Şahyr
Pirliýewa Aýgül Baýramownanyň
döredijilik sahypasy
Фото

Ýaşaýyş-durmuş pelsepeli, duýgy-liriki goşgylar

Juwan gursak.

 

Aý-gün, sagat geçdigiçe günsaýyn,

Beden tapdan düşýär.

Gönimden gelsem–

Garraýar.

Tersine, gursagyñ juwan–

Ýaşyñ unudýanyñ

boýnuña al sen!

Bu gapma-garşylyk,

Adam ähliniñ,

Ýaşaýyş ýoluna mähir daşadýan.

Goý, ýaş gaýdyşsa-da, güllesin ýürek,

Umytly gursakdyr bizi ýaşadýan.

18.03.2020 ý.

 

 

Haýsyndan gitjek?!

Bir gün saýlatsalar geçen ömrüñden,

Sen haýsy senäni bijebaş etjek?!

Saýlap alarmydyñ talyp döwrüñi,

Ýaşlyk, kämillikmi;

Haýsyndan gitjek?!

Senden atañ-eneñ eden tamasy–

Ýerine düşende, kalbyñ senasy,

Goýberen hatañmy ruhuñ ýamasy,

Gögele wagtyñmy,

Haýsyn düzetjek?!

Mydam goşa geler begenç diýlen zat,

Ýany höwürlidir kömelek, badat,

Saklanylsa ýagşy gadym urp-adat;

Haýsyn du:la,

Haýsyn ile uzatjak?!

Bu bir bolar-bolmaz etsem-petsem däl,

Emgenmän bolmarsyñ  derhal Rüstem Zal,

Haýsy bolanda-da, diñleseñ kem däl,

Haýsyny ýüz,

Haýsy birin göz etjek?!

16.03.2020 ý.

 

 

Mekdebim.

 

Öñki adamlardan kim bar o taýda,

Ýaş hünärmen bolup gatnan mekdebim.

Diýip: «Halypalar sana goşaýsa»,

Çekine-çekine ätlän mekdebim.

Gurbany gitdigim, «Goçgar ata», how,

Saña mañlaý diräp, geçdik ençe ýol,

14-nji mekdep,

                      ýanyñ demir ýol,

Şäher durmuşynda taplan mekdebim.

O günler geçipdir keýgiñ şahynda,

Galypdyr ýatlama  huşuñ gatynda,

Şol döwrüñ gapysyn gülüp açamda,

Henizem göwnümi şatlan mekdebim.

Ýaşlygym–sarç atym,

                             hyjuwdan doly,

Saña sapylypdyr jigermiñ ýoly.

Göwnüme, henizem çagyrýan ýaly,

Zehinim peltesin otlan mekdebim.

14.03.2020 ý.

 

 

Men–Nokat.

 

Men naşyja,

Ýöne meniñ ornum kän.

Kiçi, erjel, ykjam,

Juda gysylan,

Uly, äpet, çuññur,

Beýik…ses ýetmez,

Hem elýetmez–

Giñişligiñ jadyly,

Keramat, gudratyn–

Mañyz-manysyn,

Datly tagamyny,

Hoş sesin, ysyn,

Ählisini ýüregimde demledim,

Hem mukaddes,

Jümlelerde jemledim.

Men–Nokat.

13.03.2020 ý.

 

 

Oýlanma.

 

Gören-bilen barmy,

Kim sataşypdyr?!

Dünýäñ o ýüzüni görüp gelene.

Gaýda-gaýmalaşyk–

                           artýar hereket,

Ikindi silkinýär ýazyñ ýeline.

Çykarÿarys ýatdan, gümra wagtymyz,

Argyn pursatlardan ýagýan tozany.

Oýanyp,

           göz açyp owurtlaýarys,

Hakyñ tylla nury siñen azany.

Ýöne, günüñ güni gaýtalanyp dur,

Adam endik edip, bolupdyr werziş.

Häziriñ–özüñki,

                      añyrsy–tümlük,

Umytly ýaşamak hökmany–parz iş.

Gören-bilen barmy,

Kim sataşypdyr?!

Dünýäñ o ýüzüni görüp gelene.

Her adam–bir dünýä,

                                gözi dañylgy,

Ykbalyny alyp barýar eline.

12.03.2020 ý.

 

 

Meniñ şygarym.

 

Düşse düşsün tamdyra tow,

Tow düşmesin arañyza.

Söýüp geziñ, gujagynda

Wepa beriñ ýaýlañyza.

Ýaşamak ne gyzyklyka,

Hoş geldiñiz bu günlere.

Suratlarda säginipdir–

Wagt taýdyrýar göwünleri.

Ahmal bolmañ, kämahallar,

Jedelleşip gursak bilen.

Biz çyr-çytyr boluberýäs,

Öñne geçip pursatlaryñ.

Mertebeden münber ýasap,

Gol ýetiriñ gaýalara.

Egin egne diräp geziñ,

Söýget bolup daýanara.

Asman ýaly kalbyñyzy,

Açyp geziñ gülki bilen.

Şatlyk, şowhun, mähir seçiñ,

Saglyk, döwlet–ilki bilen.

09.03.2020 ý.

 

Watanyñ säheri.

 

Çagalar bagynyñ üstünden geçip,

Bat bilen okdurlyp barýar bir adam.

Dañyñ ümüş tamşyn ädimde açyp,

Gün bilen göterlip barýar bir adam.

Biri ondan çykdy, birisi mundan,

O köçeden haýdap barýar beýleki.

Onýança, jahanyñ ýüzi agardy,

Hereket  köpelip, tolkun eýledi.

Sungata muşdaklar ylhamyn taplar,

Kimsi ýüwrüp-ýortar malyñ yzynda.

Türkmen ykbalynyñ düýbüne çenli,

Gidersiñ sazandañ çalýan sazynda.

Her kim bir ykbalyñ yzyna düşüp,

Gözüne gül goýýar eden işiniñ.

Üzñe däl ahyry gök ýyldyzlary,

Şeýdip gerim tapýar tutan işimiz.

Bir adam ýalkanýar ýagşy iş edip,

Kim dünýäge serin deñläp dür saçýar.

Her säher bir-birden çykan mähelle,

Ägirt tutumlaryñ sähedin açýar.

Watanyñ mukamy çalynýar şeýle,

Goýulýar möhüri dünýälik goruñ.

Şeýle sahap bilen dogýar täze Gün,

Alny açyk halkyñ säherin görüñ!

06.03.2020 ý.

 

 

Şöhrat.

 

Şöhrat,

Ot içinde ýalyndan dörän,

Gaýlarda tutaşyp,

Tümlükde körän

Gaýratly gerçege şuglazar bolýar,

Ol mydama beýiklere ýar bolýar.

Üstünlikden başy aýlanýanlaryñ,

Iş hoş ýakmaz,  ýalta–

ýaksañ tütemez,

Gury sanlaryñ

Ganymydyr,

Ol olardan ar alýar.

04.03.2020 ý.

Aýgül Pirliýewa.

 

***

Ýazlar joşup, gül donuny geýende,

Şahyr bahar, nusgalykdyr, nusgalyk.

Duýgularyñ porhan bolup gelende,

Şeýda bahar,  nusgalykdyr, nusgalyk.

Bahar bilen deñ döräpdir ýylgyryş,

Ony görüp, umma gaçmyş gara gyş,

Tebigatyñ diriligi gar, ýagyş,

Elwan bahar, nusgalykdyr, nusgalyk.

Günler gelýär, gyssap: «Bol-bol»– diýişip,

Ömrüñ diýýär:

«Haýda, barsyna ýetiş!»

Ýürek juwan; altmyş, ýetmiş…nämemiş,

Emma, bahar nusgalykdyr, nusgalyk

 

02.03.20.20 ý.

 

Meniñ ýolum.

 

Şänigine ýetmek üçin durmuşyñ,

Akymyndan,

                çözgüdini gözledim.

Gedemligi ätläp geçenim üçin,

Kemçiligim yzarlady gözlerim.

Aldamadym,  garşymdaky  adamy,

Ýüregimi jübim kibi çöwürdüm.

Haky gözläp,

                Baýdak edip  adyny,

Bar wagtymy tanyşlarma sowurdym.

Ýadan çagym,

                  ýykylmadym elesläp,

Kitap boldy söýenere diregim.

Köne dünýäñ synag-alynda düşläp,

Mañlaýymy hakykata diredim.

01.02.2020 ý.

 

 

Nur görüner gözüme.

  

Melek ýagar asmanyndan,

Ynanyñ siz sözüme,

Türkmen ähli, bir jan-u, ten,

Dür görüner gözüme.

Bäş waýat, heññam şaýat,

Gaý-tupanda deñleşen,

Dogmundan Zemin sarsdyran,

Ner görüner gözüme.

Çöllerinden nam-nyşan ýok,

Sähralary lälezar,

Ir-iýmişli jülgeli ýurt,

Bar görüner gözüme.

Ýaşyl Tugum–ybadatym,

Kasamynda birleşen,

Jan Watanym Türkmenistan,

Nur görner gözüme.

29.02.2020 ý.

 

Säher bilen deñ oýanyp,

Bak, ýaşaýşyñ terligine.

Guwan, begen, şu kitapda,

Seniñ adyñ barlygyna.

 

 

Ýüregim.

 

Mährem ojagyma ömür getiren,

Bagtyñ özi sen ahyry geregim.

Ömür kerwenime badalga beren,

Seniñ özüñ,

Sen ahyry, ýüregim.

Döwür zormy, gül gowşurar söýene,

«Ömür bormy, gam köýnegin geýene?!

Ýylgyr!»–diýip, şatlyk seçen gelene,

Seniñ özüñ,

Sen ahyry, ýüregim.

Ýadamany-ýaltanmany bilme sen,

Keramat deý, sarpa goýduñ ylma sen,

Galp ýüregne şygra dönen gülle sen,

Seniñ özüñ,

Sen ahyry, ýüregim.

«Şat baharyñ–senam, ruhumy ýuwýan,

Dury asman–penam, daglaryñ–dünýäm,

Ak ýagşyñ–şepagat, Watanym»– diýýän,

Seniñ özüñ,

Sen ahyry, ýüregim.

Galam bilen deñ ýörediñ ýollarda,

Ylham bilen tanalyp sen illerde,

Aýdym bolup, ýañlanyp sen dillerde,

Seniñ özüñ,

Sen ahyry, ýüregim.

28.02.2020 ý.

 

 

Añly gerek.

 

Ekeniñi esseläre,

Adam başy añly gerek.

Bahana ýok tüsseläre,

Örüsi meýdanly gerek.

«Bir gujak gül dessesi deý,

Ömür basym geçmese»– diý,

Gelen döwlet gitmesin, heý,

Yrsgally, döwranly gerek.

Ýaşasyn güldürip-gülýän,

Baýnamasyn ýürek dilýän,

Höwes edip gelen dünýäñ,

Ýaşaýyş nyşanly gerek.

26.02.2020 ý.

 

 

Ak ýol.

 

Nirä barýañ,

Haýsy ile?!

Ýüzin düşüp galkyp barýañ.

Saña düşen il garranok,

Wagt bilen deñ akyp barýañ.

Ýol–keramat,

 Il–keramat,

Diýara şan, durmuşa–jan,

Dünýä juwan, sen–gojaman,

Başdan sowduñ näçe heññam?!

Şowly ykbal hemra bolar,

Perişdeleñ ganatynda,

Şatlyk bary üýşüp geler,

Gözler oýnar hanasynda.

Saña düşen aklyk dilär,

Kalby ýagta–ýagşylyk bol.

Hoşlaşdyrar, tapyşdyrar,

Bagta sataşdyrar ak ýol.

18.02.2020 ý.

 

Şahyryñ sözi.

 

Ýuwaş-ýuwaş töwerek-daş oýanar,

Açylar barlygyñ owadan ýüzi.

Ruhy goýazydyr, şapak deý ýanar–

Şahyryñ sözi.

Eý, galamym, wepaly syrdaşym sen,

Ýyllar geçdi, sen geçmediñ duşumdan,

Ýa hetdimiñ çekerinden daşym sen?!

Şahyryñ sözi.

Nur emensiñ asmanyñ didesinden,

Durlanansyñ azanlaryñ sesinden,

Şygryýetiñ Pyragy, Nepesinden,

Şahyryñ sözi.

Waspyn eden şol ötegçi günleriñ,

Ýaranydyr «Ylham» atly dilberiñ,

Sensiz haly neneñ-niçik  illeriñ?

Şahyryñ sözi.

Ýa deñizden, pesinden dok mañyzdan,

Gelsin howruñ ýedi arka añyrdan,

Ötgürligiñ polatdanmy, demirden?!

Şahyryñ sözi.

                            16.02.2020 ý.

 

 

Ýazyñ sesi.

 

Gyş, damjalap akyp barýar,

Ýazyñ mymyk nepesine.

Säher duýgyñy oýarýar,

Bilbilleriñ hoş sesine.

Guý, bereket, ak gar bolup,

Sil deý ak sen, rysgal nurum!

Gök maýsalar göge galyp,

Parla, Diýar!–

Parla Tugum!

Gündogarda ýanýan şapak,

Howlugýar dañ ataryna.

Şeýde-şeýde seýkin basyp,

Bahar gelýär Watanyma.

12.02.2020 ý.

 

 

Begenjim.

 

Men mydama,

             şeýle  zada begenýän,

Seýran etsem ýaşlygymyñ ýazyna.

Birem, maña salam aýtsa tanyşlam–

Düşüp gidýän ýatlamalañ yzyna.

Men mydama,

             şeýle zada guwanýan–

Gülüp baksa  hoş niýetli dideler.

Göterilýän, ýere-göge aýlanyp,

Şa ýol açýar şol bagtyýar ýodalar.

Men mydama,

                ýeke zada daýanýan,

Ýüregimi eýelese ýagşy päl.

Şeri ýykyp, haýyr işe ulaşsam,

Şondan gaýry kalba ganat gerek däl.

07.02.2020 ý.

 

 

Gözellige teşne.

 

Gel, gumrular ýaly,

                        hemdem bolaly,

Undulmaz hiç haçan bagtly pursatlar,

Şolañ hasabyna şat bu gursaklar,

Dilege berilmez şowly bijeler.

Aýak ýere örkli–

                      zemin deý erkli,

Göwnüñ göterilip, göge towusýar,

Çyndan yhlas eden, bagta gowuşýar,

Aýsyz oñup bilmez  beýhuş gijeler.

Her näme diýseñem, 

                      muşdaksyñ senem,

Ýaşlyk humaryndan doly gözlere,

Eý, eziz okyjym,

                    ynan sözlere;

Bilseñ, gözellige teşne dideler.

02.02.2020 ý.

 

 

Dolandy.

 

Hiç wagt ykbaldan,

Nadyl bolmadym,

Ýöne, bet nazardan kalbym elendi.

Gel, söhbet edeli beýiklik hakda,

Ýagşylyk ýoluna çyksañ, gel indi.

Ine, görüp dursuñ,

Gülala-güllük,

Süýrenýän nobat ýok, jana hezillik.

Buýsanç bilen etjek kiçijik bellik;

Uzadan ýerine ýetýär el indi.

Kötelini ýeñip ýollar geçeni,

Niçezar üflejek ody öçeni. 

Il alkyşy bilen dünýä açany,

Ýalkamaga,

Ajap döwran dolandy.

29.01.2020 ý.

 

 

Adamçylyk şerti.

 

Gün bolup,

      asmana çykmak hökman däl,

Ediber sen, adamçylyk borjuñy.

Ýazylmadyk kanunlary çüýläpdir,

Añymyza edep-paýhas horjuny.

Akylly–yz goýar,

                    akmaklar–sapak,

Ýagşy–şatlyk goýar misli bir şapak,

Bent goýup ýalana,

                              ak güneşe bak,

Şol bolar ykbalyñ altyny– çyny.

Mähribandyr,

                    gözüñe gök derekler,

Dogduk depe harlanmaz eger-eger,

Goldan gelse,

                  hemaýat ber,

                                     medet ber,

Şeýdip hakla adamçylyk şertini.

28.01.2020 ý.

 

 

Goşgy galypdyr.

 

Ýaşlygmyñ bahary–owadan mukam,

Kalbymda seleñläp köşgi galypdyr.

Gursakda göterip,

Aýdyma öwrüp,

Sazyna goşmaga yşky galypdyr.

Ýaşlygmyñ görküni gäden ýyllarym,

Geçipdir duşumdan göýä ýyldyrym–

Dünýäniñ ýazyndan gelen güllerim,

Asman gözlerimde keşbi galypdyr.

Damjalar döwülip, ýere dolanar,

Pyntyklar çyzylsa,  bossana dolar,

Andalyp diýeniñ bir aşyk bolar.

Saýragynda yşk ataşy galypdyr.

Ýaşlygym seslendi:–

«Nämüçin dymýañ,

Şanyma bir şygyr beslegin, dünýäm.

Ýigrimä dolanyp, pikire çümmän,

Ýazmaga–Aýgüle goşgy galypdyr.»

26.01.2020 ý.

 

Ah, şat günler…

 

Gyzykly kitaba meñzedýän sizi,

Ah, şat günler!

Ýüzünden nur saçylýan.

Günüñ dogşy deýin, jahany bezäp,

Siziñ bilen ýagty pikir açylýar.

Siziñ bilen ýagty pikir açylýar,

Adamzadyñ ganatyndan göterýän.

Ah şat günler!

Köp bolsañyz bes maña,

Her sahapda ajap many getirýän.

Tüweleýläp, tüweleýläp ýagýar gar,

Düşeni ereýär ýeriñ buguna

Ah, şat günler!

Bu garly gün jemleýär,

Türkmen ilin pasyrdaýan tuguna.

25.01.2020 ý.

 

Söýüñ çagañyzy…

 

Mähriñizi gymmatlatmañ,

                                    ownamañ,

Bolýan wagty çagañyza, ojaga.

Boş selpemek hakda zadam diýjek däl–

Ýa işe basyrlyp, göz ýummañ şoña.

Hergiz çagañyzyñ raýyny ýykmañ–

Hezil pursatlary patrak deý seçiñ!

Olar  täp-täzeje täsin kometa,

Açyñ,

         dünýäñizde  gözýetim açyñ!

Ynsap diýenem bir hasapçy bardyr,

Gözi ýolda wagty mähribanlaryñ.

Söýüñ çagañyzy,

                      tapyñ göwnüni;

Wagtyñ ädimini güýmäñ, janlarym!

20.01.2020 ý.

 

 

Çyragym.

 

Kim owadan dünýäde?!

Elbetde, bu çagalar.

Iñ päkize dünýäli,

Körpe nahal bag olar.

Hezil zat körpe bolmak.

Günün sanap ulalmak,

Sözleýşi-de bal-gaýmak,

Ganat, ýürek ýag olar.

Jagul-jugul bulañky,

Ajap zatlar şolañky,

Çagasyz öý–garañky,

Her öýde çyrag olar.

14.01.2020 ý.

 

 

Damja.

 

Käte şybyr-şybyr,

               kämahal jülp, jülp,

Habar berýär agramyndan damjanyñ.

Birinjisi gelşi deý geçer gider,

Ýatda galýar–ikinjide ynjanyñ.

Ýeñil bolsun pursatlaryñ damjasy,

Jülp-jülp edip, daman ýerin opurman.

Eý, adamlar!

Mähir goşuñ durmuşa,

Gyş nuruna meýmireşip oturman.

Ak gar tozap,

                  buz aslyşsyn üçekden,

Bugarsyn gözýetim, gyş gyşa meñzäp.

Kak suwundan doýsun atyzlar, çiller,

«Dama-dama, yrsgal, köl bolsun» müñläp.

11.01.2020 ý.

Pirliýewa Aýgül Baýramownanyň Instagram sahypasyna geçmek üçin şekile basyň