdyryp
Ýiti,
kesgir,
ötgür aňa erk edýän
Arkadagyñ nesli bolup ýetişdim.
Uçurymlaryň aýdymy
Iň soňky jaň, durmuşa ýaň,
Ýollar bize gujak açýar.
Talyplykda bagtyýar daň,
Aňymyza şugla saçýar.
Bilim köşgüm-institutym-
Biz seniñ adyña aşyk,
Uçur bizi, seç, paýtagtym,
Ösmeli biz menzil aşyp.
Arkadagym – ýola salýar,
Gowşuryp ylmyň açaryn.
Bagtyýarlyk mukam çalýar,
Ýoluň ak bolsun uçurym.
Iň soňky jaň, bagtyýar heň,
Hoş gal mährem ojagymyz.
Uzak-uzak synaglardan,
Müň hünärli gujagymyz.
Tilsimata erkli ýaşlar
Ýaryşlarda öň hatarda
Göredämiz Arkadagym,
Ýaşaýyş elwan baharda.
Arkadagym – ýola salýar,
Gowşuryp ylmyň açaryn.
Bagtyýarlyk mukam çalýar,
Ýoluň ak bolsun uçurym.
Diñläñ!
Diñläñ!
Ýüregimde bir mukam oýnap,
Golaý-goltum, töwerege saz edýär.
Otursam göterip,
Galsam-da gaýnap,
Gursagymda «menim» bir owaz edýar.
Barlyşyksyz jedel edýär men bilen,
Hötjetligiñ çeni-çaky bardyr-a;
Bol ýagmyra pujaýarmyş sünbülem,
Garga «gak-gak» diýse ryskyn aldyrar.
Köne ýatlamalañ harmanyn sowrup,
Gögele men bilen didarlaşdygym;
Daşlaşýar özümden ýüzüni öwrüp
Bir wagt umma giden terje ýaşlygym.
Beýle bolup duranogam hemişe.
Käte özüñ bilen üýnüñ alşanok,
Elewreder,
Kalbyñ–öýe, sen–işe.
Düşüniñ!
Şularsyz günem çalşanok.
Hormatyñyz üçin ejir çekemok,
Guwanýan, parh edip arzylasañyz.
Hiç wagt şor ýere däne sepemok;
Meniñem «menim» bar arzym alsañyz;
Ol, «men-menlik» diýýäni däl, türkmeniñ,
Adamlara paýlap,
Bagş eden «menim».
21.02.2019 ý.
Biziñ neslimiz.
Ulularyñ bar islegi her zaman;
Dowam bolsun,
Dursun diýýär aslymyz,
Ýedi arka dessur bilen eý alan,
Edep-ekram, añy bilen eý, aman!
Özümizi gaýtalaýar neslimiz.
Ula hormat,
kiçä sylag,
güýç-gaýrat,
Ejize hemaýat–
Adyla şaýat.
Bar ýerinde,
Gülşendir bar paslymyz.
Alkyş bilen ýalkanandyr aslymyz,
Özümizi gaýtalaýar neslimiz.
19.02.2019 ý.
Tuguñ reñki sepilen…
Howa tämiz,
Ýöne asman bulaşdy,
Elbetde, bu şerti alabaharyñ.
Adamlaryñ didesinde gül açdy,
Şady-horram görki jümle-jahanyñ.
Hä diýmänem,
Çigildemden görk alar,
Ysmanakly, kömelekli hataryñ.
Ýaýlalar, takyrlar, düzler, alalar…–
Tuguñ reñkin geýen keşbi Watanyñ!
Ýagşy arzuwlar
Säher dilegleriñ ýerde galmazmyş–
Bitmän galjagy ýok bolsady ekseñ.
Dañdanyñ melhem deý tämiz howasyn,
Hazyna tapan deý öýkene çekseñ.
Iñ gyzykly ömür berildi serpaý
Köp yhlas siñdiren ýaşlygma derek.
Akyp giden ýyllar!
Ber maña, ber paý!–
Ýaşlygym getirjek baş durna gerek!
Ilki iliñ çagasyna bagt diläp,
Özüñkinem il sanyna goşarsyñ.
Il-günüm, tugumy abadanlykda
Ýagty günler ak ýollara atarsyn!
14.02.2019.
Sazlaşyk
Fewralyñ howasy özüñe belli,
«Eşek öldüren gün»» gownüñi aldar.
Uzak ýaýlalaryñ goýny ygally–
Sürüsin neneñsi bakýarka maldar?!
Gyş bolup dolandy, tebigat ýene–
Meñzänok gül-pürçük, mahmal geýene.
Özi peri bolup geýen eşigin,
Ak nur bile çalyşmazmy diýsene?!
Zanny kyrk tüýsli gyş aýaga galýar,
Kä ýylgyran bolýar, bahara kybap.
Görsene, her kimi aldawa salýar
Gyşyñ örküjinde asman ýalbyrap.
Gyşyñ päkliginden gönezlik diläp
Ýazyñ gül seçmegi gyşyñ elinde.
Dünýä gyşdan çykýar arkasy ýylap,
Ýere ýyly gidip, nowruz gelende.
06.02.2019 ýyl.
Obam
Mahmal bägülleriñ ysgap ulaldym,
Paýhasyña uýup goýaldym, obam.
Ganatymy ýaýyp, belende galdym–
Men seniñ ruhuñdan gor aldym, obam.
Hossarym sen, gujagynda göteren,
Bossanym sen, kalba ylham getiren,
Dessanym sen–bagşy gaýryp oturan,
Aýdymlaryñ bilen ulaldym, obam.
Ýaryşlarda orden, medal öñürtlän–
Gök gäwmişiñ owuz süýdün owurtlan,
Ýürek örküm,
Şol köneje höwürtgäm,
Ruhuña baş egýär perzendiñ, obam.
Sen ezizsiñ,
Saña taý ýok mähirde,
Juwan öwsüp, toýly gün deý pasyrda,
Arkamdakañ buýsanjañ men asyl-ha,
Mähriñe jogapdyr her bendim obam.
16.01.2019 ý.
Meniñ sesim.
Durmuşyñ gözýetmez giñ sahnasynda–
Bigäneler maña: «Wah, güñ-le»-diýer.
Sesim–Ýyldyrymyñ çabratmasynda–
Asmanda melekler köp diñlediler.
Çasly çeşme kybap–
Heñim täsin, ter–
Düşünen saz ýazar aýdymlaryma.
Başarsañ baş atyp, goşul,
«Hä»-sin ber–
Ýa… ga:l,
Aýak goşma ädimlerime!
Pent bolsun!
Bir gopbamyñ märekede
göterlip,
Sähel zada çişip,
donuna sygman,
Gözgyny hem ýeñles bolşun unaman,
Biedepden ýalta janyn gynaman,
Göz-görtele il gözünden, ynamdan,
Beter ýerem mertebeden gaçmagna,
Köre-körlük edip bilmän,
çydaman,
Bir ýaşuly bat beripdir sesine;
–Uly barka töre,
Il barka zere,
El urma tabaga,
rugsat soraman,
Ýol külterle töweregñe garaman–
Baş aýlanmañ geçer gider dessine,
Kiçi pällik aýlar seni essiñe,
Heran-haçan gulagyña bent bolsun,
Görüm görse, ärler dolar hatara,
Nesle wesýet,
Özüñe-de pent bolsun!
09.03.2019 ýyl.
Janly görnüş.
Görküne gelipdir bu gün gözýetim,
Serçe basdy goja tuduñ depesin.
Töwerekde eli haltaly zenan,
Çöpleýär daşaryñ hapa-hupasyn.
Üýtgeşik bir pelsepe ýok, nakyl ýok,
Ýöne durmuş dowam edýär gyzykly.
Köçelerden akýar adam akymy,
Her biri geñ,
dünýä ýaly gylykly.
Ine, şular ýaşaýyşyñ sütüni,
Aladalar bilen dokalan durmuş.
Täze günüñ sahabynyñ gatyny.
Şu hereket açýar,
Şu janly görnüş.
29.03.2019 ý.
Tebigat şalygy
Dañ säheriñ owazy,
Kuwwat berýar janyña.
Diñläp-diñläp bu sazy,
Mukam dolýar añyña.
Uklap ýatan şäheri,
Gün şöhlesi oýarýar.
Oýnap-oýnap baglary,
Ýaşyl dona boýaýar.
Kindiwanja kömelek,
Göge boýun uzadýar.
Nurdan doly töwerek,
Müñ dürli owaz edýär.
Mele suwly derýalar,
Ýaz yşgyna gaýnaýar.
Gün şöhlesi daglaryñ,
Üstünde tans oýnaýar.
Gaty ökdelik bilen,
Buýurýar öz dilinde.
Kanunyny–çem-gelen,
Amal edýär elinde.
Hökmürowan tebigat,
Sen neneñsi güýçli sen?!
Ýadamazak perizat,
Nämeden gözbaşly sen?!
01.04.2019 ý.
Nurana tebigat
Süýr depäñden suw akytdyñ ýap-ýañy,
Deñsiz-taýsyz owadan sen şu pursat!
Tebigatym!
Gül dakylan ýakañy,
Nusgalyk ber,
Täç edeýin, ber rugsat!
Sen dünýäniñ iñ owadan mukamy,
Baýlyklaryñ gyrmalanan dükany–
Görküñ bilen jadylapsyñ ülkämi,
Tebigatym!
Nurana sen şu pursat!
Aşyklaryñ ser sämeden heseri,
Jahyllygyñ meý-mes edýän eseri,
Megerem, sen şahyrlaryñ ýeseri,
Tebigatym!
Türkana sen şu pursat!
27.03.2019 ý.
Ýatlamalar
Ýarygije,
Ukuda bagt şäheri,
Pikir bary akyp geçýär seriñden.
Ýada düşýär studentlik bahary–
Juwanlygym asla çykmaz serimden.
Damja-damja çekiber sen başyña–
Derýada suw,
Şahyrda goşgy gytmy?!
Emma gijäñ ylhamy özbaşyna.
18-im barýar egni çabytly.
Ýarygije,
Ak Aşgabat abadan,
Pikir bary hüjüm edýär erkime.
Goşgy küje,
Şu pursat ýatlamadan
Kalp püre-pür,
Sygmaz ylham şertine.
Ýatlamalar–süýji düýşüm, syrdaşym,
Tenhalykda–söhbetdeşim, ýoldaşym.
19.03.2019 ýyl.
Synlamak
Säher bilen,
Dañyñ ümüş-tamşynda,
Bilbil saýrap, goýar ýerde goýanok.
Yzysüre üýren köpegiñ sesi,
Ýañky guşa «Barmysyñam» diýenok.
Beýleräkde balhy tuduñ üstünde,
Jübüt gumry–
Bir-birine hemaýat.
Pişik añtap, tutmaklygyñ kastynda–
Gören göz eşiden gulaga şaýat.
Polat kanuny bar tebigatyñ-da,
Tilki, şagal şir awuna el urmaz.
Bal suwly derýalar çasly akymda,
Şüñkar guşlar hergiz kapasda durmaz.
17.03.2019 ýyl.
Gardaş diýjek…
Gardaş diýjek,
Sebäbi– siz ildeşim,
Maña ýat däl siziñ duýgy, halyñyz.
Çet ülkede, ykbal çekip del Ilde,
Eglenenler,
Niçiksi ahwalyñyz?!
Duýulýarmy mähir ýetmezçiligi,
Ýa -da ýürek isleýärmi çogly Gün ?!
Gaýry iliñ ýatdyr edim-gylymy–
Ýat ülkede, ýüregi siz ilimiñ.
Gardaş diýjek…
Siz ilimiñ perzendi–
Topragy nesline tumardyr, şandyr.
Watanyñdan bäş gün üzñe örleseñ,
Gursagyñda ýurt duýgusy möwjändir.
Watana dolasyn ganatlañ bady,
Çünki, siz gaýduwsyz mertleñ zurýady!
04.03.2019 ý.
Durmuş sapagy
Paýhas öz-özünden kütelýän däldir,
Muny her hal tekrarlady danalar–
Ganymydyr, ýagysydyr akylyñ,
Samsyk samramalar,
Boş ýañramalar.
Akyl satdyk,
Birazajyk samradyk,
Ýöne, üstünlikden baş aýlamadyk.
Sadadyk, gümradyk,
Käte gyñradyk–
Garaz, kynçylykda az gaýnamadyk.
Köz ýalydyk;
Öñ hatardan galmazdyk,
Käsi diýdi: «Ýiti gyzyl tiz solar».
Taplanmaz durmuşdan sapak almadyk–
Zer nur saçar zibile-de atsalar.
17.02.2019 ýyl.
Ýagyş ýagýar…
Ak bulutdan nurly hünji üzülip,
Gözellige dönüp älemgoşarda.
Eneleriñ hüwdüsine düzülip,
Ýagyş ýagýar,
Ýagyş ýagýar daşarda.
Akyp barýar üçekleriñ üstünden,
Ýollaryñ üstünden–
Päklige tşne,
Aygulaklañ, peçekleriñ üstünden,
Ynsan göwni şu hal ak Güne teşne.
Bakyñ!
Ýaşyl saýawanyñ astynda,
Jübüt gumry yşkyñ taryna dañlan.
Gökden çemen ýagýar,
Ýagmyr bol ýagýar,
Tebigat toý tutýar bahar paslynda
Ýer-Gögüñ arasy,
Toý bolup ýañlan!
«Edebiýat we sungat» gazeti.
21.03.2008 ýyl.
Ykbal
Dünýäń gapysyndan ätlän pursadyń,
Ykbal taýyn eder oturjak ýeriń.
Bir agyz hoş sözüń yzyna düşüp,
Gidersiń
Gidersiň sämedip seriň.
Aç eşege ýükdür,
Arkaňa urlan,
Menzil öndügiçe agralar barar.
Durmuş ejizleriň ýarany däldir,
Baldyryňa görä aýlawna salar.
Kä şagalaň-şowhun,
kä ýeňil tüsse,
Garaz, her söý bilen güýmär ömrüňi.
Birsydyrgyn bolsa gyzygy bolmaz,
Munda göçüm edýär ykbal öwrümi.
Bir desse çemen deý täsin pursatlar.
Ýagýar, duýgy bolup kalbyña ýagýar.
Ýagşylyk, alkyşdan düzülen ömür,
Adyñy ebedi hormata ýazýar
Watan ekeni…
Çagakam gulpagmy ýele tasadyp,
Bökdüm aýakýalañ urpaklaryñda.
Watanym!
Gül görküñ bile bäs edip,
Saýradym seniñ şat pursatlaryñda.
Düşünmezdim, Watan näme, ýurt näme,
Halk nämediginem añlamazdym öñ.
Söýdüm topragymyñ halal duzuny–
Päkligiñ gymmatyn añlamazdan öñ.
Hüwdüden gözbaşly mähriñe suwsap,
Çekdim aýagyma batan tikeniñ.
Watanym!
Ojagmyñ mukaddesligi,
Örk bolup zandyma ornan ekeniñ!
15.12.18 ý.
Oýlanma
Oýan, adam!
Aç gözüñi!
Ugur hanjak baýlyk gözläp?!
Boýnuña al, heý özüñi,
Diñlediñmi sen ezizläp?!
Örküñ–ojak, iş-alada,
Ýükçi sen,
Öýlenen bada!
Saglyk haçan düşdi ýada?–
Nurbat gowşanda ejizläp.
Sygynyp Tañryñ adyna–
Şatlyk eçil ýakynyña,
Dogan ýetişer kynyña,
Emer-damaryn yzarlap…
Okap dür saç, mañyz-many–
Gor ýygnap, menzil aşmaly,
Durmuşa sesiñ goşmaly,
Dutary şirwana sazlap.
Ser säpjedip hoş hyýala,
Çelgi bol, maksatly ýola,
Dert-azar deñlener nola,
Ykbal çüwse ömri ýazlap.
06.01.2019 ý.
Çakylyk
Gyşyñ örküjünde ýagybersin gar,
Men ondan gorkamok,
Goý, ýagsa ýagsyn!
Togsany dolan soñ, bugarsyn yzgar,
Pyntyk çyzan baglañ başy agarsyn!
Gezekli-gezegne aýlansyn aýlar,
Pasyllar dolansyn nobatma nobat.
Her pasyl özüniñ çarhyny aýlap,
Bagtyýar ojaklar goý, bolsun abat!
Gün çykyp,
aý dogşy bolsun zyýada,
Gygyrmaly wagty horaz gygyrsyn!
Men garşy bolýaryn adaty kada:
Dosty ojagyña ýürek çagyrsyn!
03.01.2019 ý.
Täze ýyl arzuwlary
Şatlyk deýin açyk bolsun ýoluñyz,
Didäñizde gam ýüzmesin, ýüzmesin!
Gyzyñyz–uz,
Goçak çyksyn ogluñyz,
Yrsgalyñyz bir gämikde müñlesin!
Kyrk gulakly toý gazany lasyrdap,
Palaw, manty–hezzet bolup gaýnasyn!
Mähribanlar!
Oýnañ tug deý pasyrdap–
Ýedi arka döwletiñiz baýnasyn!
01.01.2019 ý.
Çal, sazanda!
Golun çyzgap,
Mukamyñ humaryna,
Gözün sözüp çaldy sazanda ýigit.
Ýuwaş-ýuwaş ýetdi «Ýyldyz dagyna»–
Dutaryñ üstüne başyny egip.
Gara dere batdy
«Saltyklara» çen–
Owaz alyp gaçýar, sazanda kowýar.
Kümüş perdelerde– «Humarala» heñ
Ýüregiñde gaýnap, kalbyñy ýuwýar.
Çal, sazanda!
Silkip ylhamly seri,
Diñmesin,
ýeñlesin,
diñlesin ülke!
«Ak eşekli». «Ýusup owgan», «Kepderi»…
«Söýli halany» çal,
Saz söýer halka.
24.12. 2018 ý.
Dañ sazy.
Saba säher,
Penjiräniñ öñünde,
Ak sabanyñ aýdymyny diñledim.
Peýwagtyna gezip ýören itleriñ,
Şol owazdy aýagynam ýeñleden.
Diñşirgenmek bilen oñar ýaly däl,
Kalba hüjüm edýär duýgyñy gorsap.
Tebigatyñ güýji bolar ýaly däl–
Mahmal owaz barýar durkuñy örtäp.
Bilseñiz,
dañdanyñ ümüş-tamşynda,
Hüwdi owazy bar–Käbeler aýdan.
Ýöne-möne bolsa,
Ýaş gaýdyşanda,
Dañdan äpişgede durmazdy adam.
20.12.18ý.
Tanyşlaryma.
Tanyş adamlarym,
Tanyş gözlerim,
Howa, ot, suw– ýaşaýyşda kürek siz.
Ülüşi siz «il», «halk» diýen sözleriñ,
Depäm üzre asman deýin gerek siz.
Biriñiz–obadaş,
Biriñiz–işdeş.
Ildeşim siz, alyslarda sataşsam.
Hemmäñiziñ didaryñyz mukaddes–
Sada ýüregiñiz çogly ataşdan.
Didäm bilen gujak açýaryn Size,
Parhy ýok,
haýsy dil–salamlaşsañyz.
Hornatymyñ baryn seçýärin Size,
Tanyş adamlarym, salamdaşlarym.
Siziñ bilen il men,
Duzdan öwrendim–
Päklige eýlenen sada sözlerim.
Sözüñ tagamy deý ajaýyp kendim
Tanyş adamlarym,
Tanyş ýüzlerim.
Ýürekdeşlik.
Maña juda ulumsydyr öýtmäñ,
Käte-käte çaga ýaly sada men.
Çagalygyñ dünýäsinden bezikmän
Şady-horram bolup bilýän ýadaman.
Maña juda ulumsydyr öýtmäñ,
Käte diýýän:
«Çagalykda ga:lan men.»
Kir-kimirsiz asman ýaly arassa
Tämiz dünýäñ päkligine galan men.
Uly ýürek,
Kiçi pälim–ganatym,
Müşgüle azm urman yzyma gaýtman.
Kalbym bilen Size ýakyn halatym
Maña juda ulumsydyr öýtmäñ.
Gelin
Sazy:
Röwşen Nepesowyñky.
Ýerine ýetirýär:
Bagtyýar Gutlyýew.
Yşga suwsan gerçek ýigide,
Altyn çeşmäñ suwy gelin.
Köñle aram-kuwwat bolan,
Bagt kölüniñ guwy gelin.
Bägülden näzik jemalyñ,
Jadylady jiger-janym,
Ol jenneti gülüstanyñ,
Gunçasynyñ güli gelin.
Lebi şeker-bal getiren,
Ýañagynda hal oturan,
Saña sary böküp duran,
Ýürejigmiñ közi gelin.
Pyýala gözler nur saçar,
Nyşan alsañ huşum göçer,
Ýyldyz kibi ýanyp-öçen,
Gözelleriñ uzy gelin.
Sadaga bolsam adyña,
Yşkymy pyşyrdap saňa,
Sensiz ömür haýyp maña,
Sen-sen bagtyñ özi gelin.
Aziada türgenleri çagyrýar
Ak şäherim Aşgabadym,
bagt heňinde saýraýar,
Olimpiýa şäherçesi hyjuw bolup gaýnaýar,
Sagdyn durmuş, güýç, gözellik,
Gujagynda Watanyň
Arkadagly türkmen ilim sport ýolun saýlaýar,
Tug parladyp çagyryp dur myhmansöýer Aşgabada
Magtymguly arzuw eýlän jennet mekan Aşgabada.
Arkadagym Şamçyragdyr — ýollarymyz ýagtydyr
Türkmenistan jan Watanym dost-doganlyk tagtydyr.
Belent ruhy joşguna gel,
Dünýä bizi diňleýär,
Göreş, sambo, tennis, konkur… hyýallaryň ýeňleýär,
Merjen şährim gujak açyp,
Toý suprasyn aýlaýar,
Arkadagly türkmen ilim sport toýun toýlaýar,
Aziada, Aziada
täze mukam aýdym-saza,
Belent ruhly çempionlar
Eýe bolýar şan-şöhrata.
Aziada, Aziada
Sarpa goýýar güýç-gaýrata.
Aziada, Aziada
Şöhrat bolsun Arkadaga
Ýylgyryñ!
Ýylgyryñ!
Şu pursat dünýäni undyñ,
Açylsyn kalbyñyz gülälek deýin.
Adamlar, şatlyga gezek gelende,
Iş-aladañyzy bir ýana goýuñ!
Yşkdan ýüz öwürmäñ hergiz adamlar,
Mähirsiz ýollaryñ gapysyn ýapyñ,
Söýgi üstüñizden mähir ýagdyrar,
Gözlerde azaşman taýyñyz tapyñ!
Bir ömre çyn söýgi,
Ullakan söýgi,
Söýgüsiz kalp dünýäñ buzuna düşer.
Söyülýän göreçler owadan bolýar,
Ýürek bir bakyşyñ yzyna düşer.
Her name-de bolsa, käte näz edip
Ýüz öwürýäs köräp duran ýürekden.
Yşk bilen bir pursat ýüzbe-ýüz bolan
Diýer ýörer,
Yşksyz ömür gerekmez.
Ýylgyryñ,
Oýlanyñ,
Nämüçin geldik,
Şu soraga jogap bolsun ädimler.
Öz- özünden mukam çalyp ýañlanyñ,
Durmuş toýdur,
Şatlanalyñ adamlar!
Saňa
Ýüregi päk,
göwni ýüpek serwerim
Duýdum bu gün ýüzüňde gam ýüzenni.
Algyr peleň tukatlyga per bermez
Elesleme, göýä altyn üzeňňi.
Bardyr munda yssy-sowga döz gelip
Pollat kibi çat açmaýan ternawlar.
Gerim sende,
ýaýra äheňi ýazym
Sesiňe döneýin bal heňi sazyň.
Ganat berdiň howalada göterip
Ýylgyr didäm, maňlaýyňdan öpeýin.
Şatlygyňy al-asmana ýetirip
Ýüregiňe bagt nuruny sepeýin.
Aklygy goraň!
Bakmaly ÿerinden baksyn altyn Aÿ,
Çykmaly ÿerinden çyksyn tylla Gün.
Gezekli-gezegne aÿlansyn çemçe,
Gaýtalanmawersin şu güne derek düýn.
Peselmäge hiç kesi duçar etme,
Ala kopek öz ÿerini saklasyn.
O ÿollarda görünmesin naçaryň,
Her ojagy ojakbaşy eklesin.
Üzeňňä galansoň, pälwan mertebe,
Ÿagyrnysy ÿere degmesin taÿyp.
Bürgüt ÿigitleri nowça gülüne,
Bir ömre bir gezek eltsin mysaýyp!
Ynsan ömri-daragt-
Misil al şundan–
Bala durup güýzäñ,
Kök urup ýaýrañ!
Bir batman päklige –
ÿekeje mysgal-
Goraň!
Garalykdan aklygy goraň!
Bedewim
Bagtyýar sen,
Menzil düýrüp uçar sen,
Şowly günüň şaýady sen bedewim.
Dünýe maly taý görülýär şanyňa
Sen dowrümiň ganaty sen bedewim.
Arkadagym besläp zere, altyna,
Bagtyýarlyk alyp geldiň bagtyma,
Döwre kybap bat beripsiň halkyma,
Bagtyýarlyk kyssasy sen bedewim.
Töresi sen, aýlawlaryň, toýlaryň,
Baýramlarda deprek kakar toýnagyň
Şatlyk guşy — täze ruhly öýleriň,
Edermenlik nusgasy sen bedewim.
Beýik-beýik maksat besläp göwnüne,
Ýalkym saçyp, Bagtyýarlyk döwrüme,
Arkadagym joşa gelýär oýnuňa,
Watanymyň Şöhraty sen bedewim.
Minnatdarlyk
Minnetdar men,
ýagşylykda ýatlana,
Ak gapymdan
alkyş bolup ätläne.
Asmanymda
kuýaş bolup parlana,
Ykbalymyň
altyn suwun durlana.
Minnetdar men,
dowam beren Allama,
Zybanyma
Hak kelamyn ýollana.
Menzilime
çelgi bolan zyýada
Tarym düzüp,
ýola salan ussada.
Saçagymyň
halal duzun dadana,
Minnetdar men,
Kyblagähim Watana.
Beýiklige tagzym
Şapak gyzaryp, ot alan ýerden,
Ýagtylyk ýagýar.
Baky ýaşaýan çynaryň başy,
Asmana degýär.
Synlasaň ynsan, pikir şänigniň,
Maňyzyn ýygýar.
Garagumyň go:r mähir ummany,
Göwnüňe sygýar.
Jeýhunyň möwji kanagat bolup,
Ýürekden çogýar.
Watan höwesi agzybir iliň,
Kalbynda dogýar.
Beýik parasat bitewiligiň,
Başyny bogýar.
Gör, Köpetdagym ýeri nazarlap,
Oňa baş egýär.
Eýlenip, ýüregňe ýag dek siňipdir,
Lybasyň sypaýy,
durmuşyň sada,
Sadalyk ykbalyň bolup gelipdir.
Sen — sada,
Sadalyk on iki süňňüňde,
Päk kalbyň törűnde tuguny dikdi.
Hökmürowan bolup,
ömür ýodaňa,
Şaýollary çekip, elwan gűl ekdi.
Paýhasyň beýikdir goja dünýäniň,
Garly daglarynyň belent başyndan.
Hem-ä elýetmezdir,
hem düýpsiz umman,
Boýla:ryňdan çuňdyr,
çuňdyr çakyňdan.
Bilýäris,
pespällik, kiçigöwünlik,
Saňa Ylahymdan ýeten paýdygyn.
Sada kalpdan çykan ömrüň senasy,
Lebizlik-döwletiň,
Il-gün-baýlygyň.
Beýik açyş — Margiana
Dogduk Diýarym sen-
Köňül mesgenim,
Ilkinji ýaşaýşyň owazy sende.
Gadym ýazgylaryň syry görünýär,
Guba çägäň serpip ýeller öwsende.
Beýik Ylym Paýhas bilen goşulyp,
Aýan bolýar
bizden gaty daş geçmiş.
Atlantida-rowaýatyň şöhlesi-
Marguş, Goňur ýaşaýyşa bat goşmuş.
Şaýadydyr toprak Beýik geçmişiň-
Gatbar-gatbar asyrlaryň beýany.
Han, begleriň, asyl şalaryň ýurdy
Syryn çözläp
haýran edýär dünýäni.
Giň jahanyň görejini nazarlap
Margiana öz syrlaryn açyp dur.
Beýik açyş-
Iň gadymy medeniýet
Dünýä sary derwezesin açypdyr.
Jedelsiz baý taryh ykrara gelýär,
Ygtykatly alymlaryň öňünde.
Watan!
Buýsan Watan!
Beýik geçmişiň
Sugla saçýar ýaşyl tuguň deňinde.
Gaflat gözün açýar-
taryh oýanýar-
Ylym ýüzün tutýar bakyýa sary.
Zeminiň zer sahaplarna jan berdi
Beýik Zaman- geçmişiň hak hossary.
Bu illeriň göwni Güneş
Ir turup ir pişek uran-
Hasyly ir ýygnan utar.
Pellehana ýetmek üçin,
Aýlaw syryp ylgan utar.
Kerwen ýükün ner göterer-
Ýola düşse hatar-hatar.
Ertir dogjak şapagynyň
Nurunda galkar Günbatar.
Dolansa döwran eglener,
Ýazlaryň göz owasynda.
Husnun görüp dil baglanar,
Yşk bar Ruhy howasynda.
Bal ýygnaýan bal arylar,
Bossanyndan sowa geçmez.
Her goçagyň maraly bar-
Özgesine syny düşmez.
Çatynjalar – döwrüň görki-
Birisi-ýag, biri-de bal.
Oturma-da, wasp et, göwün,
Galamyňy al, ele al.
Köşegi nerine meňzeş-
Töresi bar — asla çeker.
Bu illeriň göwni –Güneş-
Zybany — bal, sözi-şeker.
Asman owsuna owsuna,
Gijeleriň näzin çeker.
Ruhubelent türkmen Gökde-
Humaý,
Ýerde — yşk deý göçer.
Görüner
“Ýaşaýyş ýaryşdyr” – durmuşyň pähmi,
Azapdan ätleseň, rähnet görűner.
Kämillik ummanmy, teýi, çägi ýok?!
Onda gulaçlasaň, paýhas görűner.
Derläp gazananyň zowky eşretdir,
Ýeriň gűlýakasy sähraýy deştdir.
Wagt eýýamlara çäkdir, serhetdir,
Űstűnden ser salsaň, Heňňam görűner.
Ýagşyzada bolmaz seri serhoşlar,
Owalsyz-zowalsyz bolmaz bet işler.
Kelemenläp gaýtsa, gaýadan daşlar,
Soňsuz ahmyr bolup, uçgun görűner.
Dil owsaryn çeker, serdäki paýhas,
Göçmäge göçgűndir, jigerdäki ses.
Ganatlanan çagy gögele höwes,
Pel-pelläp uçmaga, Asman görűner.
Sypaýylyk mahsus ynsan ähline,
Bilseň,
yňdarmalyk nogta aklyňa.
Deňesem ummany peder pähmine,
Umman
juda, juda ýalpak görűner
Köňülleriň nury
Döwlete şan beren şanly ýyllaryň,
Watan gaznasynda altyn hasaby.
Enweri behiştiň gunçasy deýin,
Açylýar ýene bir ýylyň sahaby.
Ykbaly göterýän nurly ýyllaryň,
Bagt kerwenine tirkeşin goşup,
Dòwletli Watanyň Altyn Asyrnyň,
Bereketli ýyly,
ak ýola düşüp,
Köňül nagmasyny düzüp bir tara,
Mübärek gadamyn goýýar Diýara.
Eziz sen!
töre geç,
saç keremiňi,
Owadan,
nurana, sen Täze ýylym!
Taňry penalaýan Türkmenistanyň,
Bagty bol,
Köňlüniň çoguna ýylyn!
Asman nur,
zemin nur,
kalplarda ak nur!
Nur-bereket bolup ýagýar sahawat.
Köňül aýnasynda keşbini görýän,
Durnagöz asmanly ýurda togap et!
Ýaňy dogan aý deý,
durulyk bilen,
Geliber, Täze ýyl, didarlaşaly.
Ýoly gül düşekli çarbagly ýurduň,
Bili gök guşakly arçaly ýurduň,
Arçalarna jäjek dakyp,
täç dakyp,
Ylhamly kalbyna ylham goşaly.
Sowgatlarňy,
Mähribanym, Täze ýyl,
Garpamyk paýlasyn,
hem Aýaz daýy.
Türkmenistanymyň mährem iline,
Getir!
muhabbetden getir, serpaýy.
Ene toprak üste halallygyňdan,
Elmydam maňlaýlar derlesin dursun.
Göteren mertebäň,
getiren şanyň,
Goý, ýaşyl
tug deýin parlasyn dursun!
Magtymguly Pyragy
Göwünleň göwher täji,
paýhasyň harwar-harwar,
Göter, merdem başyňny,
jähti ruhuňdan gor ber,
Kämil parasat şasy,
mürşide ruhy ezber,
Deňsizlig-u gallaçlyk,
ruhunda sary açlyk-
Ýüki çökder zamanaň
pähim mizany – serwer.
Gyýa bakan dünýäge
nazar salan dikana,
Aňyýet asmanynda
gulaç ýaýan erkana,
Şygryýet käni içre
lowurdyly dürdäne,
Kalby ot bolup lowlan,
ataş-u-nar alawlan,
Umyt ganaty birle
Arşa galan merdana.
Mugjyzaýy paýhasyň
aň abyna ýugrulan,
Göreç bolup hak söze,
ismi nura öwrülen,
Zir-zöwranyň böwrüne
şugla bolup urulan,
Pygany sütün-sütün,
efgany – roýy tütün,
Lagar düşen gaflata
nyşan sen, keman gurlan.
Hak halatly weli sen,
parasadyň miraby,
Aň-pikiriň lagl-u-kän,
hazynanyň zerbaby,
Baky sönmez alawlar,
Hakyň ýakan çyragy,
Aň-paýhasyň tagbyryy,
Türkmeniňde enweri-
Dowamyň ygtybarda,
Magtymguly Pyragy.
Jäht-yhlas.
Mürşit-ruhy ýolbaşçy.
Zir-zeberan-agtar-düňder.
Mugjyza-geň, adam güýjünden daşgary
bolup geçýän hadysa.
Tagbyr -beýany, düşündirişi.
Perwana
Eý, guşjagaz,
sary bilbil,
ýaz guşy,
Nirede geçirdiň sen doňak gyşy?!
Aýlandyňmy, dagda-düzde sergezdan,
Elendiňmi, zaryn saýrap her daňdan
Küýsäp nurly Diýary!
Eý, guşjagaz,
parlap uçan guşjagaz,
Gaýry ýurduň suwun içen guşjagaz.
Asmandan däl, gözüň ayraňok ýoldan,
Ýerlemediň,
irikdiň özge du:ldan,
Küýsäp nurly Diýary.
Eý, guşjagaz,
owazy sedaýy guş,
Ýat ülkede Watandan jydaýy guş,
Nygmalarňy ýygyp őz mesgeniňden.
Mukam düzüp Garaşsyzlyk heňinden,
Ýat et,
nurly Diýary.
Eý, guşjagaz,
ykbal bir gün: „nesip” diýr,
Peder ruhy ganatlarňa kuwwat biýr.
Ýuwar gussalarňy Watan howasy,
Seň şatlygyň şatlyklaryň güwäsi.
Şat et,
nurly Diýary.
Serçemen ýaz
Ylhamlanyp mukam çalýar gursagym,
Täze ögzuň täze mukam, sazy deý.
Täze döwrüń belent ruhy nur saçýar,
Toýly günleň serçemenli ýazy deý.
Neneň edip saýramajak.
Gursaga,
Neneň edip sygdyryp bor bu joşy ?!
Artyp otyr, täzelenip,
terlenip,
Togsan ýaşly gojaň gujurly ýaşy.
Heňňamlaryň eýýamyndan ýygnanan,
Aň-paýhasyń dabarasy dag aşýar.
Paýhas dolsa bahar bolup mekana,
Ruh gül açýar.
Millet baky ýaşaýar.
Päklenme
Ýaňlan, Ýaremezan!
Oraz aýynda
Sogapdan beýgelýär ynsan depesi,
Açyň gapyňyzy,
ýelejiresin,
Päkligiň şuglasy,
halal nepesi,
Kalba hoş dem salyp,
ýürege girsin.
Dogaly dilegler,
azan, namazlar,
Süňňüňe aramlyk – kanagat bersin.
Ýaremezan sesi – ynsan ähline,
Iman päkligine baky çagyryş.
Gursagyňy ýuwýan,
kalbyň arçaýan,
Göwünlere melhem,
ylahy ýagyş.
Nurana asmanly,
degresi şanly,
Sogap daglarynyň galkýar niçesi.
Ykbala — ýalkaýyş,
imana — röwşen,
Beýik iliň bu sahawat gijesi.
Serwer gijesiniň şapagy elwan,
Göreçden göreje muhabbet ýagýar,
Ol öýden ol öýe hoş söhbet ýagýar,
Ýalkanan bendileň ýüreginiň sesi,
Agyz açyp, okalan töwire sygýar.
Orazaň çyragy – nurana ýalkym,
Ýalkaw daragtynyň sogap nygmaty.
Ejazasy – Hakdan,
dilegi Halkdan,
Bir baýlyk edindi köňli seždeli-
Oň keremi Ýere-Göge sygmady,
Mübärek mukaddes Oraz aýynda!
Gadyrly ýöreýär halal ädimler.
Başy bitinlikde,
Agzybirlikde,
Hydyr açsyn, gapyňyzy, adamlar.
Ykbalym çet űlkä äkitse käte,
Ser-sepil men,
kűýsäp ýaň – owazyny.
Gursagymda tugram edip göterdim,
Ene dilim bilen tűrkmen sazymy.
Dutarda ýaňlanan goýazy mukam,
Eýýamlardan gelen heňňam huşumy?!
Ene dilim bilen syzylan jűmle,
Göweçläp guýulan mähek daşymy?!
Dutar owazyna höwrűgen çagym,
Pederleň ruhuna –
merde sataşdym.
Ene dilim bilen hűwdűläp söýen,
Käbämiň behişti gujagna dűşdűm.
Goşa ykbal –
ene dilim, dutarym,
Bu dűnýäde diriligim –
barlygym.
Şolar bilen başlanýandyr hak ýolum,
Şolar bolsa ýeňişlere ýardyryn.
Nurana ýyl
Täze ýyl!
Beýgeldip şanly döwrany,
Lowurdap dol, kerwenine hataryň.
Gündogaryň täze Güni ömür deý
Şugla saçyp,
Asmanyny tutupdyr
Demirgazyk, Günorta, Günbataryň.
Altyn döwrüň bijesini jemleýän
Ykballary baýdak deýin göterip,
Eginleri Gök deňine deňleýän
Şöhratly ýyl-
Gadamyna başlaýar.
Dünýäň jarçy sagatlary jar çekip,
Täze bagtyň gelenini buşlaýar.
Diňlenmedik aýdym deýin owadan,
Ýaňlanmadyk mukam deýin ajap sen.
Göýä şaýly gelin-
Belent şaňňyrdap
Göwünleriň eýwanyna geçip sen.
Gel, täze ýyl!
Köňülleriň nurundan,
Gel, Täze ýyl!
Kalplaryň yşk tugundan.
Bagtyýar zamanyň läle-reýhany-
Ak ykbally ýylyň daragt-bagyndan.
Ýñyja üzülen ajap nygmat sen,
Dirilik suwundan ömri süýjüden
Muhabbet çoguny göwne täç eden
Şatlyk sen,
Şowhun sen-
Köňle sygmaz sen.
Bagt ýoly dowam,
Ýurt başy aman,
Erkinlik nurundan galkynýar Zaman.
Her ýylyň şöhrat-şan-
Ýene-de beslen!
Ýeňişe, mübärek dähedem-dessem.
Täze ýyl!
Mübärek roýuňa Salam!
Gursagy ynsabyň aklygy ýaly,
Ynsaby daňdanyň päkligi ýaly
Täze ýylym!
Täze bagtym!
Täze Gün
Rowaçlyk biýr röwşen geljege sary.
Täze ýyl!
Gujagyň arzuwdan doly.
Täze ýyl!
Bagt bolup, doly gel, doly,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda
Maksat, myratlara besle ykbaly.
Sport.
Sazy:
Röwşen Nepesow.
Ýerine ýetirýän:
Bagtyýar Gutlyýew.
Howandarym iline,
Hemaýatly melhemli,
Sagdyn durmuş, sagdyn añ,
Sözleri şypa emli.
Melhemleriñ mekany,
Sport ýolun saýlaýar,
Arkadagym iline,
Saglyk, sogap paýlaýar.
Göreldämiz Arkadag,
Berkeýäris sportda,
Türgenleşip, ýaryşyp,
Sagdyn Diýar şöhratda.
Saglyk başyñ täjidir-
Jany saga ýol uzak,
Saglyk ömri ýaş eder,
Sporta gelse gezek.
Saýrasyn
Sözi:Aýgül Pirliýewa.
Sazy:
Röwşen Nepesow.
Ýerine ýetirýän:
Bagtyýar Gutlyýew.
Türkmen ýüreginde uçmah Diýarym,
Görküňi taryplap diller saýrasyn.
Geljegi nazarlan tutumlaryňda,
Röwşen bagtyn tapan iller saýrasyn.
Gülleriň şasy deý parlap açyl sen,
Müşki-anbar bolup dünýä saçyl sen,
Altyn pyýalaňdan ylham içilsin,
Şahyr ýürek, şat bilbiller saýrasyn.
Daglaryň başynda ak bulut oýnar,
Zamanaň şowhuny göwünde gaýnar,
Janym Türkmenistan, bagt seni saýlar,
Watan waspy düşen ýollar saýrasyn.
Maksatlar päkize, göwünde aklyk,
Her günüň şagalaň, söýdügiň şatlyk,
Ýollaryň berkarar, iliň abatlyk,
Daglaryň heýjany siller saýrasyn.
Boz ýagyş waspyňy sazyna düzer,
Bagtly asmanyňda humaýun ýüzer,
Göterlen ykbal sen, sen Hakdan nazar,
Galkyna-galkyna diller saýrasyn.
Aşgabadym – ak bagtym
Howalanyp gaş kakýaň,
ucup barýan ak guwa,
Göýäki aýly agşam
merjen gaçypdyr suwa.
Seýilgähleň – yhlasym,
golun beren arzuwa,
Sen dünýäniñ ak guwy,
mermer säher Aşgabat.
Ýürekleň gürsüldisi
gujagyňda sazlaşýar,
Gül topragyň goýnunda
ruhy dünýäm ýazlaşýar.
Juwanlaryň jülweli,
guş dilinde sözleşýär,
Aşyklaryň arzuwy,
mermer şäher Aşgabat.
Umydym – gijeleriň,
gündizleriň höwesden,
Didaryň küýsäp bu gun,
dogan gelýär alysdan.
Asudalyk ýollaryñ
görünýär il–ulusdan,
Bitaraplyk münberi,
mermer şäher Aşgabat.
Gallaçy babadaýhan
kerwen beslär ýeňişden,
Halyçy Hallygözel
keşbiň çekýär nagyşdan.
Bagtyma meňzär gökde,
çüwdürimler kümüşden,
Akar suwuň aýdymy,
mermer şäher Aşgabat.
Çar ýanyń köşki-eýwan-
beýik ruhuń gözbaşy.
Açyk gapyň dünýäniň
sarpaly hyzmatdaşy.
Sezdegähim Watanymyň
ganaty – humaý guşy,
Ak şäherim – ak bagtym,
mermer şäher Aşgabat.
Altynsow saçlary nurly kuýaşyň,
Kirpigme çolaşyp, oýun-baz edýär,
Erkana Watanda bu göwün guşum,
Yerde güle, gökde Aýa näz edyär.
Yşkyňdan melulam,
ýaz gujagyňda,
Ummanlaryň içre tolkunyň menem.
Watanym — gursakda ýüregmiň sesi,
Abraýyňa şärik — galkymyň menem.
Ýaşaýşyň manysyn onki süňňümden,
Syzyp, saldarladym
baha, gymmatyn.
Gaýry zat ýok eken Watan parzyndan,
Şoldur kesgitleýän ömrüň hümmetin.
Köküňe kök urgul-
ata pähmi bu,
«Guramajak bolsaň kökden aýrylma».
Örküňe örk bolgul-
Peder ündewi,
«Azaşmajak bolsaň örkden aýrylma».
Watan hyzmatynda gaýymlyk üçin,
Süňňüňi päklige eýlemek lazym.
Mertebä göteren paýhas dünýäsin-
Söýgülemek lazym,
söýlemek lazym!
Watan ojagynda nar bolmak üçin,
Gaýratyň daglar deý berkden gerek.
Peder wesýetine amal etmäge,
Goçak ýürek gerek,
çyn türkmen gerek.
Bitaraplyk nyşany
Al-asmanyň owadan al şapagy,
Ertire päk jümle, ak daňa many.
Pirli tamdyrlardan çog bolup çykan,
Ömrüňe hödürlän mukaddes nany.
Rahatlygyň özi kimin esgerin,
Watan ykbalyna gatylan jany.
Ojakdan ojaga mähir paýlaýan,
Goňşyň goňşusyna uzadýan jamy.
Törlerde gurulan sallançaklarda,
Üwrelýän balalaň ajap dessany.
Ine, şular baky bagty türkmeniň,
Bitarap döwletiň Beýik nyşany.
Küýseg
Ädim urýan.
Gaýry köçe,
Saýry il.
Gaýda-gaýmalaşyk töwerek-daşym.
Siňip barýan,
Garylýaryn mähellä,
Akymyň badyndan aýlanýar başym.
Bu illeriň kada-kanuny başga,
Dessury-da başga,
Tanyş däl maňa.
Göräýmäge bar zat gülala-güllük,
Emma ýürek gysýar,
Boşlukdan ýaňa.
Ýürekde ganat ýok,
Ädimde bat ýok.
Hyýal Diýar sary-
Galkynýar synam.
Ýekeje gün del ülkeden örlesem,
Küýseýärin seni,
Watanym — hanam !
Hatyra
Heňňama duwlanan ýowuz öwrümde,
Goja taryh otyr çal başyn tutup.
Gatlak-gatlak ýyllaň ar meýdanynda,
Gökdepäň ynamy asmana ýetip,
Ýeňilmez bolupdyr il merdanynda.
Çökerip bolarmy başy belendi,
Syndyryp bolarmy ruhy belendi ?!
Bu toprakda dörän mertlige bakyp,
Gana suwsan duşman seri elendi.
Heňňama duwlanan ýowuz öwrümde,
Taryhyň bir pursat diňşi görünýär.
Daňdanakanyň hem
Garrygalanyň,
Ýeňşi görünýär.
…ýöne armanly
Namut giden janlaň Watan ugrunda,
Bakyýet ýoluna siňşi görünýär.
Türkmen ili ezizleýär, ýatlaýar,
“Watanyň ykbaly-meniň ykbalym”
Diýip jeňde baş goýanlaň atlaryn,
Heý, undup bolarmy borjun haklany,
Hemem tutanlary Allaň hak ýolun.
Unutmalyň !
Baş egeliň, diriler !
Şu gün üçin, geljek üçin, tug üçin,
Beýik Taňra, hem topraga birigen,
Zalymlyga böwet bolan, bek bolan,
Ganymlygyň jigerine ok bolan,
Merdi-merdan ömürleriň öňünde.
Döwürleriň hatyralan, sarpalan-
Mert pederleň, batyrlaryň, gerçekleň,
Parlap galan ruhlarynyň öňünde,
Togap eýläp, dyza çöküň diriler.
Aýat okap, baş egeliň.
Dur olar,
Beýik Watan beýikligniň deňinde.
Täze ýylym täze bagtyň, rysgalyň,
Heniz dadylmadyk mukaddes nany.
Ykbal ýollarynda, öműr kitabnyň,
Heniz okalmadyk kyssa-dessany.
Abadan ojaklaň gyzgyn mährinden,
Aklyk paýlap geljek aýlar-günlere,
Ilimiz ulaşyp sowulmaz ýaza,
Diýarym beslensin elwan gűllere.
Şükürüň, ynsabyň, takat – sabyryň,
Ölçegi-ýürekleň kanagaty bol.
Täze ýylym ruhubelent tűrkmeniň!
Öműr ýollarynyň dowamaty bol.
Bosagadan ätle, päk niýet bilen,
Bagtyýar ojaklaň çoguna ýylyn.
Garaşsyz Watanym – Tűrkmenistana,
Gadamyň mübärek, eý Täze ýylym!
Mähirden gurulýar Watan bu ýerde,
Mähirden gurulýar Watan bu ýerde,
Mertebe diýip hallan atýanlary bar,
Il içinden çykyp,
Dűnýä ýygnaman,
Baýlygy kesbinden tapýanlary bar,
Mähirden gurulýar Watan bu ýerde,
Kalbynda ýurt toýun tutýanlary bar.
Ilini abraýy bile beýgeldip,
Öműrden soň őmri utýanlary bar.
Nowruz baýramy
Gel, Nowruzym wasp eýleýip, Türkmeniň bagt binasyn,
Zemin ýüzün güle büräp, anbar ysly müşk bile.
Ýüreklerden ylham içen, bagtyýarlyk daragtyn,
Parladyp reýhana ýetir, ataş-u-nar yşk bile.
Nowçasyny aç gülleriň, üfleýip doga demiň,
Mežnun bolup seň yşkyňa ýanyp dur goja Zemin.
Wasp eýleýip Watanymy, dillerde dessan deýin,
Aýlanyp çyk oba-kendi, dag-ummany deşt bile.
Gül ýakaly parça donuň, ýap türkmeniň düzüne,
Dowar-mal örňäp baýnasyn, bal gat süýt-owuzyna.
“Humarala”, “Dagarmany” goşup Şatlyk sazyna,
Ýaňlandyryp bu sere gel, ýürege ataş bile.
Gel, Nowruzym, gel, saz çalyp, goşul göwün joşuma,
Gül husnuňdan serpaý paýla, goja- juwan, ýaşyna.
Sahabatyn mahabatlap Altyn Asyr başyna,
Täç et türkmen Diýarymy tagt-u-eýwan köşk bile.
Geregindedir
Bugdaý söz ynsanyň göwün suprasy,
Mylaýym ýylysy çöregindedir.
Salama getirer duzuň sarpasy,
Dostuň dogan bolan yragyndadyr.
Il-güne söýenseň daýanar egniň,
Ylham, hyruç getir şuglazar günüň.
Abraý-mertebeli il gerçeginiň,
Gadyry-gymmaty geregindedir.
Ynsabyň ýolundan gitseň her çende,
Harasat eglenmez kalbyň çetinde,
Ykbaly göteren mynajatynda,
Ýañlary ýolunyñ çyragyndadyr.
Şowlulyk ýoluňa nazaryn salsa,
Ak nura gark eder, ykbalyň gülse,
Ruhuňy beýgeltmek golundan gelse,
Zybanyň saýragy ýüregindedir.
Türkmen kalby
Ýalkanan milletiň sarpasy uly —
Türkmene ýetipdir bagtyň ulusy,
Gözüniň agy hem garasy bolup,
Garaşsyzlyk bilen arşa göterlen,
Ykbalynyň röwşen çyrasy bolup,
Dünýä ýalkym saçýar tűrkmen halysy,
Haly-yhlas,
mähir söýgä eýlenen,
Haly- arzuw,
hyýallaryň öýdűmi,
Dűnýä heňin ýűregine sygdyran,
Bagtyýarlyk eýýamynyň aýdymy.
Haly-paýhas,
dana serde durlanan,
Haly-sapa,
geler durar gűl ysy,
Aryn — eriş, argaç eden namysyn,
Milletimiň ýüreginiň ýylysy.
Türkmenleriň ykbalyna Hak beren,
Haly-serpaý,
ömre çiten çitimin,
Ýollaryma gudrat bolup saçylan,
Haly — görki bu döwletli Watanyň.
Ylhamyma joşgun bolup gatylan,
Haly umman,
gözel kenary, dűzi,
Ýer ýüzüne sahabat nur eçilen,
Haly-türkmenimiň nurana ýüzi.
Türkmeniñ halysy-tylla kuýaşy,
Dulundaky lowurdaýan al şapak,
Ol şapak eneleň gözüniň nury,
Gamyş barmaklaryň döreden düri,
Watana baglanan ylahy sapak.
Altyn gelejegi berip dur salgy,
Haly-
Türkmen kalby,
milletiň kalby.
Mähir çeşmesi
Watanym!
Seň derýalaryň galkymly,
Çeşmeleriň-
gökden inen ýaz sesi.
Aýdymlaryň aşyk kalbyna siňen-
Ilki söýgiň şöwurdysy, lezzeti.
Ýigdelýär ýüregim seniň goýnuňda,
Irginsiz saýraýan guş sesin diňläp
Sen meniň kalbyma siňip gidipsiň,
Bagtymyň keşbine-
Käbäme meňzäp.
Gaýyp,
galkyp, galkyp,
käte pessaýlap,
Mawy asmanyňa ganat goşdugym.
Watan!
Sen ykbalyň mahmal gatyna
Bahar bolup ýagýar-
Bägül ýaşlygym.
Şasy bilen
Ýer, Gögüň yşkyna meňzär-
Dag-düzi, sährasy bilen.
Perzent saňa ömür berýär-
Umydy, yhlasy bilen.
Ýalkaýyp söýse Ene ýer,
Şeýdip döreýär seneler,
Milletiň gory tanalar,
Tutumy, toý-bady bilen.
Heserlen, dünýä heserlen,
Çyn mala gala: keserler.
Galadyň gäbin asarlar,
Bir gara apbasy bilen.
Akaryň bady — özünde,
Aýdym owazy — sazynda,
Yşk uran aşyk gözünde,
Bagt ýüzer kalp şasy bilen.
…diýýärler
Sen türkana dýýär,
Öňýeten kişi.
Sada sen diýýärler,
Garrysy ýaşy.
„Köpbilmişirägem,
Bolmagyň gerek”.
Akyl satýarlar äň,
Etmäge derek.
Olara düşerden,
Aklym sada.
Men sada ýürekli,
Guşmykam, ýa-da?!
Eger, gelsem…
Eger, gelsem…
Umman bolub-a bilmen,
Bolup gerin, derýalaryň daşgyny.
Ýaňy atan daňyň sazyna garyp,
Getirerin Badysabaň yşgyny.
Eger, gelsem…
Gara dag bolup bilmen,
Gaýa borun goýnunda bürgüt ýerlän.
Sada kalbym asman bolar güneşli,
Ýöne hiç wagt,
Gök bolmaryn ümezlän.
Türkmeniñ janypkeş sähralaryna,
Sahy dünýä saçagyny ýazypdyr.
Ummanyñ çaýkanýan tolkuny bilen
Ýaşaýşa suwsan teşnäni ýakan,
Ak güneşiň tylla ýalkymy bilen,
Bir däne műňläpdir,
rysgal ýagyp dur.
Mahmal howa bilen,
kűműş suw bilen,
Bäş műň ýyldan aşyp, şinelän bugdaý,
Dogduk Watanymyň maňlaýyn öpűp,
Alnynda műdűmi Gűn bolan bugdaý,
Il- gűnűň göwnűnde doklugy ekip,
Bolelinlik bolup, şan alan bugdaý.
Ýaşaýşyň örküsiň,
zerli gulpaklym,
Sen — ömrűň dowamy,
dűnýäň dowamy,
Sen mukaddesligi, ýerden ýöränleň,
Şanyňa okaýar töwir-dogany,
Sen behistden çykan,
seni görenler,
Mertebaňi Gün deňinde tutandyr,
Seniň bereketiň – beýik Watandyr.
Döwrüň paýhasy – bugdaýly umman,
Dűnýäme ýazyldy tűrkmen saçagy,
Nanyň gűn keşbinden dideler gandy,
Tűrkmen gudratynyň,
gaýrat,
dogmunyň,
Ģawy alaw bolup, tamdyrda ýandy,
Ak bugdaýly meýdan – Watan gujagy,
Ak çörekli halkym – bagtyň guçany.
2004 ý.
Türkmen gawuny
Şirin nabat,
asal gawun,
bal gawun.
Behiştiň Zemine seçen hünjüsi
Lezzetiň serpaýdyr teşneýi jana
Aşyklaň ilkinji posasy deýin
Datly köwser bolup damdyň dahana
Şygyr ýazar seniň şöhrat-şanyňa
Bir dadymda ynsan ähli, şa, dana
Zerli şelpesi sen nurana Günüň
Üç dogan — üç çugdam tyllaýy çigit
Goşa tumar dakyp gämijeklerine
Ýerden dömüp çykan uçmahyň nazy
Biýara asmanyň ýyldyzyn çigip
Zemine getirýär jenneti ýazy.
Şirin nabat,
asal gawun,
bal gawun,
Eçilen hezzeti Perwerdigäriň
Müşki anbar ysyñ serhoş eýleýir,
Altyn Güneşimiň nuruna gaýnan
Jenneti nygmat sen – müñ joş eýleýir,
Datmadyk armanda, galdyrýandyr ät
Käseläp,
dilimläp,
Mezidi ýatlap
Iýenler şanyńa kylar salawat.
Ak gaýma tahýa dek, pyýala berip
Bal-şerbet içirer köwser lebinden.
Gözel tebigatyň röwşen çeşmesi
Güneşiň deminden,
daýhan derinden
Türkmen saçagynda — datly Waharman
“Gök gürbek”,
“gülaby”-
sähraýy epdek,
Tebsiräne melhem,
dertläne derman,
Tirpildär ýel degse göýäki deprek.
Şirin-şeker,
asal gawun
bal gawun
Nogul-nabat küýsetmez sen ynsana
Owal-ebet nygmaty sen türkmeniň,
Şu toprakdyr Ata Watanyň seniň,
Tereñ-tereň, datly “waharmanlaryň”,
Göwün hoşy,
saçagynyň küýsegi,
Dünýä baglan soltanlaryň, hanlaryň.
Yklymdan tapmarsyň gündiz çyraly,
Datly gawun,
asal gawun,
bal gawun,
Ýakymyň mukamy,
heňi hoş günüň,
Desterhan arzysy,
süýjülik jamy,
Sen türkmen iliniň,
şirin zybany.
Bakylyk
Set müň gowga dözen asylzadalar,
Mertlik-berklik ojagynda taplanýar
Watan üçin baş goýanlaň atlary
Mizemeýär,
il içinde ýatlanýar.
Unudylmaz ýürek gürsüldisinden
Ata Watan senasyny düzenler.
Ömürlerin gaýyk edip gaýlaryň
Ummanyndan ak daňlara ýüzenler.
Unudylmaz läle reýhan güllere
Al ganyndan gyrmyzy reňk çaýanlar
Halallygyň,
ygraryň ar namysyň
Binýadyna gara başyn goýanlar.
Ata Watan dyza çöküp baş egýär
Togap edýär nämut giden janlara
Gara günler — tilsimi ak ýyllaryň
Jebisligi öwredýär ynsanlara
Sazy: Myratgeldi Baýratgeldiýewiñki.
Minnetdarlyk aýdymy
Saglyk bolsa — ömür uzak,
ýol uzak,
Saglyk bolsa — beglik bolar Jahanda.
Il saglygy ýurt genjine barabar,
Ser saglygyň köşgün gurýan Watanda.
Sagdyn nesli goraglaýar sak durup,
“Ene mähri” ganatynyň astynda.
Göwünleri perwazynda galkdyryp,
Bagt parlaýar bu Galkynyş paslynda.
“Adam baş aladam”- diýýän ülkede,
Saglyk-göwher täji abadan iliň.
Başa döwlet gonar,
Ruhy ýalkasa
“Dört müň dört ýüz ýaşan Lukman Hekimiň”.
Sabalaryň ganatyna atlanyp,
Galkyp barýan Diýarymda Jennet bar.
Haýyr-sogap,
Saglyk paýlap iline,
Prezidentim!
Halkym Size minnetdar.
Dilegler
Şatlanyñ, hoş owaz götersin seri,
Gülki bilen bezäñ,
bu ene Ýeri!
***
Säher çagy nura ýuwup ýüzüñi,
Aman-esen gowuşdyñmy durmuşa?
Salamat sen,
Bereket bar aşyñda
Diýmek, baý sen–
Göwher jyga başyñda!
***
Kalbyñyzda ýaz ýylgyrsyn adamlar,
Säher örläp, sabalara sygmañ siz,
Ýaşaýyşda gül-gunça deý açylyp,
Mähir doly gözlerden yşk ýygnañ siz!
***
Bir-biregi tapan deýin ýitirip,
Dost-doganyñ gadyrynda ýeñläñ siz,
Hoş söz bilen göwünleri göterip,
Ýürekleriñ alkyşyny diñläñ siz!
***
Ýagşylyk goluny uzadyp geçiñ,
Kömege mätäji goldañ adamlar!
Ir-u giç özüñe dolanyp geler,
Eden haýryñ sagdan-soldan, adamlar!
***
Durmuş-bagtyñ güzeridir adamlar,
Bir- birege baryş-geliş ýatmasyn!
Göwün awlan gaýmak deýin hoş sözi
Sowgat ediñ ýagşylykda ýatlasyn.
***
Durmuş-dünýäñ ýüregidir adamlar,
Dogulýan gün-
Saglyk, bagty getirsin,
Her adamyñ ýüreginiñ töründe
Perişde deý ýagşy niýet otursyn!
***
Diñe mylaýym söz golun uzadar,
Götär ykballaryñ batan salyny.
Gyzgyn mähir bilen eredip bolar
Ynjan ýürekleriñ küti garyny.
***
Aýna kimin durlap kalbyñ nepesin,
Göz üstünden orun beriñ şatlyga.
Giñden açyp kalbyñyzyñ gapysyn
Aýdym diñläp dolanyñ siz ýaşlyga.
***
Aýdym gollaryñda kürege batdyr,
Durmuş akymyna siñen halatyñ.
Owaza gol berseñ kalbyñ abatdyr-
Aýdym güle bürär köñül ýaýlasyn.
***
Ýaşlyk deý ýaşaýşyñ yşgyna düşüp,
Diñläñ!
Yşkyñ ýürek owazyn diñläñ!
Suraýy dünýäniñ perişdesi deý
Ganatlanyp uçup,
Gamak deý ýeñläñ!
Bagtly asman
Gül ýüzüňde güneş gülýär,
Durulygyň,
Açyklygyň gadryny,
Ynsan bilýär,
Zemin,
Tebigat bilýär.
Durnalaryň ýüzüşinde,
Jemlenipdir dogumlar.
Ak bulutlar — göge zyňlan,
Ak telpegi oguzlaň.
Gündizler – düri derleriň,
Gijeler – hazynadyr.
Ak şäherim Aşgabadyň,
Yşyklary uz hatar,
Meger, budur yşky oduň,
Ýyldyzlar ýeri tutar,
Düşüpdir gül Watanyma,
Belent Asman alysdan,
Adamlaram bagtly welin,
Hasam bagtly Asman!
Togap
Kiçi bolup, uly hakda,
Egsik bolup, doly hakda,
Ýodalaryň başyn bogup,
Birleşdiren ýoly hakda
Sözlemekde güzap bar.
Binýady — Hak saýasynda,
Dowamaty — maýasynda,
Diýarymyň howalasy,
Köpetdagyň gaýasynda,
Sowalyňa jogap bar.
Gülki-ganat,
Gözýaş-jebir,
Dana sere paýhas höwür,
Mertebeden münber ýasap,
Beýgelmäge Altyn döwür,
Zamanama togap bar.
Oguz taglymy
Asuda asmanyň – husny jemalyň,
Ýyldyzlaň başy jem,
Toýuň toýlaýar.
Ykballar gül açýar,
Döwletli döwran-
Dünýäde ýeke-täk Bitarap Diýar.
Erteleriň aýdyň,
Dynçlyga sary.
Aýgytly gadamyň äşgär çar ýana.
Ynsanperwer ýolly adyl döwletim,
Köňüller püre-pür haýyr-yhsana.
Bitaraplyk bina —
Buýsanç binasy.
Howalaly başym asmana ýeten.
Bagtly asmanyňda Galkynýar tugum,
Ýollaryň ileri,
Bitarap Watan.
Hoşniýet,
Hoşmeýil,
Bitarap Diýar.
Jebislik ýollaryň peder tagzymy.
Belent mukam bolup dünýä ýaň salýar,
Oguz han atamyň gadym taglymy.
Hakyda
Oglanlykda-
Dagly ýerde ulalmadym,
Küren oba-bir maşgala-
Suw içerdi bir salmadan.
Oglanlykda-
Ilerimiz uly köldi,
Tokaý bardy gaýramyzda,
Oýnalgamyz gumak ýoldy.
Oglanlykda-
Şaýlanardyk torgaýlar deý,
Bile uçup, deň gonardyk,
Durnuklydyk gara ýer deý.
Oglanlykda-
Duýmandyrys pursatlaryň,
Gözden gaýyp boljagyny,
Uçuşy deý çarlaklaryň.
Ruhubelent ýaşlar
Ruhum belent,
Gursakda heň, hoş mukam.
Hyjuw ody kalba hyruç paýlaýar.
Watanymyň ýüreginiň buýsanjy
Talyplar biz,
Jigerde joş gaýnaýar.
Penaly biz,
Gaýratlandyk, galkyndyk.
Kalba guýup pederleriň atlaryn.
Senaly biz,
Watan senasyn çaldyk,
Ýüze sylyp ýaşuly sargytlaryn.
Okap, okap,
Paýhasyňy Diýarym,
Syrly dünýä akyl bolup bakýarys.
Owazyň biz,
Türkmenistan Watanym,
Şirwan bolup ýürek taryň kakýarys.
Ömrümizi öwrüp mähir-yhlasa
Pelleriňe tolkun edip ýapýarys.
Eziz Watan,
Ümmülmez gül ýaýlaňa
Berekediň tohumyny sepýäris.
Gelejek biz,
Biz Watanyň yhlasy,
Buýsanjymyz –
Diýaryň gül zynaty,
Hyjuw bilen al-asmana göterlen,
Biz Watanyň,
Ýurduň altyn ganaty.
«Edebiýat we sungat» gazeti.
2004 ýyl.
Öý – käbe
Baglar garap galýar,
men ýola düşýän,
Küýüm – sen hakdaky aladalarym.
Gujagy mähirli, ýylyja törüm,
Men uzak eglenmen,
Ine, gelerin.
Ömrümiň dowamy – ojagym, ýurdum,
Sende gunçalapdyr yhlas çemenim.
Gönezlik, maýasy saňa siňipdir,
Gaýyn atam bilen gaýyn enemiň.
Senden ganat ýaýyp ak ýola düşsem,
Ýene uçup gelýän mährem duluňa.
Baky röwşen söýgim,
ylahy duýgym,
Mukam deý gatlanar seniň ýoluňa.
Ojak – ykbalymyň halal dünýäsi,
Durmuşa höwesim,
dünýäge yşkym.
Maşgalam – döwletim,
deprenmez känim,
Öýüm Watan içre mertebe köşgüm.
«Zenan kalby» źurnaly. 2/2007 ý.
Ýagşylyk
Ýagşylygyň muzdy,
haky bolmaýar,
Öwezine — bizi Alla ýalkaýar.
Garry öýűň ojagydy, odudy.
Goýny — mähir, mähri köwser paýlayan
Sallançaklaň badalgasy, badydy.
Ojakda közler gorludy,
Tamdyrlar uçgunly, alawlyjady.
Pursatlar hűýr guşdy ganatyn ýaýan,
Ýűregmiz suwluja, şowhunlyjady.
mädämiz dokdy mähirden,
Egin — egne diräp, sűýşerdik öňe.
Ganaty astynda penakär ataň,
Jemläp, bir tabaga űýşirdi ýene.
kämahal dänejik sepip,
Rysgymyz aýrylap, seýrana seçdi.
Arzylap, apalap, ak pata berip,
Şowhunly ummana – durmuşa goşdy..
ýat bolup, öwrűldi dűýşe,
Hepdeler aýlanyp, ýyllar dolandy…
Şol garry öýűmiz – dogduk öýűmiz,
Gujagyny geren käbäme döndi.
Geçmişe, ýatlama siňdi,
Ne — hä öwrűlýär ol, ne — de dolanýar.
Ýazgyt-Allań emri, şeýle-de bolsa,
Şol gűnleri kűýsäp ýűrek elenýär.
Sogap bolsun
Älemiň sütün-örki — haýyr-yhsan, imandyr,
Nebis, zulum, ýalan söz — gezelen bet kemandyr.
Hakyň sözi — Kelamdyr, keramatdyr-keremdir,
Keremine ybadat eýlänim togap bolsun!
Akyl bolan ykbalyn ham-hyýala baglamaz,
Baýlyk gözün baglanlar sogap-günä aňlamaz.
Ömrüň manysyn tiren munda girýan aglamaz,
Goşawuçlap ýygnanym, garbanym sogap bolsun!
Aşygyň yşk güwäsi ýegdir dűnýä malyndan,
Magşugyň yşk gaýmasy jowur çilläň agyndan.
Nika sapagyn işen ýüreginiň taryndan,
Ýar wepasyna wepam, yhlasym jogap bolsun!
Ojagyňdan başlanar sahawatly düzleri,
Desterhana gözbaşdyr bal miweli güýzleri.
Kalba altyn tar bolar jana melhem sazlary,
Watana bergi – parzym, eýlänim togap bolsun!
***
Hatar-hatar,
Agyr kerwene meňzäp,
Geçip barýar, uzyn-gysgaly günler.
Bir bitin gün — doly ömürdir, bilseň,
Aý-ýyldyr-
Heňňamy düzýän sütünler.
Dünýä – daragt-
Bakylyga kök uran-
Her ykbalyň bir şahada orny bar.
Saýasynda durmuş aýlanyp duran,
Aýtymy bar,
Ömre sygmaz germi bar.
Ýatda sakla:
Ömür — pursat,
eglenmez,
Dolanmaz ýollaryň ykbal öwrümi.
Ömrüni üleşläp,
Söze jan berip,
Şahyr ady bilen götär döwrüni.
Käbäm girdi düýşüme
Men bagtyýar oýandym,
käbäm girdi düýşüme
Göýä mähir-muhabbet
süýşüp geldi gaşyma.
Daňýmyň ak ýyldyzy
gaýypdan gaýyp geldi,
Didaryna intizar
halymy duýup geldi.
Kalbymyň nur şapagy
edep beren mähriban,
Nazaryň gorar meni
arşdan bakyp her zaman.
Ýagşy-ýaman baryny
her ädimde öwreden,
Buýsanç bile edebi
asmanyma tug eden.
Mahremlik gönezligin,
gursagynda göteren,
Durmuş ýodajygyndan,
şaýollara ataran,
Käbam ejem ak guwum,
sen niçiksi keramat,
Urbalyk deý ykbalyň,
ömre dowam-dowamat.
Çakylygma ýetişýäň,
dertlesem — lukman ejem
Ýatlan çagym öýe däl,
ruhuma myhman ejem.
2004 ýyl.
Salamyň bilen
Göwnüňe görädir gerim diÿen zat,
Şahandaz bolmarsyň, güleniň bilen.
Gurşunly kenek deÿ gonup bilmeseň,
Alçy gopaÿmarsyň, süleniň bilen.
Bolabilseň, akabasy bir hanaň,
Nakyl bolup dile düşer dürdänäň.
Göza-para oda düşen perwanaň,
Külüne jan girmez, ÿalynyň bilen.
Çola bolar, ugursyzyň mesgeni,
Sana salar, atalaryň mekdebi.
Nazar salyp, götermese Hak seni,
Asman howa bermez, galanyň bilen.
Gözÿetmez Äleme çene nazaryň,
Ÿürekde gaÿnasyn köňül güzeriň.
Söz bolup galmasyn,
amal et parzyň,
Dana dünÿä gülmez, ÿalanyň bilen.
Ÿoly ÿörän ÿeňer,
Ÿöräp ÿadamaň,
Ÿüze yakym çaýyp boluň şadyýan.
Taýagyna derek goja padyman,
Ne takat eÿlesin, galamyň bilen.
Ýürekden ýylgyryp Hakyń adyny,
Kalbyńa nur eýle salamyń bilen.
***
Ýok,
Goşgyň wagty däl häzir,
Häzir pikir daşda menden,
Otyryn aýamy maňlaýa diräp,
Ne-hä ýagyp bilýän,
Ne-de ylhamyň
Altyn pyýalasyn başyma çekip,
Ne çogup bilýän,
Hal — ýagdaý sorap
Gelip-gidýänem ýok,
Söhbetdeşem ýok,
Ine, birden,
demi-demine sygman
Gőkden owaz geldi-
Misli saýawan,
Maňa gülüp bakdy mawygöz asman,
Göwnüm ata çykdy,
Şolam bes maňa,
Dünýäm çawuş cakdy,
Dűňle űmsűmlik
Sesiň kessene…
Şahyr dünýäsi
Şahyr ot, alawdyr söýgüde ýansa,
Agzyndan ot saçar yşky barada.
Öwrülip asmanyň ýyldyrymyna,
Otly çakmak çakar Yer, Gök arada.
Şahyr hut gazapdyr, ygrarda ýansa,
Paýhasa söýenip gysar dişini.
Messebi, wyždany galkan edinip,
Ýalanyň öňünde gerer döşüni.
Şahyr gara Ýerdir Ylhamy sönse,
Ne joşar, ne gaýnar, ne Kelam sözlär.
Jahanyň ýüzünde perwana bolup,
Ser-sepil,
uçuran Ylhamyn gözlär.
Şahyr çyn apatdyr durmuşda diňse,
Zemindir, ot,
gazap hem çuň ummandyr.
Ömür kadasyndan çykan sataşsa
Nyşançy nazary gurlan kemandyr.
Ine, şeýleräkdir şahyr ykbaly,
Kaýyldyr paýyna düşen ülüşe.
Näzijek güller deý duýgur ýüregi
Zemine paýhasdyr,
çogdur durmuşa.
Ykbal höküm etmese…
Diýen zadyň bolup dursa müşgilsiz,
Muňa müň oýunly, durmuş diýjekmi !?
Ýörelge döremez ýodasyz,
ýolsuz,
Yşksyz kalp,
ataşdan parça geýjekmi !?
Serdary baş çeken,
gökde durnalar,
Ýol ýitmese hemrasyny goýjakmy !?
Wagtyndan öň tänip,
gökde pyrlanan
Ýaprak howlamasa,
Daragt köýjekmi !?
Niýetine hemra bolan adamzat.
Ykbal höküm etmese,
boýun boljakmy !?
Ýagşylygy ýüze sylmasaň,
Ynsan!
Geň göreniň, maňlaýyňa geljekmi !?
Belki…
Ele galam alyp,
Otursam pynhan.
Özüme azajyk,
Akyl ýetirýän.
Diýýän: „Eý, hamhyýal,
Ekeniň näme?!
Ýere paç tölemän,
Alarmýň däne?!
Şahyrlyk hukugy,
Ymgyr gerimdir.
Belki, ýürekdäki,
Setirlerimdir.
Tűnűmiň çyragy, gűnűmiň çogy,
Didäm ak-garasy, Käbäm-Pederim.
Öműr daragtymyň kök, damar-bary,
Didäm ak-garasy, Käbäm-Pederim.
Ynjasam — yranan, haraýly hanam,
Galkynsam — ganatym, perwazly penam.
Ruhy eýwanymda — öwütli danam,
Didäm ak-garasy, Käbäm-Pederim.
Ak öýűm tűýnűgi, ojagym közi,
Sesimiň owazy, eşretim ýazy.
Ekramda buýsanjym, edebim gözi,
Didäm ak-garasy, Käbäm-Pederim.
Sizsiňiz bu durkum, bitewi dűnýäm,
Ruhuňyz dowamym synamda gaýnan.
Siziň keşbiňizi özümde görýän,
Didäm ak-garasy, Käbäm-Pederim.
Heňňam
Heňňam,
ýamalypdyr döwürler bilen,
Köne içmegi deý, molla Keminäň.
Dört pasyl birleşip ýyla ýetişýär,
Çuňlugynda Asman bilen Zeminiň.
Didäň jümmüşinde gül açýar ýürek-
Akymyna goşar galkynsaň iliň
Ykbal höküm edýär, permany bilen,
Çuňlugynda Asman bilen Zeminiň.
Dünýä saňa altyn pyýala bermiş-
Kalbyňy taplanda jöwher zehiniň.
Polat kanunyny ýöredýär durmuş,
Çuňlugynda Asman bilen Zeminiň.
Halkyň sözi
Halk ýalňyşmaz-
Halyk ýalňyşyp bilmez,
Ýörelge bor, iliň ýörän ýerinde.
Halkyň sözi –
Ýaňlanyp dur henizem,
Danalaryň goýan paýhas gorunda.
Halk ýalňyşmaz-
Halkyň gözi jöwheri,
Her depäni dag hasaplap tug dikmez.
Halkyň sözi-
Şahyryň kalp göwheri-
Şygra siňer,
Ýyllaň içinde ýitmez.
Halk ýalňyşmaz-
Halk diýeniň ummandyr,
Merjenini gizläp goýar çuňunda.
Halkyň sözi-
Jebislikden nyşandyr-
Beýgelýändir milletiň öz deňinde.
***
Töwerek-daş dem alýar,
Ýagyş ýagýar daşarda.
Imisala ümsümlik,
Gurşap alýar daşymy.
Nirden gelip ýetişdi,
Ikindiniň ýelkeni.
Emaý bilen yralap,
Hüwdüleýär huşumy…
Dünýä bilen ikiçäk,
Oturmandym bu çakda.
Täze şygryň beýany,
Şineleýär gursakda.
Aýdymyny aýdyp başlanan ömrűň,
Aglap dűnýä geldiň – ykbaldan döwrűň.
Gowluk, ýagşylykda saýlanmasaň sen,
Kämillik destini alyp, il hakda
çuň oýlanmasaň,
Sen niçik ynsan!
Dűnýäni gozgaýan adalatsyzlyk,
Älemi sarsdyran doňak hyrsyzlyk.
Seni örtemese, sen elenmeseň,
Ýűregiň sesine diň salyp biraz,
soň dillenmeseň,
Sen niçik ynsan!
Seni melul etse boş duýgusyzlyk,
Hem hemseriň bolsa güň geleňsizlik.
Hoş niýet, hoş pällä sen ynanmasaň,
Il derdine ýanyp-köýüp, urunyp,
hem yranmasaň,
Sen niçik ynsan!
Durmuş ummanynda taplanyp, gaýnap,
Ýűreklerden mähir-muhabbet ýygnap.
Tümlüge nur çaýyp, lowlap, ýanmasaň,
Söýgüläne arkadag, söýget bolup,
hem söýenmeseň,
Sen niçik ynsan!
Ygraryň, lebiziň, wepaň, mertligiň,
Kesgitlejek ölçeg – sarsmaz berkligiň.
Ternawa ýygnanan gar suwy deýin,
Kir-kimirin ýuwup, kineden ätläp,
Ynsabyňa in.
Ģűnki sen ynsan –
Ajaýyp ynsan.
Sada ykbalymyň gűnorta çagy,
Sygyr bossanyna synym dűşűpdir.
Ýaýlasynda dűşläp,
maýalyk alyp,
Ýazlarda ýaýanym gűýzde bişipdir!
Saýra, hetdiň bolsa şirin owazly
Bilbil melul bolup, heňe gark bolsun.
Kalbymdaky ylham –
gursakda mukam,
Durnany kökerýän ojak — örk bolsun.
Saýrasam,
owazym zaryn bolmasyn,
Ykbalyň çűwende, ykrarly hansyň.
Zybanymdan çykan asal sözlerim,
Bagşylaň dilinde aýdyma dönsűn!
Köpi şahyr eden, serçemen dűnýä,
Käkilpereň başyň yşkdan heserli.
Ýoluňa baş goýup,
tenhalygyňa,
Gulaç ýaýsam,
Saňa golum ýetermi ?!
Durnalar
Yüregime dolsa nurly kuýaşym,
Menzile gol berip uzasa ýaşym,
Her durnam bir sepgit – dolanmaz düýşüm,
Ömrüme şaýoly açyň, durnalar.
Baş durnam – ömrümi ýaza ýetiren,
Ýaş durnam — oglanlyk daňym ataran,
Nowjuwan hoş durnam — bagt getiren,
Ykbalymyň ýazyn guçuň, durnalar.
Haýykmaň, harasat-gaýdan gysylmaň,
Bat alyň, ýerdäki öwgä eselmäň,
Galkyň, ümzük atyň, pesläp – peselmäň.
Ylhamyň özi deý göçűň, durnalar.
Ykballar görk alar mydam gowudan,
Belentlikde aýdyň zatlar owadan,
Gök uzadan meýli, tylla gowadan,
Datly haýýat suwun içiň, durnalar
Alys menzilleriň mekanyn saýlap,
Döwre guraň ykbal toýuňyz toýlap,
Tűrkmen asmanynda bagtyňyz boýlap,
Zemine göz edip uçuň, durnalar.
Saýawan
Erkin tolkunlar,
Erkin tolkunlar…
Dolup — daşyp, kenaryna urlanda.
Asman ýaly mawy deňiz tolkunýar,
Kalp galkynýar-
Göreçlerde durlanýar,
Umman ýaly gözýetimiň,
Barlygyň
Keşbin çeken suratçy Gök saýawan
Gözellige beýhuş bolup pyrlanýar.
2006 ý.
Höwesim bar
Göge çykyp, soň dolanan hyýalym,
Ýagty günleň gujagynda gerinýär.
Myçyp barýan ýyndam wagtyň aýagy,
Ýelgamagyň özi bolup görünýär.
Pursatlaryň ak synyndan aslyşyp,
Uçup barýas ýalkymly şaýol bilen.
Ak dünýäniň ýüreginde gaýnadyp,
Şatlyk alýas.
Gülkini — çuwal bilen.
Yşk mukamy,
azat söýgiň mekany,
Söwer illi,
söwer Türkmenistanym.
Mesgenim ýok gujagyňdan zyýada,
Höwesim bar daglaryňa galmaga,
Tāze ruhly mukam bolup,
ýaň bolup,
Dutaryňda çalynmadyk heň bolup,
Gereklenip,
apalanyp,
diňlenip,
Adamlaryň gursagyna dolmaga,
Höwesim bar,
şirwan taryň bolmaga.
Mertebäň dek buýsançly başy gökde,
Daglaryňa maýyl bakýan etekde.
Egleýärin nazarymy gaýada,
Uçaý diýsem,
ganatsyz men,
persiz men,
Maglum dünýä!
Jaryňdan habarsyz men.
Umytda men.
Ýola düşýän pyýada,
Medet eýle!
Goltugymdan göter-de,
Uçur meni.
Ýa-da möwç et derýada.
Elpe-şelpä bakmaz hasaply dűnýä,
Zähmetiň serpaýy bagt –
buýsanjym.
Öz hakyna kaýyl mysapyrlaryň,
Ýaz kimin ýalkawy – ýűrek owsunjym.
Hanha, ýűk ýazdyrdy hasaply menzil,
Egri oturyp, dogry hasap soraýar,
Hasabyň dűrs bolsa gerdenňe kakyp,
Gűműrtik, ters bolsa –ýowuz daraýar.
Synaýar ak ýolda,
dar dűnýä salyp,
Enter – pelegiňi öwrűp synaýar.
Bir eliňe – baýlyk, beýlekisine-
Ilhalar häkimlik berip sylaýar.
Bir görseň,
űstűňe şylha don atýar,
Birdenem- dolaýar ýűpek daraýa.
Duýdurman çakýar-da ýer bagyrtladyp,
Bir-de, şerbet guýýar, goşa pyýala.
Dűnýä!
Owal-ebet, hasaply dünýä!
Niýetiñ-ýoldaşyñ,
Ýagşy pälli sen.
Mahmal ellik geýip, törpi gol bilen,
Köňli taraşlaýan ussa dälmi sen?!
Men Size barýan
Maňa diňe,
Söýgi bolup ýüzleniň,
Gözlerime yşk boluban bakyň siz.
Size barýan,
Size barýan adamlar!
Mähirden siz-
Kalba sary aksaňyz.
Adamlar!
Siz hakda ýazasym gelýär-
Siz bilen açylýar tükenmez dünýä.
Kalbyňyza barýan ýoldur gözlegim,
Sizsiz bu gözýetim çola görünýä.
Men Size guwanýan-
Siz bilen il men.
Duralgada, öýde, işde, uçarda.
Siz umman däl-
Oňa diri şaýat men,
Size dolar,
Eger…
Olam başarsa.
Zybanyňdan mähir aksyn
Ruhubelent duýgularyň mekany,
Sözleriniň – pähim deňzinde
Dür-many
Mawy dünýä umyt bolup gezelen,
Kirpiklerden
Gül ýaňagyň naryna,
Gyraw sepen nikap bolup ýazylan,
Howalasy gara dag deý,
Päkize,
Ýüreklerde monjuk bolup düzülen,
Ýuwdulmadyk arman bolup üzülen,
Gözýaşlardan
Yranmasyn göwünler.
Zybanyňdan
Mähir aksyn söz bilen,
Seçelensin düwülen bek düwünler.
Gam-gussa däl,
Ylahy bagtyň guşy-
Gülmek üçin,
Zeminiň saňa yşky-
Söýmek üçin
Ýaradylmyş bu günler.
Şahyr we Döwür
Şahyryň göreji ýöne göreç däl,
Ýedi gat zeminiň çuňlugny görýär.
Adalat isleýän tämiz ýüregi,
Kä geçmiş,
kä geljek günlerde urýar.
Durmuş kämilligniň basgançagyndan,
Äkidýär
ömrüň şat-keýpligine.
Ganatly şygyrlar goluňdan çekip,
Çykarar daglaryň beýikligine.
Döwür hakda bolsun,
yşk hakda bolsun,
Ýüregiň töründe janlanar durmuş.
Süýdüň päkligi deý näzik kalbyna,
Asman nury-enwer sahawat bermiş.
Şahyr ýaşaýyşyň-
bagtyň jarçysy,
Sekiz gat Aryş-da elýeterinde.
Zamanaň yşky bar,
döwrüň keşbi bar,
Ýüregniň parçasy-
her setirinde.
Ahwal
Batbörek deý gaýyp mawy asmanda,
Uçup barýan üçekleriň üstünden.
Ynanmak kyn,
Durkum bilen syzýaryn
Uçýanlygym, ýüregimiň sesinden.
Göterilýän,
Göýä bagtyň ýelkeni-
Maňa perli ganatlarym bat berýär,
Al howany kürekleýän yhlasym,
„Durma”-diýip öňe sary itiberýär.
Dolanma ýok,
O şalykdan çykma ýok,
Yza dönmek-
Ýitmek bilen barabar.
Gursagyňy ýaryp barýan duýgular-
Bagta dönýär,
Ýüregiňden ýer alýar.
Umydygär-
Ene Ýeri nazarlan,
Men-ä bir guş-
Alyslarda gözlerim.
Aram-aram melul edip yşgyna,
Gol bulaýar düýpsiz mawy gözýetim.
Bisähet däl,
sähetli gün ýol alar,
Päk ynsanyň ömür atly kerweni.
Niýet-päliň,
iman —
ýoldaşyň bilen,
Ykbala dirilik suwun bermeli.
Kemally ogul-gyz –
Ýüzüň tuwagy,
Mertebäňe görä orun berilýär.
Gursagyňa görä —
Dünýäniň yşky,
Aýtymyňa görä döwre gurulýar.
Ömür-hak iş,
bir möwsümlik möwrüti,
Ynsana parz — şeýtana daş oklamak.
Päk wyždanym haýyr-şeri saýhallar,
Şoldur munda ýaşan ýaşyň haklamak.
Ömür-ilçi,
ýaşaýyşyň wekili,
Ynsan yşky — ýalançyda ot-oraz.
Ykbalyňy sütün bolup beýgelder,
Senden galsyn,
Abraý bilen at-owaz.
Oba hakydasy
Ýürekden üzülip, dilime damdy,
Saňa bagş eýlejek merjen sozlerim,
Ak gupba toraňňyň, sümsüle söwdüň,
Mähir bilen guçýar asman gözlerim,
Mähriban obam!
Rysgym gözläp meýdanyňda haýdadym,
Rastym sözläp, topragyňy ýelpedim.
Güýçtowsar telpegiň, yşköwser öýmäň,
Toý sähedin bellär possuk, çelpegiň,
Mähriban obam!
.
Sep-sep ýaşulylaň – törüň eýesi,
Süňňüňde gaýnapdyr horazlaň sesi.
Meniň köňlüm soltanydyr dunýäniň,
A sen welin, meň göwnümiň eýesi
Mähriban obam!
Sada sen,
nusgasyň agarýan daňa,
Yüregim, höwesim, nazarym – saňa.
Her ýere uçsam-da gonalgam sensiň,
Kaknus guşum,
nardan döran cemensiň,
Mähriban obam!
Goňşy bilen bitewidir
bu dünýä
“Sag-aman ördüňmi?”
Ilkinji didar.
Açylýar ýene bir günüň sahaby.
“Içiň-daşyň sagmy?”
Ak niýet bilen
Haşamlanýar,
Goňşyň köňül ahwaly.
Duldegşir hemaýat,
Duldegşir mähir.
Goňşy goňşusynyň ýürek penasy.
Gadyrdan adyndan başlanýar goňşyň,
Ynsanyň ynsana hormat senasy.
Çäk çekenok,
Goňşusyna bu iller,
Gelim-gidim ýol düşeýär serhete.
Çyn goňşular söhbetini geçirýär,
Syrdaş atly lowurdaýan zer hata.
Goňşokara –
Mürähedi hoş päliň,
Ýagşy niýet yhlas ýüpün gatlaýar.
Goňşusyna mähir daşaýan tabak,
Ikarada Gadyr bolup gatnaýar.
Goňşyň taby –
Bu döwletiň gurbaty,
Goňşy bilen ulaşyp il bolunýa.
Goňşokara –
Atalaryň hormaty,
Goňşy bilen bitewidir bu dünýä.
Irki güýz
Juda ir gelipdir bu ýylyň güýzi,
Awgustyň gijesi çigrek getirdi.
Her ýerde,
Her ýerde saralan ýaprak,
Güýzüň salamyny ýere ýetirdi.
Ine, şeýde-şeýde
Tomusdan galan
Gyzgyn köçelerde selpedi şemal.
Zer dona bürenen kejebesinde,
Ýygymdan galypdyr ýekeje enar.
Ýaňkyja enaram nesibe dartyp,
Hyrydara gowşar,
Baldakda ýitmez,
Güýz geçer, sowular,
Gyzan bazaryň
Şowhuny bir ömür ýürekden gitmez.
Ỳyldyrym
Ỳiti, ỳalaw ỳaly mawy ỳyldyrym,
Öjügỳär,
tutaşỳar hem gylawlanỳar.
Atamyň dony deỳ mele bulutlaň,
Ỳyldyrym çawlasa ỳanbaşy ỳanỳar.
Bu ỳöne ataş däl,
ỳagyşly güỳzüň,
Ulaşan jemaly barjamly dünỳä.
Keỳigokaralaň okarasynda
Zemine dür seçýän asman görünỳär.
Nur ýagdyryp
ýüzi açylan Asman,
Kalbyn ỳuwỳar yşka muşdak adamyň.
Tebigatyň ot gamçysy — ýyldyrym.
Bulutlaň bujagyn çözýär ýadaman.
Gala
Dymyp garşylaýar gadym galalar,
Imisala otyr takyr-alalar.
Ýerden ses çykanok,
Asmandan seda,
Kimiň hatyrasy?!
Kim boldy pida?!
Säher salamy
Salam!
Sabaň nury.
Gurgunmyň?
Şükür!
Owaz sen,
Ýürege berýäň teselli.
Göwünlere gyzgyn howruňy ýetir,
Zybanlara mähir paýla, asally.
Haky ýatlap,
Baş egene gurbat sen-
Senden alýar ýaşaýyş nur-görküni,
Atalaryň ruhuna hormat sen,
Sende görýän,
Asyl ýoluň örküni.
Salam-
Ýaradanyň ruhy-
Ýerdäki
Ýagşyzadalaryň kalbynda ýerlän.
Salam!
Haktagallaň müňde bir ady,
Kalplary tämizläp,
Ýürege barýan.
Bir-birege guwanmaga, söýmäge,
Şu dunýäde-
Diňe şunda pursat bar.
Adamzady dürs pikire uýmaga
Owal ahyr, “Salam” diýen nur saklar.
Uly sorap,
Ýaşkiçi berýär, salam
Soraşylýar ýüregiň hal-ahwaly.
Essalawmaleýkim,
Waleýkimsalam
Salamatlyk diläp-
söýmek Rahmany.
Ynsanlykdan-
Soraşmak hal-ahwalyň
Salam bermek-
Daş düşmezlik Alladan,
Gursaklara ýyly gatyp,
Ykbalyň,
Ýaşamagy,
Söýlüp soňky pellä çen.
Salam!
Sabaň nury-
Gurgunmyň?
Şükür!
Kerem sen!
Ruhuma goltgy berýäň.
Hakyň adyn sena edip dillere,
Ýaşaýyşy söýmekligi öwredýäň.
Süýrgünortan
Süýrgünortan!
Haýran edip aklyňy,
Ýatladyp dur, ömrüň kämil paslyny.
Gün nury Zeminiň zerewşan haty-
Lowurda öwürýär giň gözýetimi.
Ömür daragtynyň täsin nygmaty,
Ýuwudýar ykbalyň bar ezýetini.
Süýrgünortan!
Günüň nury goýalyp,
Ýüreklere ylham inýär, ýokardan.
Ýaşaýyşa täze umyt oýanyp-
Daşyň dolýar boýy ýeten nahaldan.
Şu pursat,
Mizany deňleýär ykbal-
Ömür — beýikligiň çür depesinde.
Geçilen menziller möhür goýupdyr,
Maňlaýňa ýazylan ýuka gasynda.
Süýrgünortan!
Omürüň durgun sepgidi,
Ykbalyňda ne bije bar,
bilmersiň.
Sagyň mälim,
Solda umyt görünýär,
Durmuş bolsa keserdip dur ýol şertin.
Süýrgünortan!
Jahan nura boýalýar,
Aşyk bolup synlamaly dünýäni.
Ileriňde daňyň süýdi goýalýar,
Gaýraňda-da ümezläp dur öýläniň.
Süýrgünortan!
Haýran edip aklyňy,
Ýatladyp dur, ömrüň kämil paslyny.
Beýik Şahyra
(Gara Seýitliýewiň 95 ýyllygyna
bagyşlanýar)
Gaýa bardyr,
Gara dagy dag eden,
Şol bolmasa,
Dag, dag bolmazdy, belkem,
Gara Seýitliniň aýdymly kalbyn,
Heniz-heniz diňlär şahandaz ülkäm.
Şahyr ýuregiňde soragy bolan,
„Gaşy sürmeliňi”, «Söwer ýaryňy”
Heý, undup bilermi, Pyragyň ili,
„Şahyryma” düzen ýürek sazyňy.
“Şat Watanymyň aşygyny» ýatlaýar,
Küren obañ,
iliñ, kowum-gardaşyñ.
Aýdymlarda ýañlanyp dur mertebäñ,
Şahyrym!
Mübärek 95 ýaşyň!
Eziz halka, Ata-Watan, iliňe
Şygyrlarda mähir bolup garadyň,
Näzik söýgi,
ajap duýgy yşk hakda,
Ýüreklerde orun tapan Garadyň
Gaýa bardyr,
Gara dagy dag eden,
Şol gaýamy,
Ýa-da ol dag beýikmi!
Şygyr äleminiň ýyldyzy bolup,
Baky parlar durar Gara Seýitli!
Bolmasa
Söz mülküniň asmanynda şöhle dek
Saçylabilmersiň dürüň bolmasa.
Ýaş-ýeleňe öwüdiňi, pendiňi,
Eçilebilmersiň goruň bolmasa.
Sadalyk mirapdyr bagt güzerinde,
Guran pirimine çolaşar gende,
Köňül eýwanynda, ýürek töründe,
Oturabilmersiň durum bolmasa.
Baharda gunçalap, ýetişseň güýze,
Ýüregiň ýalkymy nur salar ýüze.
Bereket harmanyň röwşen ýyldyza,
Yetirebilmersiň orum bolmasa.
Ser dolar aň bilen paýhas düründen,
Ýer güllär ynsanyň halal derinden.
Aňyňy göreje siňen görümden,
Galňadabilmersiň gerim bolmasa.
Şeýtan gezermişin ökjäňi basyp,
Halal lukma bilen gelýändir nesip.
Gyzaryp edaly, gabagyň asyp,
Uýalabilmersiň şerim bolmasa.
Arzuw
Dilege berilse akyl alardym,
Alardym hasapsyz,
Sanýetmez halta.
Ynsabyň dostuna eýelik edip,
Nebsiň kör köküne urardym palta,
Şeýdip, çäksiz güýje eýe bolardym.
Dilege berilse abraý alardym,
Alardym sanaçlap,
Alardym gaplap.
Mertebäniň belent köşgün gurardym,
Dünýä baýlygynyň üstünden ätläp,
Tükeniksiz bagta eýe bolardym.
Röwşen ruh alardym dilege bitse,
Göweçläp alardym,
Egsilmez ýaly.
Eçilerdim paýlap jümle-jahana,
Ýürekleriň suwy durlanar ýaly,
Gursaklaryň nury terlener ýaly,
Tarhan dek seçerdim,
Ylham içerdim,
Zemine asmandan sereder ýaly,
Şeýdip, belent ruha eýe bolardym.
Ykbala
Uçardym, gőgi etekläp,
„How-yn” berdiň, „hä-si” hany ?!
Ykbal, maňa beren gűnleň,
Kenizi kőp, şasy hany ?!
Synagdan ýűklediň őmrűm,
Ugruň ýene synagamy ?!
Çäjim-ylham meýdanynda,
Nurdan ber dil-oragymy.
Bolelin berdiň yşkymy,
Çyrag ber, peltesin otlap,
Tűrkäna men, sada diýip,
Gidäýme, űstűmden ätläp.
Durmuş ýoly
Öwrümine,
aýlawyna salsa-da,
Ýollar bizi alyp barýar menzile.
Ümzük atyp,
kerweninden üzülmän,
Ýalkym salýas
Watanyň gül meňzine.
Gutarma ýok.
Bu ýol durmuşyň ýoly,
Ýakasyna ekilipdir çigildem.
Hasratyňy,
gam — gussaňy ereder,
Dikelseň toý,
gamdyr eger egilseň.
Tükeniksiz,
soňlanmajak senaly,
Bu ýollarda söýgi hökmürowandyr.
Akymy bar.
Şatlygynyň çägi ýok,
Baky ýaşdyr.
Ebedidir.
Juwandyr.
Taplanmak
Her täze gün salam bilen ätleýär,
Ýürek ýylysy bar salam sözünde,
Pursatlaryň ädim-ädim süýşmesi,
Täsin yz galdyrýar ýuka göwünde.
Göwün näçe kämil boldugy saýy,
Durmuş bilen darkaş edýär ýadaman.
Bu ýollaryň öwrüminde taplanyp
Şir dek bolýar ejiz ýürek adamam.
Hyýal alyp gaçýar,
Durmuş çagyrýar.
Taparsyň özüňi yşgyň goýnundan.
Dähedem-dessemläp aşan menziliň,
Utuk — ülüşüňdir ykbal oýnundan.
Ýagşy päl
Ulumyň,
şaýola düşüp eselme,
Kemalyňdan görner niçik kesligiň.
Beýikmiň,
inişden inip peselme,
Mertebäňi guçar pälipesligiň.
Maňzyňa görädir agram-mysgalyň,
Il mizanyn deňläp çekebilmersiň,
Akyma görädir ýüzüşi salyň,
Ätläp, girdabyndan çykabilmersiň.
Tebigat paýhasdyr,
adyl danadyr,
Baglar miwesine hergiz el urmaz.
Guýmagursak ärler nazarkerdedir,
Il gününi asla allara bermez.
Guwanyp ýaşamak lezzeti dünýäň,
Sadalyk edebiň gözbaş, ganaty,
Halal kümüş çeşmäň güzerne in-de,
Hakyň nazarynyň bol nyşanasy.
Abraýyn iline goýan gerçegiň,
Ömrüniň binýady peder ruhudyr.
Watanyň şanyna şan bolup gelen,
Mertler köňlümiziň seždegähidir.
Çaga bolup ululara,
Uýan gűnlem, başda galdy.
Buýan çigidinden monjuk,
Dűzen gűnlem, daşda galdy.
Sowat alyp, elde galam,
Şűkűr eýle, yza dolan.
“Bir gűn duza — müň gűn salam”
Iýlen tagam, aşda galdy.
Seçilipdir deň-duşlarym,
Galkynan guw deý joşlarym.
Dűýnki eden ýalňyşlarym,
Ak seçelän saçda galdy.
Mukaddeslik-ojak örkűm,
Bagly şoňa sada durkum.
Ýoýulmajak durgun erkim,
Göýä doňan daşda galdy.
Öműr – kerweniň barşymy?
Biribaryň ýalkaýşymy?
Aňlaman goşa gerşimi,
Gysan gűnlem, huşda galdy.
Galyp bir gűn ese-boýa,
Eýe boldum eziz öýe…
…Ýatlamalam-dűýnűm göýä,
Görlen ajap dűýşde galdy.
Durmuş — umman,
paýapyl ýok,
köpri ýok,
Sen öňe ýüzmeli gulajyň açyp.
Öňe ýüzdügiňçe durlanyar duman,
Gollaryň –kürekdir,
gämidir göwräň,
Aýlaber,
aýlaber,
öňe ýüz dynman,
Gomlardan basylman,
çuňdan haýykman,
Akyma siňýäni halaýar umman.
Durmuş-umman,
Süýr depäñden guýulýar,
Ýaşaýyşyñ-haýýatyñ al ýalkymy.
Gözleriñde yşkyñ alaw-uçguny
Syçrap ýanar.
Sygabilmän bark urar,
Jigeriñde göçer hyjuw göçgüni.
Beýikleri çelgi etseñ ýoluña,
Şugla salar umman dürleñ seçgini.
Durmuş — umman,
joşy bar, ýok gaýtgyny,
Çalýan heňi, hörpi aýrybaşgadyr.
Namarda rehimi gönderýän däldir.
Gom atyň,
tutmasaň tolkun ýalyndan,
Özi ýykyp, özi mündürýän däldir.
Durmuş – umman,
ajaýypdyr kenary,
Ýüze sylyp, ýassanarsyň goluny.
Geljek hakda aydymlary enayy,
Ekiber, ýygyber ömür gülüni,
“Balam” diýip,
saňa janserek bolar.
Kenar balasyny ysyndan biler,
Şoň uçin jem munda adamzat ahli,
…Bir kenarda paýhasy bar durmuşyň,
Beýleki kenarda –ýaşaýşyň mähri.
Dünýä
Bir görseň-ä ala-ýazly-
Toý-baýramy ýetik dünýä,
Bir görseňem çar tarapy,
Edil guýma petik dünýä.
Öwrümi syrly bellikli,
Ömür — ýoluna gullukçy,
Elleri mahmal ellikli,
Barmaklary gytyk dünýä.
Dogan Gün bir ömür aşar,
Ykbal ýazgydyna duşar,
Manysy maňzyna düşer,
Kä ýazgyn, kä çytyk dünýä
Towlanar egrem-egremli,
Saýlanar- keser agramňy,
Aýlanar yşkyň daglarny,
Yşk urana utuk dünýä.
Däli diýmän, telbe diýmän,
Alym-u danasyn saýman-
Aparar sen, soňa goýman-
Köp nokatly nutuk dünýä.
Otjumak ýapylaň atgulaklary
Paşyrdap boýalýar,
ömür reňkine
Ýabyň raýyşyna dyrmaşan tolkun
Çykabilmänine edenok kine
Dikuçar teneçir günüň şuglasyn
Altyn ganatlarna saran mysaly
Garahal kebelek-
näzik gülleri
Kelesaň ýellerden goraýan ýaly
Garynjalaň üzlem-saplam kerweni
Pyşdyn gözläp,
çykýar düzüň goluna
Köpbilmiş möý dynman kerep gatlaýar
«Göze düşen» siňekleriň ýoluna
Men barýaryn dünýä owazyn beren,
Şowhunlaryñ akymynda taplanyp.
Täze yşka,
toýly dünýä garylýan,
Täze türkmen ruhy bilen saplanyp.
Ine, şeýdip galkyp barýar ýaşaýyş,
Günler gelýär tutup bagtyñ synyny.
Myrat atyn menzilime ýar edýär,
Mañlaýyna sepip akja ununy.
Jarçy dünýaň gujagynda elewräp,
Çagyrýaryn geçip barýan ýaşlygym.
Duýgularym öz-özüne syganok,
Guçanymda sary güýzüň buşlugyn.
Göterilýän,
serpip pikir eňsisin,
Ak asmanyň mawy gözüne siňýän.
Owaz alyp,
ganyp arşyň heňinden,
Ak nur bolup,
Käte ýagyp,
Kä diňýän.
Seçelenýän,
ýuwaň seçegi deýin,
Saçlarymy ýar elleri daraýar.
Mizany men,
herne eden işlerim,
Ykbal bolup,
Görejime garaýar.
Meň baýlygym —
Ýagşy pälim,
Ganatlanan,
Ýagşy ýola.
Ýüregimiň gaýmagyny,
Girew eden hak hyýala.
Meň baýlygym —
Gözýaşlarym.
Şatlygymdan
Paýrap inen.
Görejimiň, ykbalymyň,
Ak şöhlesi nura dönen.
Meň baýlygym —
Maksatlarym.
Ömür salym kürekleýän.
Saglyk bilen atan daňym,
Serde Watan,
Ýürekde ýar.
***
Dűýsaň, janyň-teniň bilen, dűnýäde,
Özgeler űçinem gerekdigiňi.
Gőrseň, gőni ýola egri dűşeni,
Ýaňzytsaň bolşunyň telekdigini.
Daglar ýere,
Depe gőge seredýär,
Ýer-gők arasynda çakyşýar nazar.
Durmuşda-da ýaraşyga ýer goýsaň,
Her kim bilenem dil tapyşsa bolar.
Ýőne, başarmak kyn, aýdaýmak aňsat,
Durmuş asal däldir ýuwdaýar ýaly.
Durmuşyň içinden bir geçen adam,
Ýa dana bor, ýa-da
Zyrrajym däli.
Adam
Zeminden çykaryp iki adamy,
Adamsyz boşlugyň erki berilse.
Soň, berip eline, ýeterlik harjy,
Keseden azajyk synlap gőrűlse,
Näder őýdýärsiňiz!
Üýtgärmi olaň,
Bir-birege bolan garaýyş-hőrpi,
Ikisi-de bir-birini äsgermän,
Bir-birniň dőşűne salmazmy tőrpi ?!
Ýa-da äbe-jűýje bolup, undarmy
Çig sűýt emen adamdygyn,
hamdygyn,
Adam bar ýerinde, basdaşlygam bar,
Sygdyrmazlygam bar birek-biregi,
Asylyşyp beýiginiň synyndan,
Ätläp geçer, pespäliniň űstűnden
Ýőne duýmaz,
duýmaz asla Adamzat
Hemmesiniň gyradeň,
Sandygyn,
Gorkmasa sylamaz,
Ürkmese durmaz
Dilegi dűşmese salama barmaz.
Egnine,
çinine,
dinine bakman
Adam bir-birini edermi ykrar.
Belli däl…
Ýazylan bolsa…
Ýazylmadyk kanunyna durmuşyň,
On iki sűňňűm bilen garaşly boldum,
Hileden daş durup,
Sadalyk bilen
Gőni ýol saýlany kemally bildim.
Her kim bir pişede tapýar bagtyny,
Açyklygy saýlan, gűneşe çykýar.
Arassa howa deý ynsap gazanyp,
Wyźdanyň gőzűne dikanlap bakýar,
Hem uzyn,
hem kelte,
.birtaraplaýyn-
Öműr kőçesinde yza dőnme ýok,
Kim bolsaňam, ykbalyňy gőrmeli
Ýazylandan boýun towlap, dänme ýok.
Adam bolmak üçin…
Ýene-de, ýaýlama synym dűşűpdir,
Bu ýerde ykbalyň bagty oýanýar.
Watanyňa eden ýagşyklaryň,
Ömrűňe muhabbet bolup dolanýar.
Watandan soň,
ene-atadan gaýry
Etseň, hyzmat etseň dogan iliňe.
Ýűrek owazy deý goşulup gitseň,
Abykőwser deýin mähir siline.
Gowy adam bolmak űçin,
elbetde,
Ýene ýeke zada ýűzűň tutmaly,
Ýaşaýyşyň dabaraly toýunda,
Adam, ynsabyna hyzmat etmeli.
Nämäniñ şanyna…
Nämäniň şanyna ýaşaýar Adam ?!
Gilip, ýene mundan gitmeli aglap,
Zeminiň takdyryn őzűne baglap,
Nämäniň şanyna ýaşaýar Adam ?!
Özem, ýaşadykça őműr artyp däl,
Kemse, täze aýyň gädilşi ýaly.
Bir bar eken őmrűň dowamy kaýda ?!
Gadym ertekide aýdylşy ýaly.
Bir őműr ýűklenip, wezipe, borja.
Sűrçek ýer ýűzűnde Watan dőredip
Nämäniň şanyna ýaşaýar Adam ?!
Wagtyň aýasynda őmrűn eredip.
Ykrar etmek.
Adam őz-őzűni edip ýőr ykrar-
Zada çapyp, őzgäň gőwnűni ýykman.
Beýik kitaplaryň maňyzyn dűýrűp,
Täsin pikirleriň gaýmagyn syryp,
Ýeňles gylyklara, pese parh goýman,
Ata-babalaryň däbini ýoýman.
Adam őz-őzűni edip ýőr ykrar-
Aňyny taraşlap ädimme ädim,
Bir őműrlik messep, gazanan zadam.
Eýsem, bu dűnýäde gaýry baýlyga,
Beýik mertebesin çalşarmy, Adam?!
Çalyşýanlaram bar,
ýőne olara,
Kiçi dilden bärde diýilýär ynsan.
Ýőne agyp-dőnűp duran dűnýede,
Oňa meňzeşlerem näçe diýseň kän.
Lowurdap ýanmaly mertebe daşy,
Onsuz, gőreçlerden ýiteniň ýagşy.
Mukaddesdir Adam diýen Beýik at,
Ölçege sygardan kändir adamzat.
Hersiniň őz ýoly,
Öz hyýaly bar,
Her şahsyň kőz ýaly ygtyýary bar.
Adamkärçiligiň çygryndan çykman,
Adam őz őzűni edip ýőr ykrar.
Ýaşlygyń oýny
Her dűrli maşyndan hyň berýär kőçe,
Hersiniň iş-derdi őzűne ýetik,
Kőçäni ala-goh galmagal edip,
Gők “Toýota” gelýär yşyga ýetip.
“Toýotañ” içinde batly ýigdekçe,
(On ýediñ ujundan gädeni belli.)
Gözi ýer görenok,
Göwni asmanda-
Öýkeni ýelli.
Haýbatly “BMW”-ä durdy ýanaşyk,
Ulagdan äňetdi epeý ýaşuly:
“Inim, baş bermezek däli ýaşlygy
Ýeňmek űçin saýlan oýnuň şumy ?!
Kimiń depesinden inýär yşk bolup,
Özünden çykarýar, ýene gör kimi
Hökmürowan ýaşlyk synaga salyp,
Mizana çykarýar ynsan erkini.
Bagt hakda
Adam bagtyň nämedigin duýmaýar,
Bagt bilen ýűzbe-ýűz duran pursaty,
Bagtly wagty,
bagt yadyna dűşenok,
Dűşnűksiz mukamdan doly gursagy,
Atygsaýar,
Dűnýä sygman howlaýar,
Adam bagtyň nämedigin duýmaýar,
Ýőne, käte bagtam awçy mysaly
Öz “awuny” ahmal wagty bukulyp,
Bildirmänjik,
duýdansyzja awlaýar,
Bagtly wagty adam bagty duýmaýar.
Bagtyň şuglasyna gőzűn gapdyryp,
Soň…
Ol ýene «bagt» diýip uwlaýar.
***
Men gidip barýaryn durmuş ýolundan,
Sőz bile daşlany duz bilen urup,
Hiç kim meň őňűme kesek atmady,
Ýőne,
tapylmadam kőtel ýollarda
Ýűkűmi ýeňledip, golumdan çeken,
Ynha, şindi-şindi gőrűp otursam,
Gőrűlen azaplar,
Çekilen ýűkler,
Bagta ýetmek űçin taýýarlyk eken.
Durmuş
Durmuş kőne nakyldyr,
űm bilene akyldyr.
Demme-dem sapak berer,
herdem őwreder ýőrer,
Akyl kändir durmuşda,
ondan arzan zadam ýok,
Hernäçe geňem bolsa,
Akla mätäç adam ýok.
Çuňluk
Dünýäň ýasalşynda niçiksi syr bar?!
Haýranda ötürdim ençe ýaşymy.
Beýikdir öýdenim garynja öýdeş,
Ýerden pes diýenim-
Gün bile boýdaş.
Soradym asmandan:
„Senmi iň uly”,
Diýdi: ”Maňa görä Zemin ýaşuly-
Dünýäniň örki ol,
Ol — asly gaýym
Parladyp dur meniň Gün bilen Aýym-
Göterip,
durmuşy beýgeldip bilýän-
Adamzat ähliniň dowamyna şan.
Olar çürbaşlarda owazlanýan heň,
Çuňlukda — Läheň!”
Ýene-de eşdildi mylaýym äheň:
„Beýik zartlar diňe öz-özüne deň,”
…Ýene-de şol aýdym,
Kőne sallançak,
Täze-täze őműr dűşlär goýnunda.
Utugyň omrűňdir,
şondan őzgesi,
Synagdyr,
Synagdyr durmuş oýnunda.
***
Ykbalyny gőrűp őmrűň içinde,
Kim geldi, kim geçdi bu goja dünýä.
Kim bolsa-da,
her kesiň õz orny bar-
Bu dünýä ortaklyk,
Ortaklyk hemmä.
Gyssanma, dünýe
Saňa dowam – maňa ömür,
Durawer, gyssanma, dünýe!
Ýagşylygy gursagyma,
Ezewer, gysganma, dünýe!
Eteneýem bekeşmedik,
Gögeleýem ýetişmedik.
Umytlarym ak pişge dek,
Duş eýle ussada, dünýe!
Geçir ýoluň şam-u-daňda,
Uçur göwnüm goýma gamda,
Içir meýiň damja-damja,
Haýran men nusgaňa, dünýe!
Synam dogumdyr görnetin,
Bu jiger bilmez serhetin.
Bagtda berewer bitin,
Göz gapma tüssäňe, dünýe!
Peseltmäwer, beýgeleýin,
Puryja ber, aýňalaýyn.
Diň salaýyn, heň çalaýyn,
Gulak as, dessana, dünýe!
Giňligimi törüňden ber,
Kemalymy seriňden ber.
Pes pälimi ýeriňden ber,
Döneýin bossana, dünýe!
***
Mümkin,
Oňa “dymma” diýýänler bardyr,
Ýa-da bardyr “ýekemezek” diýýänler.
Ýöne…
Käte daşyndaky barlygy,
Unudýar,
Öz dünýäsine uýýanlar.
Ýürek hem beýni
Ýüregňe diň salyp, pikire çümseň,
Beýniň alyp gaçýar özge bir dünýä.
Dursuň, serhetinde iki dunýäniň,
Görejiň uçgunly,
Ýüregiň gülýä.
Hersi bir maksady salgy berip dur-
Beýni kämilligiň syryna çümýär.
Ýüregiňde welin, çyrpynýar ýaşlyk,
Iki dünýäň, hersi özüçe dymýar.
Ýürek hyjuw-
Islegiňe baş egýär,
Beýni mydam parasadyň yzynda.
Ýaşasyn ynsanyň owazly kalby,
Ikisinem sazlaşdyrýar özünde.
Ömür berdiň
Ömür berdiň, ak yolumy nurladyň,
Orta ýolda soraglarym durladyň.
Aýyr, bendiň, siller bolup akaýyn,
Ganat berseň, asmanyna çykaýyn.
Goýalt aňym, kemalyňda giňäýin,
Aýdym bolup setirlere siňeýin.
Aýyr dünýä, gözlerimiň daňysyn,
Ýygar ýaly halal ömrüň maňyzyn.
Az ber, ýöne bermäweri pujuny,
Kime berdiň kämilligiň täjini?
Göter meni, asmanyňda ýeňläýin,
Ak säheriň mukamyny diňlaýin…
Owaz
Töwerek-daş dem alýar,
Ýagyş ýagýar daşarda.
Imisala ümsümlik,
Gurşap alýar daşymy.
Söhbet edýär damjalar,
Nirä baksaň pyşyrdy-
Emaý bilen yralap,
Hüwdüleýär huşumy…
Dünýä bilen ikiçäk,
Oturmandym bu çakda.
Täze şygryň beýany,
Şineleýär gursakda.
Täsir
Eden işlem — ỳeke damja ummanda,
Dogrusy ỳüregim hyjuwdan doly.
Ỳöne özüm nämüçindir gyssanỳan,
Göwnüme geýdirip umytdan dony.
Bu şygryýet ummanynda gizleýip,
Dürdäne deỳ bendi edýär her kesi..
“Ösüş ỳok” diỳip igenỳärler käteler,
Duran ỳerim — ỳüregimiň merkezi.
Aỳby ỳokdur herhal sorap bilmegiň,
Takyr ýerde otarmaýyn mataly..
Şeỳda kimin saỳrap bilmesek eger,
Dolan göwnüm, özge owaz tapaly.
Düşüp al-asmanyň düýbüne çenli,
Setir bolup düzülýärler durnalar.
Özgeleriň mukamyna meỳmiräp,
Öz heňine goşulỳandyr durnalar.
Beỳle-de bir bisabyrlyk bolarmy?!
Al-asmana telwas edỳär guş bolan.
Menzillere ỳetmek üçin ilkinji,
Düşelgäm siz,
eỳikmedik goşgulam!
Şahyrlyk
Diýdiler,
„Şahyrlyk ataşdan döräp,
Ýangyna öwrülen heserli hupbat”.
Diýdiler,
„Şahyrlyk şemala köräp,
Uçgundan tutaşan gussaly kysmat”.
Diýdiler,
„Şahyrlyk ukusyz gije,
Ýyldyzy sanalan ünjüli asman”.
Ýene-de diýdiler,
„Çykmadyk bije,
Ýürege yşk bilen ýazylan dessan”.
Ýürekden soradym – diýdi: „Şahyrlyk,
Tebigata siňmek,
Ondan heň almak,
Ömür daragtynyň gül pudagynda,
Döwrüňe guwanyp, hoş mukam çalmak”.
Dünýäñ özi…
Dünýäñ özi aýagyña ýykylar,
Dokuzy düzlenen,
aty şaýsyñ sen.
Köp aktly, bir perdeli sahnada,
Käte şa tagtynda,
kä gedaýsyñ sen.
Dünýä mizanyny goýar öñüñde;
Hemme zat deñme-deñ,
hutma-hut barsy.
Artykmaç zat berilmedik ömürde,
Bir alaç tapdyrmaz kysmata garşy.
Ömrüň manysy
Ýaşyryn zat ýok ekeni dünýäde-
Dünýäň özi, açyklygyň üstünde.
Bassyr-ýussur eden günüň gözüňi,
Toprak tutar,
Su Watanyň keşbinde.
Açyklyga ýazylandyr takdyryň.
Aýdyňlykda dyza çökermiş tümlük.
Ýagan bolsaň toprak üste nem bolup,
Sen ömrüňi hasaplama bäş günlük.
Ýarty däldir, gazanan bagt-baýlygyň,
Egri ýoluň rysgy bolmaz,
ýüz öwür.
Aýlanşy deý gezeklenýän çemçäniň,
Gaýtalanmaz saňa berlen bir ömür.
Şoň üçinem, many berip ömrüňe,
Pursatlary eşrepi deý ezizle.
Saman kibi sowurylýan döwranlaň,
Ýüreginden yhlas edip dür gözle.
Göni geldiň bu jahanyň goýnuna,
Gelşiň ýalam,
dürs ýöretgin ädimiň.
Özüňden soň dowam etsin bir ömür,
Dogulaňda dünýä ýaýan aýdymyň.
Kanagat
Ömrüň geldi-geçerligi, dünýäde,
Hemmämize täzelik däl,
aýandyr.
Näçe ömür, näçe ykbal, näçe jan, .
Bu durmyşyň gazanynda gaýnandyr.
Eneň-ataň yhlasydyr,
ýollarda,
Ýörän yzyň mese-mälim bildirse-
Kenarynyň ugrunadyr çeşmesi
Akar durar,
Hergiz sowulmaz terse.
Dogabitdi göwün synyk bolmaýar-
Ýagmyr köwýär gaýalaryň syrçasyn.
Halas borsuň, ýumrup bilseň kalbyňda
Ömri iýýän nyşanlaryň barçasyn.
Abraý alsaň-
garynjadan misil al-
Ýygnan goruň ýetsin ýedi arkaňa.
Ýagşylyk et-
Sogap ekseň ir-u-giç,
Öwezine Halyk bardyr ýalkara.
Beýige bar…
Ýamanlygy sabyr bilen ýeňip bor.
Pesligi hem takat bilen, ýeňersiň.
Derdiň aýdyp ötüp barýan ýellere,
Gaý ýatansoň ýene özüň diňersiň.
Şondan soňra gursagyňda yz galar
Tyg yzynyň galyşy deý galkanda.
Köşeşersiň,
Umman oduň söndürer,
Dag göterer ýüküň bolsa arkaňda.
Ýagşylyga ýüzüňi tut ýeňlärsiň,
Beýige bar,
Gol ýaýradyp örňärsiň.
Deňeşdirme
Sen-ä damja,
Olam umman
Tapylýarmy senden ganýan,
Ummanyňky ýaly joşgunyň barmy !?
Möwjäp ret edýäňmi käte kenary !?
Ol gara dag,
Sen bölek daş,
Boýuň barmy göge boýdaş.
Ne gaýaň bar,
Ne-de başyň dumanly.
Şu günüň bar,
Gelejegiň gümanly!?
Umman –
dünýäň keşbin alýar,
Dag –
heňňamyň keşgin alýar,
Ownuk-uşak böleklenen parçany
Harasatdan öňürti daşgyn alýar.
Durmuş bolsa…
Adalatmy!?
Adalatyň gara gőrnűm yzyndan,
At gaýtarym ýerden sesini eşdip,
Gidip barýas,
Muňa durmuş diýerler,
Adalat-a atly,
Senem pyýada.
Durmuş bolsa, őz kanunyn ýőredýär,
Ajy, sűýjűsinden kemsiz doýryp,
Baş egeni őz yşgyna hőwűr edýär.
Gőnűni ýepbekläp,
Oňy:ny saklap,
Egrini goraglap, dogryny kaklap,
Ilkibada, togsan dűrli oýun edýär,
Enter-pelegiňi kemsiz őwűrip,
Uşakgőz elekden eläp, sowuryp,
Gazanynda gurşun kibi eredýär,
Şeýdip,
“mahmal” akabasyn dőredýär,
Ylykdyryp ýaldyr-ýuldur alyna
Ahyrsoňy,
Öz ýolundan ýőredýär.
Seniň yşkyň
Seniň yşkyň –
Gujurymdyr,
Ykbalyma gurbat beren.
Yhlasymdyr —
Gursagyma
Nika bilen guýlan kerem.
Seniň yşkyň,
Gursagyma,
Howur berýän ýagtylykdyr.
Ýaşlygyma höwũr bolan,
Sahawatly ýagşylykdyr.
Seniň yşkyň —
Umytlarym,
Jigerimden gaýnap çogan.
Ak gunduz deý ynanjymdyr,
Ylhamymdyr dynman ýagan.
Seniň yşkyň –
Gujurymdyr,
Ykbalyma gurbat beren.
Yhlasymdyr —
Gursagyma
Nika bilen guýlan kerem.
Seniň sada yşgyň bilen
Seniň sada yşgyň bilen,
Seniň wada-ähtiň bilen,
Bildirmedi bu ýollaryň egremi,
Bildirmedi bu sallaryň agramy.
Gidip barýas egin-egne diräp.
Ertirine uçup barýas,
Kä ýöräp,
Bile geçýäs al şapakly
Ömrümiziň ýoluny,
Öwrüminde,
Aýlawynda aýak çeker ýalymy?!
Gidiberseň taplaýandyr,
Synalaryň berkeýär.
Baş egeni apalaýar,
Kerwenine tirkeýär.
Çekip barýas ỳaz gũnleriň
Owsarynyň ujundan.
Şeýde-şeýde,
Duýmandyrys arkadag,
Geçip barýas bize meňzeş
Ýaşlygmyzyň duşundan.
***
Dűnýäň yşky uçgun seçip gőzűňe
Kalbyňa ýagypdyr muhabbet bolup.
Yşgyň, ýűregimiň taryna kakyp,
Mukam dőretmese bilmen, ynjalyp.
Çyrag bolup ykbalyňa,
mukaddes ojagyňa,
Ýüregimi pena edip,
şahandazyň bolmasam.
Togap edip, Käbä deňän
sahawat-saçagyňa,
Mährim gatyp, bu ýollarda
arkadagyň bolmasam,
Söýme meni mele saçym,
kaddy- kamatym üçin.
Ýazlaryňy ýazym saýdym,
gül-pürçükler beslenip,
Ruhubelent çuň kalbyňda
owazlanyp, seslenip,
Günleriňe asal gatyp,
ruhlanyp, höweslenip,
Göwün atly toýhanaňda
yşk çyragyň bolmasam,
Söýme meni sary meňiz
roý-alamatym üçin.
Ak çabga men, ak nur bolup
ineýin bossanyňa,
Müdümi taý bol ummanda,
ýüzýän ömür salyma,
Yşk siňdirip yhlasymdan
çitilen gül haly:ňa
Göller bolup, ýüregiňde
örkli bagyň bolmasam,
Söýme meni näzik ellem –
kepder ganatym üçin.
Mukamlaryňa teşne men,
kak dutaryň taryna
Şazadam sen, Aýyň bolup
baraýyn huzuryňa,
Sen – yhlasym, men — myradyň,
dönüp seniň ýaryňa,
Aýdymyňa sesim goşup,
edil özüň bolmasam,
Söýme meni aý jemally,
gűl deý syratym üçin.
***
Dilime şan bolup,
erkime goýman,
Sözlerim sen taýa joşup akyp dur.
Goýazy tümlügiň ak saýawany –
Tüýnükden nurana Aý gaş kakyp dur.
Dymmasana,
didäm, gezek seniňki,
Aç tämiz ýüregiň düwünçegini.
Diňläýin per bermän aladalara,
Arzuwdan dolduryp göwűnjigimi.
Gel, göter göwnümi,
kötel ýollarda,
Tukatlyga duşup tazygan çagym.
Bilseň, äleme-de ýagtylyk gerek,
Gel, bile ýakaly
Yyşkyň çyragyn.
Aýa meni !
Aýa meni!
Aýaňdaky gülüň men,
Saňa bagly ýaz deý sada görmegim.
Jübütligi gumrulara göz edip,
Ýazlagyňy yhlasymdan gözlegin.
Höwes bolup aksyn mähir silimiz,
Dyz epmesin, hergiz ömür kerweni.
Saýrap-saýrap aşyklary kökerýän
Bilbilleriň arasynda gör meni!
Gara göz ýar!
Sähetli gün dakypdyr,
Barmagyma seniň ömür halkaňy,
Asman bolsaň meniň tämiz daňyma,
Men ykbalyň iki dünýä ýalkany.
Aý yşkyna gözlerimiň şuglasy,
Ýanyp-ýanyp jigeriňe çog bolsun.
Ak bagtyma dolan ýeke pursatyň,
Ykbalymda bir ajaỳyp çag bolsun.
Yşk lälesi
Sen — ýaşlygyň owsuny,
Göwnüň ter,
Ýaňagyň ter.
Naşyja yşk dessesi,
Gözüň – uçgun,
Sözüň — ter.
Jigeriňde gaýnaýar,
On ýediniň mukamy.
Saňa altyn gapysyn,
Açmyş söýgi dükany.
Syratyň — peýker,
Melek,
Goluň — kepder ganaty.
Guş boýun,
Simap beden,
Sende yşkyň kamaty.
Gülälek,
Al çigildem –
Ýazyň elwan halysy.
Törümiziň bagty sen,
Kalbymyzyň lälesi.
***
Gel, otur gaşymda,
Diňle,
Saýraýyn.
Kalbyňa hoş mukam bolup ýaýraýyn.
Geçirme duşuňdan,
Etme bahana.
Bu günler meňzeýär
Baharystana.
Barmaklarym-şana,
Saçyň daraýyn.
Dymmasana didäm,
Cog bol,
Eräýin.
Yşykla kalbymyň,
Penjiresinden.
Omrüme ömür ber,
Ýar!
Höwesim sen!
* * *
Ýör, çykaly ala daglaň gerşine,
Gol tutuşyp,
Käte pessaýja uçup.
Bakybersin özüm deýin gözeller,
Gabanamok.
Gabanç — söýgüde uçut.
Gowşur maňa,
Yşkyň dagyna galyp,
Erkinlikde ýygan yhlas çemeniň.
Ýedi yklymyň baýlygyna deňemen.
Buýsanç bilen boýna dakan ynamyň,
Seniň ýanyňda
Men seniň ýanyňda –
Ýanyňda wagtym,
Ýazylyp-ýaýraýan çaga mysaly.
Arzuw-hyýallardan merdiwan ýasap,
Göge gol uzaýan-
Ýetäýjek ýaly.
Men seniň ýanyňda –
Ýanyňda wagtym,
Özümi şeýle bir erkana saýýan.
Iňňäniň gözünden kiçijik göwnüm,
Äleme syganok –
Özümem haýran.
Bizi ykbal duşurdy
Tötänden däl,
Bizi ykbal duşurdy,
Sadalygyň yzy ýitmesin diýip.
Muňa gelen yz galdyrýar ebedi,
Hem jahany,
Hemem durmuşy söýüp.
Niçik bolar, günler seni tanaman,
Keseki deý biparh göz bilen baksa.
Pursatlaryň täsin yşky seriňi
Göçürmese,
Gaýtam seni ýadatsa.
Muňa gelip,
Taýyň bilen ikiçäk,
Bagtdan nyşan goşa Gün deý saýylmak.
Ykbalyňy söýen ýürege baglap-
Baky şertdir bir pyntykda ýarylmak.
Ýalňyz Derek
“Sensiz köýýän” –diýip sözleýär ýigit,
“Menem söýýän”-diýip pýşyrdaýar gyz.
Ýigit edep bilen ýüregin açsa,
Gözel ejap bilen dillenýär.
Ýalňyz
Derek otyr diňläp aşyk-magşugyň,
Ähti-peýmanyny,
Ýürekden çykan,
Kümüş şelpelerin ykjadyp çar ýan,
Ýüzüni öwürip olara bakan:
“Sähetlisin seçip şowly günleriň,
Ömrüň altyn toýun tutuň tizden-tiz.
Tamdyra gyzanda ýapylýandyr nan,
Ýakan alawyňyz sönmesin, hergiz!
Ykbalyň öwrümli ýol ýakasynda,
Gyssanyň!
Men ýaly galaýmaň ýalňyz!”
Küýseýän
Asmanyma ülker bolup ýazylan,
Baharyň ak öýmesini küýseýän.
Gunçasynyň sandyjagy çyzylan,
Ýazyň göwher gaznasyny küýseýän.
Hoş mukamy — şirwan perdäň sazyndan,
Duz tagamy — perişdeleň nazyndan,
Tebigatyň böreňleýän howzundan,
Owuz süýdüň gaýmagyny küýseýän.
Ýaňy gitdi,
ýel çalanok tozuna,
Göwnüm diýýär “Bakaýsady yzyna”,
Goja dünýäň demi ýüpek gyzyna,
Boýdaş bolsam,
huzuryny küýseýän.
Hörpün u:nap bossanyna uýanym,
Gadamyny messanyndan duýanym,
Ak dünýäme behişti nur saýanym,
Döwranymyň ýazlagyny küýseýän.
Egnindäki ýapynjasy parçadan,
Kemeri bar, ýaşlyk deýin arçadan.
Diýarymyň ýollaryny torç eden,
Gül Baharyň nazaryny küýseýän.
Eger…
Hyjuwym, hyrujym-
kalbyma dolan,
Arzuwym, terligim-
sabadan gelen.
Küreksiz gaýyk men bialaç galan
Mylaýym didäňden ýüzümi sowsam.
Özüňi aldyrdyň-
hoş gylyk bilen,
Ykbalyma dolduň-
bakylyk bilen.
Gün ýapar ýüzüni ak bulut bilen.
Sen menden,
men senden ýüzümi sowsam.
***
Oturmaýyn,
Men baraýyn ýanyňa,
Mensiz, saňa durmuş ýoly dar bolar.
Bu kőçede tenhadygyň duýsalar,
Hűjűm eder gargalar.
Eglenmäýin,
Baraýyn men ýanyňa,
Maňlaýyňa sepilen ak un bolup.
Egilseň gam,
Dikelseň toý dűnýäde,
Men baraýyn,
Çoýmaga ak Gűn bolup.
Lowurda
Gül ömrümiň sowgat beren,
Ykbaly deý lowurda sen,
Gel, ýanyma, iş aladaň
Harmanyny sowur-da sen.
Ýanymdakaň, dünýäň ýüzi-
Bize bakan bagtyň gözi.
Püçege çykar, bet sözi
Ýagşy niýete ýor-da sen.
Gün çykdy şapak içinden,
Pikir bar aňyň göçünde
Ýaşlyk duşumdan geçende
Yşkymy ber öwür-de sen.
Soraglap birek-biregi,
Ýaşamak — ykbal diregi,
Ten ile iki ýüregi,
Bir jan eýle ýugur-da sen.
***
Eger, müň jan bolsa, meniň emrimde,
Āhlisi yşgyňa gurban, arkadag.
Manysy maňzyna düşen ömrümde,
Söýgetli sözleriň derman, arkadag.
Gözlerimde saklap, eziz keşbiňi,
Ýüregime ýazdym tämiz yşkyńy,
Ykbalyň ömürden göwni hoş güni,
Eçilen bagty bi döwran, arkadag.
Çeşmäniň hanasy daglardan çykar,
Derýalar jemlenip ummana akar,
Söýginiň nazary wepala bakar-
Seň mähir käniňe haýran, arkadag.
Barmaklaň çözende zülpümiň towun,
Erk edebilmerin yrylsa göwun,
Ömür gana-gana dirilik suwun
Süzer gözlerinden durnaň arkadag.
Şat günüň göwnüňe siňer göçgüniň,
Aýa toýnuk salar dertden aç günüň,
Yşkyň, görejiňe seçen uçgunyn,
Sakla aý-ýyllara bermän, arkadag.
Wagt suwdyr, akar durar üzülmän,
Kysmat bolmaz ak ykbala ýazylman,
Şygyr bolup ýüregiňde ezilmän,
Gola gelmez yşky perman arkadag.
Akyl zerurlykdyr daýhana, hana,
Hazyna bukulmaz eleşan dona,
Bu küren dünýäde ýene bir ýola,
Ömür dönmez öwran-öwran arkadag.
Zeminiñ yşkyny durlaýar asman,
Injir miweleýär parlap gül açman,
Setirlere dolup, çeşme deý akman,
Gide bilmen, özge bir ýan arkadag.
***
Geçen günleriň ýeller deý,
Bady bilen ulaldyk biz.
Soňy ýok alladalaryň,
Aýasyna dolandyk biz.
Arzuwlardan öý gurundyk.
Bagtly pursaty sypdyrman.
Wysalyň gülün gazandyk
Gaýry niýetlä syr bermän.
Bir gün eje-kaka bolmak,
Bize nesip etdi.
ýöne…
Başyn alyp gitdi ýaşlyk
Ýaş gitdi,
Ýetdi bir çene
Jary kän
Maňa şelaýyn dünýäniň,
Ýylma sözün aýtma, didäm.
Onsuzam, ýetim göwnümiň,
Säwlikde synan ýeri kän.
Guş dünýäsine ugraşsaň,
Ýere golaýlaman uçsaň.
Hyýal göçümine düşseň,
Kalbymyň göwher — zeri kän.
Asmana baglap örkümi,
Saklasam Ýer deý durkumy,
Tümmekden dagyň parhyny,
Ýaýmaga dünýäň jary kän.
Kämilde aklyň goýalsa,
Täň ýolda ykbalyň gelse,
Ynsan ähli aňly bolsa,
Göwnüň altyn açary kän.
Durmuş hakda
Ýene durmuş,
tükeniksiz ýoldur bi
Dag, deňiz sahrasy özüne kybap.
Agramyňa görä nyrhyňy kesip
Mazmunyňa görä geýdirer lybas.
Akyl satmak näme derkar,
bu bell-ä
Ýollar bizi alyp barýar hatara.
Köplügiň içinde ýitmersiň hergiz
Giç düşünýäs durmuş atly matala.
Durmuş
çalyp ýadar ýaly gyjak däl
Her perdesi bir mukamy gaýyrdar.
Şu günleriň tolkunyna siňeniň
Düşlegi ýaz,
elwan gülli baýyrdyr.
Göwün sygsa göwre sygjak gaýykda
O kenardan bu kenara ýük daşap
Giç düşünýäs,
bir-biregi kakmalap.
Hasaba jür durmuş durşuna hasap.
Asyllylyk
Iň ýokarky perdesi
Ynsan ynsabyny şoňa düzmeli.
Ädimiň dürs, saglyk bolsa iş tamam
Çuňlugyny boýlamaly, ýüzmeli.
Aýdym
Senem meni nazaryňdan salmany
Yzarlap barýarsyň,
Men muny aňýan.
Nirede bolsaň-da gollarym gerip
Saňa sary alňasaýan,
Gyssanýan.
Eýgertmezdir bu durmuşyň hökümi
Ýöne, bizde mähir atly gorag bar.
Synaglarda
Mäkäm tutup syýnyňdan
Ýola düşsek, eräp gider soraglar.
Gör-ä muny,
synag-hasapdan doly
Ömür çäkli,
wagtyň sazy üzülmez.
Bile geçen ýolumyzyň aýdymy
Bizden özge hiç kitaba ýazylmaz.
Ỳyldyzlar
Ỳyldyzlar öçmeýär-
Nurana keşbi,
Garramaỳar,
Ömürbaky lowlaỳar.
Şöhlesini geçirip tüm gijeden,
Goraỳar yşky.
Ỳyldyzlar öçmeỳär —
Lowlaýar yşky.
Mähir doly nury
Eýleýär keşti,
Çünki, olar yşka düşen asygyň,
Kalbynyň keşbi.
Meňzeşlik
Gapymyzda agzy çöpli gumrujyk,
Öỳ gurunỳar,
Yhlas bilen sünnäläp.
Ony görüp, biygtyỳar oỳlanỳan,
Olaň kalby
Meger goşa gün ỳalak.
…Bir wagtlar,
Höwürtgejik gurupdyk,
Her çöpüni çöpläp ỳeke-ỳekeden,
Şol yhlasdyr,
Meger ỳola ataryp,
Ỳaşamaga ynamymyz bekeden.
Ýyldyrym
(haýyş boýunça ýazylan goşgy)
Tiz, sowadyň,
Ne sebäpden tiz öçdüň,
Ykbalymda tüweleý turzup geçdiň,
Ýüz döndürdiň yşka suwsan ömrümden,
Aýak çekdiň gama batan köňlümden,
Ne sebäpden, kalbymda ot sowurdyň,
Ömrüme deň,
Belki ondan agyrdyň,
Ýüregimde pitne turzan howurdyň.
Gözüm gapyp tutaşdyrdy yşkymy
Jülwe bile kalba ýollan lowurdyň.
Tüm içinde çawlan ýyldyrym kibi
Duýgym bile ýowuz oýun etdiňmi,
Täsin heňde,
Saýrap yşkyň dilinde
Şalpy-şaraň guýan öýlänçi Senmi?
Ýöne yşkdan humar bolan didäme
Göni bakyp “Ezizim” diýipdiň-ä,
Soň öwrülip asmanyň ýyldyzyna
Özelenen yşkyma diýmediň “hä”
Synadyňmy,
müň sowally dünýä deý,
Gynadyňmy, telek pişäň bes et, heý!
Men ynanjaň,
Ýöne sen deý yrga däl,
Taba geldim, öňkim ýaly ýygra däl,
Gaýtaryp ber!
Boşap galan ýüregimiň höwesin,
Sensiz geçen, boşap galan ömrümi.
Pursatlaryň, minutlaryň öwezin,
Dolan maňa!
Aýnam, ertire goýma,
Garaşýaryn!
Dolan maňa giç diýme!
Şeýdip,
Aýnam, buzdan sowuk dünýäde
Ýalňyz galan Eziziň kalbyn oýna.
Ýiten söýgiň yzlamaly dünýä bi,
Bagryňa bas,
Ýetim galan dünýämi.
Ýol
Bileje barýarys uly şaýoluň,
Ter güller ekilen boýuny syryp.
Öňe ädim urýas,
ýöne ýaşlygyň,
Goýnuna dolanýas ýatlama dörüp.
Barha ýakynlaşýas ömrüň ýazyna,
Ýüwrük hyýallaryň yzynda gagşap,
Ýaşlykda beslenen arzuwly dünýä
Gujagyny gerýär maňlaýdan ogşap.
Biz gidip barýarys,
ykbalymyzy,
Röwşen gülleň roýuna boýadyp.
Nowruzyň nury deý ýaz kalbymyzda
Şowhunly durmuşa yşky oýadyp.
Uýmak
Ne beýle kyn görýäň,
Dymýaň arkadag,
Sähelçe salymlyk ünsümi sowsam.
Asmanda ak “Ulker” boýnuny burýar,
Arzuwly döşüňe başymy goýsam.
Men gülüň ýapragy-
Seniň yhlasyň,
Yşkymyz tämiz heň-
Päklige akýar.
Gökde ter ýyldyzlar gözleriň bolup,
Näzenin kalbymyň taryna kakýar.
Türkana dünýäm bar,
Yşkyňa maýyl-
Seniň ykbalyňa ömürlik sapar.
Intizar ýüregim,
Perwana kalbym
Diňe seň dünýäňde,
Ýar,
Karar tapar.
Seÿle çykyň!
Çigildem deÿ,
yşka suwsan ÿürekler,
Ak säheriň çigregine ezilýär.
Bu dünÿäniň terzi täsin demine
Humar gözler melul bolup süzülýär.
Aÿdylmadyk jümle bilen pyşyrdap,
Tolkun atÿar, asman ÿaly gök deňiz.
Ömür bolup ýerden çykdy paşyrdap,
Gökje maÿsa.
Baÿyrlara baksaňyz.
Gök ÿuwaly düzlere syn etseňiz,
Kömelekler göge boÿun uzadÿar.
Ownuk-uşak aladalardan ätläp
Seÿle çykyň!
Durmuş meÿin uzadÿar.
Tebigatyň pyntyk ÿaran mahaly!
Gözelligiň ylham bulguryn içiň,
Göz güldürýär, dünýäň nowça bahary.
Söýüp-söýlüp,
möwç urup serden geçiń,
Seýle çykyń!
Güneşli kalp
Meň kalbymda,
Ýamanlyga orun ýok,
Yşga uýup,
Ýyly mähri duýýan men.
Nury didäm şuglasyny göterdim,
Ykbalymy “Bagtym” diýip söýýänden.
Meň kalbymda,
Ýamanlyga orun ýok,
Ýagşy pälim doň ýüregi ret edýär.
Säwlikleriň sowallary kalbymyň,
Ýylysynda kämil gory döredýär.
Kän garaşdym.
(Talyp gyzyñ dilinden)
Gözleriñde görüp yşgyň uçgunyn,
Rowan boldum göwün atly Käbäňe.
Sözle ýigit, maňa sataşan wagtyň,
Ses-sedasyz erkim çaýkamań näme.
Kän garaşdym,
ogryn synlap boýuňy,
Geleriňe garaşdym men, ýollarda.
Senden özgä bilmen gabak galdyryp,
Göwnüm etmez,
Ömürboýy ýalbarsa.
Gelme,
ýöne gabadymdan geçeňde,
Göz güldürip, kalbyma ot atma sen,
Söýjek bolsañ, küýse, söýen şekilli,
Yşgyñ,
diñe meñ köçämden gatnasyn.
Duýgyň bolsa,
soňa goýma bijäni,
Beýan eýle,
ýürek syryň nämedir.
Yşgyń özi ummanda iki saly
Birleşdirýän keramatly gämidir.
Sil
Asmanyň synyny öpüp,
Sil gelýär menziller ötüp.
Ejizi, güýçlini,
bikär, işlini,
Dünýä deý ýaşlyny saýgaranok ol-
Jahan şalygyna egnini deňlän,
Gaýalaň haýbatyn özünde jemlän
Daglary özüne taý görenok ol.
Ýekeje bir zady,
dine ýaşlygy-
Ruhubelentlik hem
göwnühoşluga,
Ýar eýläp
ruhundan göçgün joş berip
Beýik şalygyndan goýberenok ol.
Tebigatym-gözbaşym
Tebigatym!
Gűl geýinen jenanym.
Oýanypdyr, kuýaşyň nur neşterne.
Aýak ýalaň, selin saçly Garagum,
Gűl dűşeýär, ak çägeli keşlerne.
Tebigatym!
Şirwan dilli dutarym,
Içki dűnýäm telwaslaryň muşdagy.
Söwűtleriň başyn egen telleri,
Sűlműreşip, oýandyrýar ýaşlygy.
Ak dűnýäniň sabasyny gulaçlap,
Gaýmalaşýar gökde torgaý, serçeler.
Diýarymyň kemerine görk bolup,
Pajarlaýar, nurdan ganan arçalar.
Tebigatym!
Gűl geýinen jenanym.
Oýanypdyr, kuýaşyň nur neşterne.
Aýak ýalaň, selin saçly Garagum,
Gűl dűşeýär, ak çägeli keşlerne.
Atyzlarda altyn bugdaý şowurdap,
Bolçulykdan habar berip tolkunýar.
Sanajyňy kakyp gelseň ýaz bile,
Supradaky nan sen,
gözűň dokunýar.
Tebigatym!
Arşyň peri–peýkeri,
Ýylgyryşyň – gűl-gunçasy bagtymyň.
Deňiz, dagyň, sähra, dűzűň – melhemim,
Nepesimsiň,
dowamysyň wagtymyň.
Baharym
Göwnüňi göterýär bezemen dünýäň,
Alabaharynyň dogaýy demi.
Ýagty gelejege uzan şaýoldan,
Pessaýja gaýdyryp äkidýär meni.
Ýeňleýär ökjeler,
nurlanýar gözler,
Ýeňles ýel galgadýar gyzlaň çokulyn.
Öýkünjeň tebigat suratçy bolup,
Gözýetime çekýär behişt şekilin.
Nurana baharym,
seriň nowjuwan,
Çabgalarda gelýäň, şowhun saz bolup.
Ynsanyň pynhanja duýgusyn oýnap,
Kalbyna gor guýýaň näzli gyz bolup.
Göter, juwan dünýä ýeller galgadýan,
Owadan öýmäňi göter ýüzüňden.
Ykbal gurbatlanýar,
ömür terlenýär,
Baharyň gül seçen dag-u düzünden.!
Ýaz gelende…
Ýaz gelende,
Garagumuň üstünden
Jahyl kibi yşga düşer bu ýerler,
Tebigatyň dür dökülýän kesbinden,
Dag-depeler toý donuny geýerler.
Gül seçiler, dereleriň deminden,
Gül seçiler, Ene ýeriň deminden,
Bildirer sesinden, bildirer yşky,
Gül Baharyň messana ädiminden
Ýaz gelende,
Synasyna gül geýip,
Kalplara yşk girer duýgyňy oýnap.
Çabga ýagsa, nagma çalsa tebigat
Zybana söz iner ýürekde gaýnap.
Ýaş-u juwanlaryň ökjesi ýeňlar,
Bu bolşy ne eje, ne goja geňlär,
Şeýdip, ýazyň yşky uran serleri,
Dünýäň däli-porhan heseri deňlär
Ýaz gelende,
Diýarymyň üstünden,
Adamlar şeýlebir mährem görünýä.
Aýdymçy guşlaryň owazy içre
Durmuşyň toýuny toýlar bu dünýä.
Ýaz gelende,
Direliş ülkesinden,
Ylham akýar ýürekleriň üstünden.
Gűýz oýlanmasy
Gűýz bir baldan doly tabak,
Itiň-guşuň rysgy bile.
Ser aýlanýar Zemin ýalak.
Gőzel durmuş waspy bile.
Daglarda şapak tutaşar,
Bagtyň bagtyna sataşar.
Zemin ot deý ýanyp-őçer,
Paýhas kibi pasly bile.
Emelçi oňarsa eger,
Çenemän nyşana deger.
Çaman bolup ilki geler,
Kimler saman asty bile.
Polat dőwűler, egilmez,
Kak suwdan balyk sűzűlmez,
Dűnýäň nogsany dűzelmez,
Bar-ýogy bir goşgy bile.
Ýazlaşyk
Ýaz dűnýäniň ýaşlygy,
kämile, uza meňzär,
Juwanlygyň joşguny
ajap bir saza meňzär.
Söýen ýűrek söýűlsin,
owsunjy näze meňzär,
Köňűller owaz eýläp,
Zemin alaýazlandy.
Seleňli go:l, dűňle çöl
ýaşyl dona boýlanýar,
Gelin gyzdan giň ýaýla
şagalaňa aýlanýar.
Nowruzym – Täze ýylym
arzuwlaryn paýlaýar,
Ata Watan, ene toprak
gűneşden çyraglandy.
Ýel öwűsýär daglardan
bir näzijek dem bolup,
Janly-jandar oýnaýar
ýaz yşkyna jem bolup.
Men ummanyň damjasy,
ýagsam saňa nem bolup,
Ýaz ýaýlaňda ýaýlasam,
älem-jahan sazlandy.
Gözbaşym — tebigat, goluňda badaň,
Haýýatyň suwundan püre-pür doly.
Içir bulguryňdan,
içir tebigat,
Kalbymyň nowasy gowzamaz ýaly.
Sesime çaý owazyny çeşmeleň,
Şirin nagmalardan saýrarym ýaly.
Göçür meý-mes edip göçgünli serim,
Yşk bolup jahana ýaýrarym ýaly.
Seçele depämden ak urbalygyň,
Ykbalym pamyk deý päklener ýaly.
Geçir, böwet goýma,
geçir tebigat,
Garalyk päklenip, aklanar ýaly.
Çekýärsiň düzüme uçmahyň keşbin,
Diýarym dört pasyl uz bolar ýaly.
Gujur sen durşuňa,
sensiň tebigat,
Gözellige uzan ilimiň päli.
Monjuk dak boýnuma yşkyňdan düzüp,
Herdem huzuryna bararym ýaly.
Eçil bossanyňdan,
eçil tebigat,
Güllere bezelsin ynsanyň ýoly.
Gijigen gűýz
Gijigen gűýz aňzak gyşy ýatladýar,
Kesgir ýeli geçjek bolýar içiňden,
Etene guş tőweregi synlaýar,
Sallançak deý hőwűrtgäniň içinden.
Oýlanýaryn,
ýene sanlyja gűnden,
Gűýz geçer, ak gyşa ornuny berip,
Bir kowçumy uçrum eden “Käbäni”,
Otyr daragt gerdeninde gőterip.
Çal Hőwűrtge otyr baga duwlanyp,
Uçrumlarnyň owazyna guwanyp.
Bu daglarda
Daglar, eý gojaman daglar,
beýikligňiz hakdan bildim,
Egrem-bugram ýol-ýodaňyz
Zemin üste damar bildim.
Çigildemleň göze sürtüp,
mertebäňe tagzym kyldym,
Gursagyma melhem howa,
durkuma gurp, gaýrat aldym.
Belent ruhuma badalga,
Kuwwat bardyr, bu daglarda.
Bir pursatlyk saňa gelen,
bir ömürlik mukam alar,
Ata-baba pederlerden,
pähim-paýhas dowam alar.
Daraw-daraw kemerleňde,
ýady bardyr asyrlaryň,
Aşyk bolan dag köňlüne,
beýik türkmen ruhun alar.
Belent ruhuma badalga,
Joşgun bardyr, bu daglarda.
Depeleriň ak garlydyr,
meňzäp Älem danasyna,
Sende ynsan ylham alar,
göwün sygmaz hanasyna.
Keramatdyr goýnuň seniň–
Ýagşyzada golun beren,
Bakylygyň sap nusgasy,
Heňňamyň didaryn gören.
Belent ruhuma badalga,
Medet bardyr, bu daglarda.
Saňa geldim, şaýat boldum,
beýikleriň durjagyna,
Senden aldym, bir goşawuç
gönezligi gursagyma,
Gadymysyň, taryhysyň,
jümmüşli, baýlyk, gençlisiñ,
Gudrat bilen bina bolmyş,
Hak eçilen buýsançlysyñ.
Belent ruhuma badalga,
Kerem bardyr, bu daglarda.
Göwün saçagy
Bagtdan bina bolan döwletli Diýar-
Sahawat ülkesi,
Berkarar ýoluň.
Belent harmanyňa daglaram hýran,
Bugdaýa beslenen depedir goluň.
Daýhanyň myrada gowşan yhlasy,
Ygşyldap saz edýär tylla atyzym.
Düşüp dur Watanyň röwşen ýoluna,
Nurana şuglasy Altyn asyryň.
Behiştiň Zemine tylla saçagyn,
Açar gabarçakly daýhan elleri.
Birisi müňläpdir,
Müňlesin ýene,
Görmäge göz gerek pirli pelleri.
Gör, galla dagynyň Arşy guçuşyn,
Watan asmany deý rahat janym.
Gundogar keremin-
Hödür saçagyn,
Äleme ýazyp dur Turkmenistanym.
Rysgal-bereketi Arşy Agladan,
Bu saçak türkmeniň paýhas-pähimi.
Kenary-kanagat,
Hanasy ynsap,
Budur türkmen ýüreginiň mähiri.
Tamdyryň alawy-Allaň gudraty.
Galkyp gitdi göwünleriň eşreti.
Gör, halal daýhanyň gaýraty bolup,
Nanyň gul ýüzünde ýyldyz petredi.
Gadymy Änewden seslenen dänäň,
Bu gün dünýä dolýar toýly owazy..
Bakylygyň eşretine dönüpdir,
Hudaý ýalkan halkyň dileg-dogasy.
Dunýäde ýeke-täk «Ak bugdaý» köşgün,
Diýarym döretdi şanyňa gallam!
Döwre — ruh ol,
Ýaşaýyşa-öwüşgin,
Sowulmaz döwrany ýar etdi Allam.
Daýhanyň elinde altyn oragy,
Ýalkymy Gün bolup Güne bakyp dur.
Zer gulpak sümmüliň çäji geregim,
Halkyň rysgy derýa kimin akyp dur.
Gallaly galany alan gallaçy,
Bir belent ýeňişli pälwan merdana.
Altyn eýýamynda peder paýhasy-
Ýap-ýaşyl maýsalar dönýär zer dänä.
Bugdaýyň mekany çörekli ýurtda,
Halallyk örňeýär,
Kök urýar ynam.
Keremli topragna gül Diýarymyň,
Ebedi aşykdyr Aý bilen Günem.
Köňüller soltany bugdaýly meýdan,,
Derýa-da möwç urup oýnuňa gelýär.
Garaşsyz Watanym!
Galla ummany,
Tolkunyp-tolkunyp goýnuňa gelýär.
Galla toýy!
Türkmen öýi ala-ýaz,
Müň dürli şatlykdan bagryň ezilýär.
Beýik pederleriň göwün saçagy
Hem Watana,
Hemem dünýä ýazylýar!
Sahy toprak
Toprak, ýöne hasyl berip duranok,
Oňam Günden kuwwatlanýan wagty bar.
Gyş ýygrylyp, ýaz ýylgyran daragtlar,
Tomus ýene ýüke durýar bagtyýar.
Her gämigiň ýekeje zer dänesin,
Toprak bize million edip gaýtarýar.
Harman atsaň-ýyldyzlary nazarlap,
Çäç göterseň-
Pirimiz Mirhaýdar ýar.
Adam-Eýe,
Güýz-Bereket,
Ýer-Ene,
Ýylyň ýyly gaýtalanýar bu görnüş.
Tebigatyň mizemejek kanuny
Dowam edýär-
Bu ýaşaýyş,
Bu durmuş.
Perwanalar ýaz yşkynda perwana-
Her ykbaly dogduk Ýeri göterýär.
Del toprakda baýnamadyk daragtlar,
Watanymyň jümmüşinde kök urýar.
Toprak-Zehin,
Toprak-Pähim,
Toprak-Aň,
Pederleriň Beýik Ruhy Güýji Ol!
Adam oňa ykbalyny baglaýar-
Şonuň üçin,
Ömür deýin süýji Ol!
Jähek
Säher çygy sabalaryň gözünde,
Buldurasa agşamlarda mähir bar.
Kekenejik gök otlaryň astyndan,
Gül baharyň atyr ysyn getirýär.
Nagyşlaýar düzleri,
Nagyşlaýar düzleri,
Iki örküçli bugralaryň ýanynda,
Gök ot çürtýän owlak-guzyň yzlary-
Jähek goýýar sähraň ýaşyl donunda.
Günebakar
Otyr günebakar,
Ýere kök urup.
Güne sežde edýär,
Boýnuny burup.
Asmany çelgiläp,
Gülleýär, ösýär.
Günüň şelpesini,
Boýnundan asýar.
Güneşiň tolkunly,
Mähir deňzi bar.
Oňa çoýunanyň,
Gaýmak-maňzy bar.
Asmandan, Zeminden,
Gün saňa bakýar.
Günebakar Günmi?!
Gün günebakar?!
Güýz
Zerli öýmesiniň çowun ykjadyp,
Güýz gelýär sübsegär ýelleri bilen,
Ikiçäk galypdyr myhman ataryp,
Hazarym durnagöz dilberi bilen.
Göýä bir tyllaýy şelpeler deýin,
Saralan ýapraklar bezäpdir ýolum.
Tomsuň jöwzasyna gaýnan gazanyn,
Tagandan düşürýär zer donly Älem.
Goly bal küýzeli paýhas möwsümi,
Kakýar gapylary, kalplary kakýar,
Nygmatyň maňyzy, hasylyň çäji,
Türkmeniň bereket kölüne akýar.
Haýdaşlap,
der döküp,
gollaryn çyzgap,
Rysgal ganaryny gözeýär Dünýä.
Jüýje sanawynda bijesi çykan,
Daýhan görejinde ýyldyz görünýä.
Türkmeniň ruhuna meňzeş gözel güýz,
Toýlaryň sakasy nurly goýnuňda.
Şahandaz türkmeniň Garaşsyzlygy-
Bagtynyň röwşeni zerli boýnuňda.
Gözbaş
Ömürleriň asyl gözbaş, hanasy-
Tebigatda ýasamalyk, ýalan ýok.
Özi ene,
ýöne onuň goýnunda,
Goş düşürip,
Müdümilik galan ýok.
Alabahar
Güne bulduraşýar göm-gök ýylaklaň,
Owujyna düşen kümüş damjalar.
Ýüregiň közi deý gyzyl gunçalar
Ýazyň buşlukçysy ter jümjümeler,
Duýgyňy aralap
Kalbyň töründe,
Müdümi juwan ýaz yşk heňin çalýar.
Bakýan söýgi bolup mawy asmana,
Tüýjümek bulutlar — süýdreňk mahmal.
Altyn günüň çogly nurundan ganan
Zemin joşa gelýär,
…melul ol ahmal.
Zerewşan çaýylan älemgoşaryň,
Görki ne ajaýyp.
Behişti ahwal.
Köpetdag, Balkanyň nowruz garyna,
Gül keşdesin çekýär sülgüniň yzy.
Sahy Garagumyň barly goýnunda,
Başyňy sämedýär seliniň ysy.
Guşlara bir seret,
Dünýäň yşkynda,
Käbiri saýrasa,
Daranýar käsi.
Akýar duýgy bolup goreçleriňden,
Mawy gözýetimiň behişti keşbi.
Omrüňe ömür biýr,
Göwnüňe — ganat,
Şudur gözellige dünýäniň yşky.
Yşkyň ýüreginden önen,
Yşkana
Günlere jan berýär ene tebigat.
Gunçasy çyzylan,
Ýürejigi ak
Gülleň ýaňagyna hal goýup barýar,
Ýazyň perwanasy akja kebelek.
Dünýäň depesinden yşk bolup inýär,
Alabahar atly suraýy melek.
Ýaz bir ýana…
Gök asmanda ak bulutlar ýüzüp ýör,
Agaranyň çoguşy deý köpükläp.
Tozgaladyp geçip barýar ýüz ugra,
Mymyk şemal çopantelpegi üfläp.
Nahal ekýär eli pilli talyplar,
Üleşikde düşen mellek ýerine.
Basyrylyp güllän baglar bäs edýär,
Kürtä bukup näzirgeýän geline.
Ak bulaklar şadyýanja heň bilen,
Joşgunyny juwan ömre ýazyp ýör.
Bilbil joşýar,
Gül açylýar yşk bilen,
Bu mukamy diňlemeseň aýyp bor.
Bir tarapda mahmal parça begrese,
Dolanypdyr ala dagyň gaýasy.
Ýaz bir yana,
Söz bir ýana ýaýnaýar,
Ine saňa…
Durmuş simfoniýasy.
Akguşa
Aýyjyga menzäp duran güjükdiň.
Akja guşum,
Akylly, eýjejikdiň,
Duýman durkak gaýyp bolup gözlerden,
Sen dünýäniň çöwre ýüzünden çykdyň.
Baharyň ruhy
Keýpihonluk!
Zemin nura çümüp dur,
Ýazylypdyr gögüň sowuk ünjüsi.
Nura suwsan pudaklara gonupdyr,
Tebigatyň seçen kümüş hünjüsi.
Ömür bolup dömýär baharyň demi,
Çalamydar,
Tapdan düşen baglara.
Tenekarlyk suwy bolup ýaýraýar,
Dünýä bilen bile dörän daglara.
Ene ýeriň gursagynyň ýylysy,
Gök Asmanyň gözlerinde nurlanýar.
Tebigaty altyn şöhlä gark eden,
Gün röwşeni göreçlerde durlanýar.
Keýpihonluk!
Zemin üsti tylla nur.
Ak Baharyň ruhy dünýä siňip dur.
Güýzüň perzendi
Men — güýzüň perzendi,
Güýze kybapdaş,
Kalbymyň heňleri,
Yürek ýaňlarym.
Inýän dik başaşak şaglawuklar deý,
Tylla şapak geýip akýar daňlarym.
Men — güýzüň perzendi,
Güýzden alypdyr,
Meňzim agraslygy,
Roýum görküni.
Parasat möwsümi paýhasa teşne,
Beýnime aň çaýyp guçýar durkumy.
Men güýzüň perzendi,
Güýzüm eçilýär,
Şahylyk şerpaýym,
Bereket paýym.
Mähriban käbäm deý goýnuna gysyp,
Pyýala gözlerim öpsün her daýym.
Güỳz nagmasy
Ine-de, güỳz geldi,
bezzat oglan deỳ,
Sygyryp,
baglaryň gulpagyn çekip.
Harman atylşyna guwanyp çenden,
Oň daşynda bökjekleýär serçejik.
Güneşden gülýaka dakynan Älem,
Altyn teňňe sepýär baga gelene.
Şapagyň aly deỳ ỳanỳan daragtlar,
Meňzeş gyzyl kürte geýen geline.
Giň meýdan çäkmenin engine atyp,
Öwrülýär mizanyň nurly meňzine.
Ýeliň aýasynda pyrlanỳan ỳaprak,
Çümỳär altyn güỳzüň sary deňzine.
Ỳeriň ak dumanyn demine dartyp,
Topbak-topbak edip üỳşürỳär asman.
Mymyjak bulutlar ỳel habar gatsa,
Dürlerini sepeleýär alysdan.
Ỳene bir basgançak galňaỳar ömrüm,
Her gezek öwrülip gelende mizan.
Bereketli güỳzüň miwesi deỳin,
Gursakda möwjeỳän pikirlem, güỳzäň!
Parh
Şahyr bar-
Oň ýazan ýeke setirnem,
Ýygnaýar asyrlar gyzyla gaplap.
Şahyr bar-
Eçilen tutuş esernem,
Unudýar aý-ýyllar üstünden ätläp.
Altyn ỳaprak
Höküm sürỳär güỳz şalygy,
Asman, Zemin arasynda.
Aỳdym aỳdỳar altyn ỳaprak,
Barly möwsüm barasynda.
Böke-böke, şady-horram
Owaz edỳär şybyr-şybyr.
Tarhandöker tebigatyň,
Jemalyna düzỳär şygyr.
Ỳaňy bişen çelpek deỳin,
Düşỳär Zemin saçagyna.
Dolanmagy wada berip,
Gül daragtyň gujagyna.
Gyşyň keşbi
Asman,
tozgaladyp äpet Zeminiň
Maňlaýyna sepýär urba — garyndan.
Gara gyş üfleýär Arktikaň demin,
Ýalazy ýaplaryň ýakalaryndan.
Aýazly şemala,
gyraw syraýar,
Töwerek-daş, barlyk-
nur saçýar göze.
Aýäňa düşen gar bada ereýär,
Göwnüň ereýşi deý, ýagşy, hoş söze.
Garagum dolanyp ak possunyna,
Meger lezzet alýar gyşyň deminden.
Ojarly çöketler,
gar basan düzler,
Şemala ýaň berýär şirwan heňinden.
Üçekleň etegin gyradeň bezär,
Birgeňsi buldurap buz monjuklary.
Durmuşyň joşguny huşa getirýär,
Aýaza irkilen gumrujyklary.
Gargalar iým çokýar garyň astyndan,
Aýazy sähelem duýmaýar olar.
Dähedem-dessemläp,
arkan gaýyşyp,
Şeýdip, gara gyşy güýmeýär olar.
Aklyk arzylanýar biziň illerde-
Söýülýän göwünler ak ga:ra muşdak.
Adamlar,
ýaz bolup güllemek üçin
Gaýrata atlanýar gujurly gyş dek.
Gyşyň garly güni
Gyşyň garly güni,
Hereket gaýnap,
Akyp barýan ýaly adam akymy.
Bir ömre ýeterlik ýüzlerden ýagýan
Şatlygyň, söýgüniň gülgün ýakymy.
Dagyň tokaý basan depesi bilen
Gün şöhlä çaýylan salam ýollaýar.
Gyşyň nurly güni,
Adamlaň kalby,
Ýüregi —
bu hala,
göwni gülleýär.
Sähelçe zat gerek kalbyň garyny,
Eredip, gül göwni götermek üçin.
Edilen ýagşylyk-
alnan sogap-
Ýamany dyzyna çökermek üçin.
Her kim lowurdasa Güneşe meňzäp-
Gyşyň mähri deýin
kalplara dolsa.
Güllerem,
her göze ilip durmaýar
Köp gülüň içinde reňki goýalsa.
Owazy daglaryň doňuny çözýär
Seýrana ýagyşlaň,
Perwana guşlaň
Günler Haýra tarap ädim uranda
Aklygy ömrüňe nurana gyşlaň.
Ýazyň owazy
Ýene-de ýaz,
Bagta beslendi baglar,
Pyntyklaryň ýazylan gök penjesi,
Boz gerdenli ýüzärlikli sähralar,
Ýüpek ýaly selin saçly urpaklar,
Mawy donly bozaganly alalar,
Unudyp,
Unudyp,
Unudyp özün,
Ýüzin düşüp,
Diňleýärler,
Ýazyň çalýan hoş sazyn.
Ýaz yşgy
Tebigat ter,
Ter pudaklar-
Düzüm-düzüm gumrudyr sar.
Daragtlarda owazlanýar şelpeler,
Ýelgamak deý ýeňil gopýar serçeler.
Töwerege mähir bolup gezelen,
Neşterini tazeleýär arçalar.
Çabga guýup nura ýuwýar dünýäni,
Çopantelpek öwşün atýar Gün ýaly.
Jümle jahan göýä ene sallançak,
Ene ýaba suw gelipdir bulancak,
Towlam-towlam mele tolkun çyrpynýar,
Tebigatyň serwi syrat gozeli-
Gül Baharym,
Her ýürekde, her kalpda,
Owaz edýäň mährem Ene ýer hakda,
Mähek ýaly nurdan doly durkuň bar,
Ýere-göge höküm edýän erkiň bar,
Jahyllykda,
Juwanlykda,
Ýaşlykda,
Seň suraýy-
Ālemgoşar görküň bar.
Ömür hakda
Ömür hakda,
Pikir edip, ölçerip.
Köze bakyp, halal, päkligi gördüm.
Ölüm hakda,
Buza bakyp, ölçerip,
Oýa batyp,
Herhal ýoklugy gördüm.
Ýöne geň zat,
Gysga ömür ýolunda,
Ikisi-de ynsanyň sag-solunda.
Üşeseg-ä, közi guçýar didämiz,
Yssylasak — gar örtünýär ýodamyz.
Kämahal
Kämahal,
Ýüwrük bedewiň uýany,
Emelsiz, çamanyň eline düşýär.
Kämahal,
Çaman bedewiň uýany,
Maksatly, ýüwrügiň eline düşýär.
Pikir ediň,
Şumy ýoluň tapmazlyk?!
Ýa-da şumy,
Iň ullakan çaprazlyk ?!
Durmuş hakykaty
Dag silinden möwç alan ak derýalar,
Pessaý aksa,
kenaryny köwmeýär,
Kilwanlykdan şan goteren agalar,
Degirmenden nazaryny sowmaýar.
Çenelende deňlemeseň aňyňy.
Ok götermez nyşananyň şanyny,
Almak üçin emgemeseň janyňy,
Barly daragt şahasyny egmeýär.
Ýere ýykyl,
eliň Ýeri sermesin,
Bilim öriñ çende-çakda durmasyn.
Diliň, diňe ýürek sözün gürlesin,
Kör çeşmeden, nur bereket çogmaýar.
Ykbal kakar ömürleriň gapysyn,
Nadan ýygar kör zehiniň gatysyp,
Synagynda goýar külpet, şatysyn-
Çyn halypa şägirdini öwmeýär.
Wyždan,
satyn alynmaýar bazardan,
Kalp gönenmez buz göteren nazardan,
Sürüsinden çete çykan dazzarkel,
Ýagy saýyp, kölgesini kowlaýar.
Wagtdan çykyp ömür sürýär gargalar-
Balasyna ymgyr ýaşy sargaýar.
Tolkunlaryň arasynda dargaýar-
Gaýry gudrat Gün tygyny döwmeýär.
Dil şerebesinden dörär düwünler,
Hoş sözüň yzyna düşýär göwünler,
Ömrüň hasabyna sowrulan günler,
Daňyň düýbün çyzyp, ýene dogmaýar.
Watan örkdür,
dartar durar ýüpüňden,
Her egniňe urulmyşdyr-
ýüküň deň.
Ýagşy-ýaman tanalar öz sepinden,
Ynsap-ýürek körüginde lowlaýar
Toprak
Ýoda ili ýeke ýola jemleýär,
Gök ýagyp ,
Ýer — dür eçilip ýeňleýär.
Çydamlydyr,
Egni ýükli bolsa-da,
Gürlemeýär,
Toprak bizi diňleýär.
Bilbil
Bilbil ýeke gezýär-
Oň sürüsi ýok.
Çykybam bilýär ol, wagtyň çygryndan,
Saýrak owazyndan göçürip seriň,
Kalbyňa ýaň salýar yşkyň şygryndan.
Bilbil ýeke gezýär-
Oň sürüsi ýok.
Olam şahyr deýin durmuşy söýýär.
Keseden ýaşaýşyň akymyn synlap,
Oňa siňmeýänleň derdine köýýär.
Ýene it diýjeksiň…
Ýene it diýjeksiň,
gezelenç hakda,
Heniz dil ýarmankaň, bökýärdi aňyp.
Otur, pikir eýle, ýeri adamzat,
Aýt, neneň saklarsyň duýgyny daňyp.
Ylla ganatlandy,
zynjyrdan sypyp,
Ýüzin salyp gitdi, yzyna bakman.
Eýesi garaşdy, sähra diň salyp,
Soň yzyna gaýtdy, tamasy çykman.
Gitdi,
ýüzin salyp, sahra tutdurdy,
Aýagyny ýazdy, erkin-kä heniz.
Her näme-de bilsa, itiň göwnüne,
Hossaryň penasy ezizdi, eziz.
Eýesem bikarar, oturyp, turup,
Gözi ýolda galdy,
Item ýadady.
Ýal iýen ýeriniň boşagasyny,
Ýassanmak it üçin polat kadady.
Gaýtdy, etek alty ýeň yedi bolup,
Maňlaýyn diredi, ýene şo gapa.
It itligin eder,
gapyňy saklar,
Iýenini haklar,
çünki it-wepa.
Ýaz geldi, dirilik çeşmesi deýin…
Çygly çille çykyp,
aýaklady gyş,
Ine, hä diýmänem, gün gülüp bakar,
Kalbyna gop berip,
başyny aýlap,
Şahyry gününe goýanok bahar,
Ýaňy pyntyk çyzan bägül mysaly,
Dünýä gyşdan çykdy täsin ýylgyryp.
Aşyklar, göçgünläp uçara gelýär
Magşugyň eline terje gül berip.
Ýaz geldi,
Dirilik çeşmesi deýin,
Nowbahar ysyny zemine paýlap,
Asman nur inderip, şöhle saçanda,
Guşlar mukam çalýar şirwanyn saýlap.
Ýere ýyly gidip, alabaharda,
Şahyr kalbyn yra:r gaba bulutlar.
Ýurt gezen derwüş deý argyn arçalar-
Ýylyja ýagyşa suw-sil bolupdyr.
Ýaz yşgyna gülýän her bir göreçde,
Nurlanýar asmanyň natuwan keşbi.
Ýagyşa süllümbaý ezilen sähra-
Ynha, saňa, taýyn elinje goşgy.
Ulagyň içinde barýan halyňa,
Sen goşgy goşarsyň bahara meňzäp.
Her kesiň öz işi özüne ýetik,
Sen, her setiriňi barýansyň deňläp.
Kapyýa öz-özi diliňe geler,
Ylhama sygmarsyň, giň, awtobus-da.
Ýaňy dünýä inen alabaharyň,
Joşguny ýürekde,
Owazy-huşda.
Ine-de duralga,
Ulaga mündi,
Bahar ysy bilen bir topbak jahyl.
Ýolugra bir şygryň nokadyn goýup,
Iş ýerine ýetdi ýazsöýer şahyr.
Ýazda Deňiz gijesi
Ālemiň çyragy, arzyly Güneş,
Aýa orun berip ertire uçdy.
Gökde mesgen tutan, patraga meňzeş
Ýyldyzlar sürüsi deňize gaçdy.
Tolkunlar birgeňsi yraň atyp dur,
Kümüş balyklaryň örküjin sypap.
Deňiz, hüwdüsine mähir gatypdyr —
Sallançak üwreýär, goýanok ýadap.
Ýerden uzak ülkesinde, ot alyp
Gök gübürdäp, alawladýar gursagyn,
Puryjasy dolan togsan sowulyp,
Mawy dünýa çyrpynyp dur, görseňiz.
Jümjüme buşlaýar, durna buşlaýar,
Garlawaçdan dolýar boşan höwürtge.
Ýene-de, baharyň toýy başlaýar,
„Awazaň” dürüne öwrülen ýurtda.
Maýyl aprel deňziň äpet jamyna
Dür bolup gaçyp dur bulatdan üzlen,
Çarlak bile gelen ýazyň şanyna,
Asman nur eçilýär yzyny üzmän.
Deňiz çalym edýär ýanap çagasyn,
Hüwdüläp ynjalýan mähirli enä,
Galkymly gomlaryn, guba çägesin,
Gözüňe sürtmezlik-ynsana günä.
Günler ýeňil uçýar, pyntyklar çyzan
Göreji uçgunly alabaharda.
Deňiz gijesine ýelegin ezen
Ylham öwsün atýar alemgoşar deý.
Ine-de, haý diýmän deňiz toý tutjak,
Perenjesin serpip mahmal gijäniň.
Lezzeti, şowhuny bir ömre ýetjek
Deňiz syýahaty-eşreti janyň.
Ne ajaýyp, ömür yşga meýil edip-
Bu gijeler, ýaşlyk berýär ynsana.
Durna gözli tolkunlaryń oýnuna
Göwün çykýar, sekiz gatlak asmana.
Nowruz
Nowruz,–
Diýarymyň dag-u düzünde,
Gök mahmal bürenen uzak gözýetim,
Deminden gül çogýan ýazyň gözünde,
Oýanýan direliş,
Toýlanýan tutum.
Nowruz-–
Ajap şygyr bahar hakynda.
Bugdaý şinesine goýulýan gadyr-
Lowlan şaman ody,
Hiňňillik bady,
Ýazyň nepesinden kükeýän atyr.
Nowruz–
Kiçigöwün sada türkmeniň,
Päklige beslenşi asyrlar boýy.
Nowruz–
Iň gadymy beýik Oguzyň,
Her ýylky täzeden dogulyş toýy.
Ýükli mizan
Tereň tutup mukam doly kalbymy,
Men hemişe ynam bilen ýaşadym,
Ýola çykdym,
G.örejime nur çaýyp,
Ýöne, her dem ýylma sözden ýadadym.
Ýadamadym,
Gerdene ýük atandan,
Daşy jäjek tüsselerden boguldym.
Ýyldyzlaryň bagtlysy astynda,
Egni ýükli mizan bolup doguldym.
Göni bakdym hakykatyň gözüne
Hoş niýetim gülüp çykdy alnymdan.
Ýaz ýylgyryp,
Güýzde gaýnan gyzyň men,
Ömrüm!
Her hal, gora meni salgymdan.
Öz sesiň bilen…
Öz ýazan zadyňa őzűň begenip,
Ýene dőredersiň birgiden şygry.
Söhbetdeş küýsäňde őz-ozűň bilen,
Gűrleşip oturmak telekmi,
dogry?!
Tűsse çykýan bolsa, uçguny kőräp-
Ojagyň abatdyr,
Gapyň kakylar.
Her näme-de bolsa, őz sesiň bilen,
Heň edeniň ýagşy,
diňlän tapylar.
Tebigatyň ýuwaş bolsa…
Tebigatyň ýuwaş bolsa, jahanda,
Adam bolup, ýaşamak kyn ekeni.
Deň boljakmy,
guşuň ýelegi bilen,
Kőpi gőren oklukirpiň tikeni.
Damjalama,
bolabilseň kenarly,
Kiçem bolsa, çasly akaba döret.
Ýuwaş sesli çeşmelere meňze-de,
Daglaryň üstünden zemine seret.
Kepderi we güjük
Giń howluda tasap garagol güjük,
At çapyp ýör eýemsiräp mellegi,
Ony hasam aljyratdy, duýdansyz
Ikinji bir „hojaýynyń” gelmegi.
Dalbar üste ykjamlanyp gyz ýaly,
Gök kepderi hyýal etdi uklara.
Hemle bilen haýbat atdy güjügem,
Çagyrylman töre geçen myhmana.
Göwni ýetmän jöw-jöwleýän güjüge,
Diýdi, çem gelene üýrmek seniňki
Meni tutmak, gel-gel, saňa galypmy
Ganatym bar,
asman deňzi meniňki.
Kimmişin ol…
Menden hasap sorar ýaly,
kimmiş ol.
Kimmişin ol, tutar ýaly adymy,
Ol-a olmyş.
Men ýerimden gozganman,
Gola salýan göwnüm islän zadyny. .
Men ömrümde oň ýa:lyny kän gördüm.
Kimmişin ol,
Baryp ýatan kitaphon-
Haýsy akmak bir setiriň yzynda
Ýüz öwürer toý meýlisden, gutapdan.
Men dünýäni tutdym, haýbatym bilen,
Ol kowalap tutýar däli ylhamy.
Meniň ýeke haýbatyma degenok,
Onuň ynsap hakyndaky sam-samy.
Okap-okap yza galýar durmuşdan,
Kalp nämemiş, ynha, puluň ýanynda.
„Şahyr men” diýip şylha dona syganok,
Nebis hakda bir öýjük ýok aňynda.
Beýdip akyl satyp ýörmän galňasyn.
Üter ýaly bir ýelek ýok hamynda.
Men bir obaň fermasynyň müdiri,
Kimmişin ol,
Meniň ýalyň ýanynda.
Aşgabat
Aýdym bilen maýyl etdiň dünýäni,
Belentligiň owaz bilen bezelsin.
Bahar pasly gülälekleň içinde,
Aşgabadym, aýdym ýaly gözel sen.
Jemalyňda ýazylmadyk dessan bar,
Aýdym bolup dünýäň ýüzün gezeňde,
Seni diňe aşyk bolup söýmeli.
Ýa-da şahyr,
ýa bolmaly gezende,
Ileriň dag, gaýraň çölzar bolsa-da,
Gözüň doýmaz.
Gül öwüsýän baharym.
Bagtyýardyr, ylhamlydyr illeriň,
Aşgabadym!
Uçmahystan şäherim.
***
Üzňe däldir bir-birekden ýolumyz,
Ýüreklerde ak niýetler ýazylgy.
Her ömürde bir kitaplyk maňyz bar,
Kitap bolsa, bolaýmaly maňyzly.
Ajydänäň golaýyna kim barar.
Süýji bolsaň;
agyz urjak tapylýar,
Gowy kitap köp okalyp, ellerde
Könelse-de paýhas bolup açylýar.
Tekjedäki kitaplar deý söýenişip,
Bir-birege egin diräp, ýadamaň.
Sowaşmalyň söhbetleriň heňinden-
Ýürekdeşlik küýsegi her adamyň.
Şoň üçinem, ýüz ýürekden yssyka,
Garşylalyň tapan deýin ýitirip.
Ýaşaýyşa şowhun salýan guşlar deý,
Sada ýaşaň, ýürekde ýaz göterip.
Watanym seni
Janym diýip söýsem-de men,
Az görýän Watanym seni.
Şatlyk, buýsanjymda görýän,
Özgerýän Watanym seni.
Guwanar men, nur saçaňda,
Aýlawda atyň ucanda,
Gunçalap güller açaňda.
Ýaz görýän Watanym seni.
Arkadagym ganat geren,
Altyn zaman peşgeş beren.
Aýdymda ýaňlanyp duran,
Saz görýän Watanym seni.
Durna hatary
Ýene-de dolandy durna hatary,
Geldi-geçer ömrüñ ilçisi deýin.
Bir salym göz ýumup,
pikir göçünde,
Güýz pelsepesine seýran edeýin.
Her durna bir ömür,
Durna hatary,
Ýatladýar zeminde küren obany.
Durnalaryñ gykuwlaşyp geçmesi,
Durşuna,
durşuna,
durşuna many.
Bir syr-a bar,
nämälim bir tukatlyk,
Ömür bilen durnañ aralygynda,
Çözülmedik matal ýatyr, adamlar,
Durnaly güýzleriň sarylygynda.
Akrapdan soň kükräp-kükräp gelen gyş,
Durna göçün ýola salan mysaly.
Göwnümemi?!
Ýagýan sary ýapraklar,
Adamlaryň ykbal ýazgysy ýaly.
Durna bolup uçup giden ömürler,
Indi gaýdyp bize ýüzün öwürmez.
Ýaşlygyñ sesi
Uly ýoluň boýy,
Otyryn synlap,
Dynman gatnaw edýär her kim bir ýana
Pikir alyp gaçýar otuz ýyl yza,
Biparh nazar aýlap geçip barýana.
Otyryn ýaşlygyñ yzyny synlap,
Deñ-duşlar jüýje deý seçildi gitdi.
Ýyllar akyp gitdi,
Durmuş gapysy,
Her kime bir hili açyldy gitdi.
Howalasy belent ýaşlygyñ sesi,
Ýürege ýetişýär alys bir ýerden.
…Duralgañ çetinde duran ýigidiň
Didesi mähriban duýman giderden.
Şol juwan keşbiňi,
ýürege dolan,
Aňym göz öňüme getirdi ýene.
Eziz ykbalymyñ ýalñyz hemrasy,
«Ýaşlyk bizde düşledimi?!»”- diýsene.
Bir togalak gar sűýşmegi mysaly…
Bir togalak gar sűýşmegi mysaly,
Asmanda ýűzűp ýőr läheň ak bulut.
Synlaýaryn, bu behişti ahwaly
Täsin gőzelligiň ýesiri bolup.
.Gyşyň gűni,
Ýőne asman gysganman,
Eçilipdir, Gűneşe bir kűnjűni.
Gűrűm-jűrűm bolupdyr dűýn őýlänki,
Gők bulutlar,
Didary nur-hűnjűli.
Elbet-de, bu zanny kyrk tűýsli gyşyň,
Oýunlarnyň kyrkysynyň biridir.
Gűni gőrse, umma gaçýan Aýazyň,
Nowruza çen çűýşe gőzi diridir.
Durmuş pelsepesi
O döwürden oba göçdi bireýýäm,
Çagalar aslyşyp duranok syndan.
Gözüň gidýär juda-juda ýaşdygyňa,
Ýöne haýpyń gelýär alada dańlyp,
Ikinji planda geçen ýaşlygńa.
Hemem haýpyń gelýär birmeńzeş günleń,
Düýnüńi aparyp ötüp barşyna.
Ýańy bir çetinden giren ýaşlygyň ,
Ara açyp barýar yzyna bakman
Sańa-mańa tutdyrdymy o günler?!
Bir gün gülberiňi düwersiň hökman!
Geldi-geçer eken ömrüń şowhuny.
Çeke-çeke ýukalypdyr göwünler
Başyňa çal guýýar durmuş tolkuny
Sen boýun bolarsyň,
Alaç ýok başga,
Çünki ýazylandyr ýazgydyň başda.
Şonuň üçin,
muňa durmuş diýerler.
Sowalyny jogapsyzja goýarlar.
Bu bir õmür…
Bu bir őműrdir, elbetde,
Geçmesin diýsegem, geçer.
Ýagşysam duşar, erbet-de-
Tanamadyga-derdeser.
Bir őműrlik ýalkym bolup,
Ornaşdym kalbyň çuňunda.
Sen bile il menem, ilsiz
Nä alaç ederin munda.
Salymsyz, őműr őlçegli,
Maňzy mizanym deňleýär,
Õmrümi çoýan ýüregiň,
Dűnýäň őzűne meňzeýär.
Ýigit kalbynyń sazy.
Talyp ýigidiñ dilinden.
Ýigit kalbym gözelleriń içinden,
Seni saýlap-seçip,
bolupdyr aşyk.
Bir ýyl bäri, edil garawul ýaly,
Görene göz boldum, sańa garaşyp.
Sen bolsa, duýsańam duýmadyk bolýäń,
Büdüräp yşgyńa, ýörün çolaşyp.
Dünýäde gözel kän,
ýöne, birinem,
Gözlerim görmedi sańa garaşyp.
Güş deý ykjam ýarym,
seýil bagynda,
Şu günem kän durduk, pikir alyşyp.
Kem-kemden durmuşyń tagamyn duýdum,
Hem dünýäni söýdüm, sańa garaşyp.
Asman gözlerińe ot alyp düşdüm,
Özümi ýitirdim, atsyz azaşyp,
Sagada seredip,
Bagtyma çenli,
Durmaga kaýyl men sańa garaşyp.
***
Öműr, őmre meňzärmişin,
Many-maňzy bolanda çyn,
Bize ýene őműr hakda
Ýazmak gerek, galamdaşym.
Menzil uzak, ädimiň dar.
Ýol őnmezek, alňasana
Ýeke gezek berlen őmrűň,
Yşky deň däl her ynsana.
Ýűrek baş egse kelläňe
Kalbyň çőwűr, zerin sana.
Ýitmese ganar dűýbűnde,
Műň bolar ýekeje däne.
Öműr-őlçegli hazyna,
Aýap, harçlanmaly goruň.
Ýagşylyklar gőtär adyň,
Gőgi gőterşi deý Ýeriň.
Parlak őmrűň őmri gysga,
Geçenden soň arzylanýar.
Hasaby jűr, nagt dűnýä
Soň, beren bar karzyn alýar.
***
Sadalagyň, ýürekdeşligiň bilen,
Sen maňa şähelçe meňzeýän bolsaň,
Bir perdeden gopsa ýürek sazymyz
Onda, tűýs mynasyp jübüt biz, bilseň.
***
«Dünýä” sõzi dünýä dek, giń
Mähri çuňdyr ummanlardan.
Dűnýäniň dőreden syry
Juda sak eken ańla:rdan.
Dűnýä –wagt dynman akan
Agsasaň ýol őnmez eken.
Ondan tutaşdyrlyk alan.
Watan ody sőnmez eken.
Baş egdirip…
Baş egdirip, ykbalyňy
Baş egdirip õmrüňi
Durmuş juda ýeser eken, çeniňden.
Ýõne herhal, ät goýsa-da, sõýse-de
Gõz ýumup geçmedim galpyń deńinden,
Ahyr tapdym, kelebimiň ujuny,
Aňşyryp ugradym garasyn-agyn-
Ujy bar,
őmrűmiň maňyzy kaýda?!
Durmuşyň agyr-u-ýeňilne kaýyl.
…Ýene-de şol aýdym,
Kőne sallançak,
Täze-täze őműr dűşlär goýnunda.
Utugyň omrűňdir,
şondan őzgesi,
Synagdyr,
Synagdyr durmuş oýnunda.
Sagat on ikiň zaňy
Ýene bir ýyl geçip barýar gol bulap,
Edil daň çygynyň bugarşy ýaly.
Sagat on ikiň zaňy bilen,
Täze ýyl,
Bosagadan ätlär,
Gel, garşylaly.
Edil şo pusat-da Kőne hem Täze,
Wagt serhetinde duşuşýar bir dem.
Şeýle didarlaşyk,
Şeýle hoşlaşyk,
Galypmyş Wagt atly aýagy ýelden
Kime şatlyk-gűlki,
Kimlere söýgi,
Kime bagt berýär ganaty zerden,
Kőne ýyl päkize gowulyklary,
Bize goýup,
synyn gőterýär Ýerden.
Dabaraly, ata çykýar Täze ýyl,
Wagtyň sagrysyna degýär jűp gamçy,
Gyssanmalyň,
Wagt őňűne dűşmäli,
Özge ýana howlukmalyň, adamlar,
Gyssanmalyň,
Bu gyssanmaç dűnýede,
Birazajyk dűşläli.
Täze ýyl dilegňi ýerde goýmazmyş,
Ogulsyz, gyzsyza, perzent äkelsin!
Geçsin duluňyza uz gelin bolup,
Umyt asmanyndan şuglaly gelsin!
Ýene bir zat,
Arzuw edeýin Size,
Olam, diňe sőýgi bolup ýaşalsyn.
Kalbyňyzda ýaz ýylgyrsyn, adamlar,
Gőzleriňiz diňe bagtdan ýaşarsyn!
Ykbalmy ýa…
Syrly dünýäň gujagynda,
Elesleýär hyýallarym.
Ykbalymyň zybany men,
Erkinlik-ýürek ýollarym.
Lowurdym nyşandyr gözlä
Nyrhymy ertirim keser.
Kalbymyň näzik hüwdüsi
Maňa baş bermedik heser.
Kök bar-gujur bar, gaýrat bar,
Gollaryňy ýaýratmaga.
Gursak — mukamlar mesgeni
Zybanyňy saýratmaga.
Eý, sen dünýäň näzik gyzy,
Kalbyň neçüýn yza teser.
Giç dogulýan ýyldyzlaryň
Şöhlesi asmany tutar.
Eset, durmuş ak-garaly
Alaja deý, işim-işim.
Maňa berlen ömür paýym
Ykbalmy ýa süýji düýşüm?!
Nebis
Käte gözüňi tutup,
Ýortup çykar öňüňden.
Ýene bir-de aslyşar,
Synyňdan ýa ýeňiňden.
Bu nähili deramat,
Bu ne täsin wakadyr.
Kölegäňi sagyňa,
Özüň sola çekedir.
Öňe düşen nebis ol,
Dertdir,
Sagatlyk däldir.
Wyždanyňdan el ýuwdyr,
Dermany ýagşy päldir.
Ýer etmek
Ýokardan ser salyp,
Dünýä bile deň,
Dem alyp oturmak daglara kada.
Topugna ýetirip deňiz çuňlugyn,
Oýa batyp otyr kiçijik ada.
Adamlara meňzeş bularyň bary,
Beýikler beýgelse-
nazary ýerde.
Altyn aý pos tutan oraga meňzär,
Bir zehinsiz oňa menzetme berse.
Kepderi, serçe, sar…
hem daşdeşen bar-
Durmuş höwesine ählisi geler.
Ýerde bir maşgala,
Gökde bir urug-
Ýöne…
Her guşuň öz sürüsi bolar.
Ulalyp kiçelmez,
Şo bir durşudyr,
Asman asman bolýar nirden seretseň.
Ýel, tupan aparmaz,
Gitmersiň ýitip,
Ýyllaň görejine siňip ýer etseň.
Awçy
Ol awçy,
Gözlegi üýtgeşik del zat-
Ol göwün awlaýar,
Şonuň üçinem,
Günäden azat
Uçgunym galdy
Meniň, bu ýollarda
Azabym galdy,
Yhlasym seçildi her bir öwrüme.
Adamlardan gören ýyly sozümi,
Doga deý göterdim,
Ezip göwnüme.
Saýrak bilbillerde
Owazym galdy,
Buýsanjym galypdyr dagyň serinde.
Ene topragyma bergi-parzym bar
Mähir bolup ýagýan alyn derimde.
Meniň, bu illerde
Uçgunym galdy-
Ýürek sözüm galdy azat döwrümde.
Şahyr Watanyny göterip serde,
Kalbyn ile berýär bütin ömründe.
Adam bar…
Adam bar-ýürek ýagydyr-
Zybanyndan mähir akýar.
Hoş sözde keýpiň çag eder,
Nazaryndan bahar bakýar.
Gurluşy täsin, Jahanyň-
Dagy-düzi akly-gökli.
Mähri ümmülmez Watanyň
Ojaklary sönmez otly.
Tapawut bar Ýer-gökde-de
Adam bar bulanyk derýa.
Buz kalbyndan söz oklasa,
Täleýiň yranyp barýar.
Duýmak
Gidip barýan,
Töwerek-daş çolardy,
Ümsüm ýollar ykrar edýär şahyry.
Heý, özüňi inkär edip bolarmy-
Seň barlygyň-
Meniň dünýäm ahyry.
Seň barlygyň-
Meniň dünýäm ahyry,
Ykbalymyň gatyn açdym sen diýip.
Arkadagym!
Şygyrlamda bagtymyň
Keşbin çekdim,
Ýürek yşgyňa uýup.
Goşgy dörärmi.
Datmasaň durmusyň ajy tüssesin,
Goşgy dörärmi !?
Ýuwutmasaň özgäň ünji-gussasyn
Goşgy dörärmi !?
Gozgalaň tapmasaň dunýäň jeňinden,
Goşgy dörärmi !?.
Sen däl,
Durmuş geçip gitse deňiňden,
Goşgy dörärmi !?
Tug
Tuga sezd edeniň –
sarpasy belent,
Başy belent bolar tug söýen iliň.
Watany tug deýin göteren mertler,
Beýgelder ýurduny,
beýgelder ilin!
Al-asmana götär paýhasyň tugy
Beýik zamananyň,
Özgeriş ýolun.
Tug-namys-ar,
Beýik ynam türkmene,
Ynam bilen baýdak bile dörändir-
Dört künjüne Watan sygan keramat-
Tugum!
Mertlik bilen dogulýan şandyr.
Beýiklik dogandyr sadalyk bilen-
Tug parlasa depesinde döwletiň,
Bu — milletiň barlygyndan nyşandyr,
Halk,
Watan,
Prezident-
Beýik ykraryň,
Mizemejek birliginden nyşandyr.
Bagt ýoluna aýdym aýdyp barylýar-
Ýeňiş bilen ýollar ýetýär menzile-
Her tolkuny-
özgeren ýurt jemaly,
Tugum!
Döwrüň ruhy siňmiş meňziňe.
Seni aýap, arşa göteren halkyň,
Geçmişi nur — seniň mähir deňziňe,
Nury şugla — seniň ömür reňkiňe.
Beýik Zamananyň owazy bilen,
Tuguň şuglasynda geljek görünýär,
Tugy parlak halkyň-
geljegi parlak,
Ýüregi galkynýan Beýik döwrüm bar.
Tug-Watanyň seri,
Tug-Halkyň seri,
Tug –döwlet,
Tug –millet,
Galkynýan ömür,
Ykbaly göterip,
bagta ýetirip,
Bu döwür Adamy beýgeldýän döwür,
Näçe belent bolsa Watanyň tugy
Beýikdir Galkynýan Zamanaň ruhy.
Seni söýüp…
Seni söýüp,
Öz-özüme gowuşdym,
Seni söýüp,
Maýsalap ter öwüsdim.
Yşkyń tylla şapagyna şärik men
Bagt kölünde şalyk sürýän balyk men.
Göz alnyńda bir ömürlik eglenip,
Huzuryńda heýkel etdim kalbymy,
Seni söýüp,
Röwşen tapdy gözlerim,
Seni söýüp,
Däl men bagtdan algyly.
***
Durmuş şeýle,
bar ýerinde bal arzan-
Ýetde-gűtdesi ýok, berse ykbalyň.
Bary-ýogy bir ykbalyň içinde,
Aýlap—őwrűp, ýene, seni tapýaryn.
Pursat barka,
bile menzil aşaly,
Gőrűnmezdir, geçse gűnleň ýelkeni.
Asman zemin arasynda dűşläp men,
Gonan çagym ýűregiňe sal meni.
Talyp söýgüsi.
Gaýry pikirleri bir ýana sowup,
Men saňa sataşdym söýgi ýolunda.
Biz,
bir jübüt gumra öwrulip gitdik,
Aşyklar diýdirdik sähel salymda.
Ownuk-usak bir zat bolup göründi,
Talyplyk ýyllaryň aladalary.
Sereden ýerimden seň keşbiň çykdy,
Bileje uçurdyk aladaňlary.
Şeýde-şeýde,
şowly gunleň birinde,
Toý tutduk sarpalap Beýik yşgymyz.
Indem iki bolup goraglap ýörüs,
Ynamdan dikelden söýgi köşgümiz.
Adam başyna gaý…
Arman,
wagtlaýynça iñ gowy zatlar,
Deñiñden geçirseñ öwrülmez, ýiter.
Ertir gaýtalanmaz häzirki pursat,
Ömrüñ düýne gider,
Baryndan beter.
Gününi arkalap ýaşaýar adam,
Wagt silinde akyp barýanyn duýman,
Ertirem gün dogar,
aýlanar durmuş.
Ýöne, dünýä bizi başgaça güýmär.
Gaýtalap bolmaýar geçen ömrüñi,
Täzeden dogulyp bolmaýşy ýaly.
Dolduryp beýniñi,
ömrüñi beýgelt,
Daglaryñ örkünden beýgelşi ýaly.
Pursatlar şeýle bir,
şeýle bir gysga,
Bäş günlük dünýede ömür iýilýär.
Gyssanmaç dünýede iñ gowy zatlar,
Bahana dañylyp, soña goýulýar.
Adam başyna gaý,
hars urýar dynman,
Ömürden öñ pulum tükener öýdüp.
Ýöne, bir gideñsoñ, ikinji gezek,
Bolanok,
Bolanok yzyña gaýdyp.
Sańa duşup…
Durmuşda, iň uly aýlawa dűşűp,
Kä ýykyp,
kä bőkűp kőteller sőkűp
Bir őműrlik şalyk,
şonçarak şatlyk
Hem őzűmi tapdym gőzlerňe bakyp.
Goşa tarly dutar eken őmrűmiz-
Aýtdy muny, seniň menden daş gűnűň.
Geçmişe däl,
Seň gozleriň çuňuna
Alyp gaçýar, seýle gelen ýaşlygym
Saňa duşup,
Özgerdim men-
Gözlerim,
Dura-bara ak-garany seljerdi.
Sada kalbym boş wadalaň ýelkenin
Götererden juda-juda telperdi.
Sen weli,
özüňi asmana çenli,
Beýgeldip başardyň gőzüm alnynda.
Hoş gylygyň bilen baky ýerlediň
Yşga teşne ýüregimde,
aňymda.
Saňa duşup,
duýmadym men,
ýyllaryň,
Maňlaýa bagt ýazyp, saýlanyp barşyn.
Ýeke zady bilýän,
olam seń yşgyń,
Ýüregńe deńleýär ýüregmiń urşun.
Beýiklik
Dünýäň ýasalşynda niçiksi syr bar?!
Haýranda ötürdim ençe ýaşymy.
Beýikdir öýdenim garynja öýdeş,
Ýerden pes diýenim-
Gün bile boýdaş.
Soradym asmandan:
„Senmi iň uly”,
Diýdi: ”Maňa görä Zemin ýaşuly-
Dünýäniň örki ol,
Ol — asly gaýym
Parladyp dur meniň Gün bilen Aýym-
Göterip,
durmuşy beýgeldip bilýän-
Adamzat ähliniň dowamyna şan.
Olar çürbaşlarda owazlanýan heň,
Çuňlukda — Läheň!”
Ýene-de eşdildi mylaýym äheň:
„Beýik zatlar, diňe öz-özüne deň,”