Ody ýeser gargyşyñ,
Hazany deý müñ gyşyñ,
Çaga-çuga bolmasa,
Tagamy ýok durmuşyñ.
Asman gülýär, alabahar gelende,
Gün ýylgyrýar, çeşme çaýlar dolanda.
Bir elinde bereket bar baharyñ,
Direliş bar beýleki bir golunda.
Gögelekäñ paýha-sa uýmak ýoñ däl,
Bu maña-ha aýan, saña-da geñ däl.
Bir bilekde ýerleşse-de görýäñ-ä,
Uzynly-gysgaly–barmaklar deñ däl.
Ömür hem ýaşaýyş ýekeje gezek,
Öwrülip, dolanmaz ikinji gezek,
Akyldyr serişde, wepaly hemra–
Gysmaga gaýym diş–ilkinji gerek.
Ýürek örki, her ykbalyñ gaýraty,
Mukaddesdir, naýbaşydyr şöhraty.
Şonuñ üçin şeýle diýipdir Tagor:
«Watan hakda ýürek çözýär barzady.»
Wagt — lukman, käte gorar solmakdan,
Wagt – puşman, lezzet alar ýolmakdan.
Diňe zähmet halas eder ykbaly
Elipbiýiň soňky harpy bolmakdan.
Em tapdyrmaz tomsuñ howur alyna,
Epgek geçse hezil bermez janyña.
Başarsañyz ýazda, güýzde bag ekiñ,
Saýasynda jöwza gelmez ýanyña.
Özen kökümize meňzesek ýagşy,
Herki asyl zady tanasak ýagşy.
“Täze görnüşli” waharmanlary,
Kädiden saýgaryp biläýsek ýagşy.
“Täzelik” diýip, täze nysak tapdylar,
Bir daragty başga-syna sapdylar.
Ne beýi, ne armyt – gataňsy zady
Bazarlarda «alma» diýip satdylar.
O döwür göwün giñ, köçeler dardy,
Barly hojalykda «Ziguli» bardy.
Durmuş doñan ýaly bir ýerde dursa,
Nyrhlaram bazarda butnaman durdy.
Parhy näme? Senmi ýa men, gün yrman,
Çüýşe deýin göwün döwýäs gaýgyrman
Erte bir gün bendàñ ýeri oýulsa:
«Gowudy şol!»-diýip bilýäs…wah arman.
Lebiz ýuwudylsa imany iýýär,
Kim tümmekde, kim gaýada ser goýýar.
Her kimiñ bir paýhas beýikligi bar,
Şoña görä ölçäp, nyrhyny goýýar.
Söýen ýürek söýülmäge, yşka zar,
Gujagynda dür ýygşyran deñiz bar.
Akylly däl, öñe çykyp arlaýan,
Dymmaklygy başarýanda mañyz bar.
Akkordeon, tar,dep, ýa baýan, dutar–
Hersi öz dilinde şeýda sözleýär.
Salymda ýüz öwsüp duran hameleon,
Goşguly horjundan monjuk gözleýär.
Bürgüt kölegesi hary ürküzer,
Narpyzyñ hoş ysy mary gorkuzar.
Wyz-wyz edip ili irizen siñek,
Daşbörük pyşdyla ýumruk görkezer.
Sabyrlyda — dünýäň parasat, aňy,
Kölege sypdyrmaz doga ýaltany,
Dargadyşy ýaly ýoly ýodanyň,
Görüplik tozdurar akly keltäni.
Alnyñda müñsowal keserdip goýan,
Wagt ozup barýar, eý, ynsan, oýan!
Döwülmez ykbaly saýrasa dymman,
Durmuşyñ pähmini añyna guýan.
Wagt-lukman, käte gorar solmakdan,
Wagt-puşman, lezzet alar ýolmakdan
Diňe zähmet halas eder ykbaly,
Elipbiýiň soňky harpy bolmakdan.
Bulanyk pikirler bulansa serde,
Ýüregiň gözünde eleşan perde.
Ýaş görünjek bolýar, her kim, başarsa,
Ýöne, «wagt» diýenem talaň bar Ýerde.
Kamaty meňzänsoň gülälek gyza,
Gyş ornun beripdir ýalkymly ýaza.
Gelende ýüz ber-män gapyňy ýapsaň
Hatda Ezraýylam gidermiş yza.
Asman asman bolýar nirden seretseň,
Ylymlar dagynyň ýolun döret sen,
Durmuş kanunlaryn formula salyp
Öz paýhas möhrüňi goýup ýer et sen.
Şir ýanynda gorkup ganyn gowurýar,
Ýedi eplenip, kelemesin öwürýär.
Sygyryň süýdünden doýup, ýene-de,
Molan wagty, gassabyňka ýüwürýär.
Başa çekip bakylygyň köwserin,
Kim tutupdyr bu dünýäniň owsaryn.
«Her guşuň oz sürüsi bar»- diýdiler,
Bilbiliň nä sürüsi ýok, döw seriň.
Birsellem oturda garry ýurtda,
Durmuşyň ýatlama gorun owurtla,
Orta goýup bilseň ýürek çoguňy,
Gujagyna gysar köne höwürtge.
Gör, bu işe akyl çatar ýaly däl,
Däliniňki hergiz saga sary dal
Gökde Aý ýitmeýär, Ýerde keramat,
Çünki barlyk ýoklugyň didary däl.
Aý-ýyllardan beter ömrümiz iýýän,
Ýaman niýet bilen ajy dil diýýän,
Daşy «mäjik» möjeklere ýer goýmañ,
Ömür peltesine kerosin guýýan.
Şahyr, iki dünýäň aralygynda,
Menzilleriň ýakyn-u-yragynda.
Dartylan taryny ýumşadar kalbyň,
Darap-darap, täsin söz daragynda.
Gazany üç aýak tagan göterýär,
Şöhraty- başyny egen göterýär.
Ene-ataň miras goýan ruhuny,
Senden özge, diňe dogan göterýär.
Sabyrlyda — dünýäň parasat, aňy,
Kölege sypdyrmaz doga ýaltany,
Dargadyşy ýaly ýoly ýodanyň,
Göriplik tozdurar akly keltäni.
Guş gerekli ütelgini döredỳär,
Yşk ỳürekde tütünini döredỳär.
Doly bolsa hersi özbaşynadyr,
Iki ỳarty bitewini döredỳär.
Öwren, zehiniň bar, gaýnap bilerlik,
Ýigren, haýry şerden saýlap bilerlik.
Gazan, ömürden soň bir ömür gazan,
Sowran ýyllaryňy ýygnap bilerlik.
Hak, haýwan ähline nazar salypdyr,
Boýuna görä-de ornun bölüpdir,
Hile bilen düýäň gerşine çykyp,
Küle syçan müçebaşy bolupdyr.
Ykbal -sal, akymyň badyna ýetjek,
Bagt — hal, abraý adyňa ýetjek.
Diňe goňşyň bolar gyssanan wagtyň,
Hossardan öňürti dadyňa ýetjek.
Ömür näme- öz-özüňi açmakdyr,
Ýa ýyldyz deý gökde ýanyp öçmekdir,
Belki, ömür dört pasylyň içinde
Dünýä bilen biraz didarlaşmakdyr.
Gulp berdiňmi, ýany bilen açar ber,
Kalp sözüňe many ber, bal-şeker ber.
Bibaş bolsaň derrew şahyňa kakyp,
Nogtalapjyk tanapyňdan çekerler.
Kim towşanyň, kim şagalyň ornunda,
Kim bedewiň, kimler şiriň ornunda,
Garaz, adam bir-birini gemirýär
Gözi gyzyl dünýäniň aç garnynda.
Şagala şam boljak, oňaýly olja,
It itligin edip üýrmedik bolsa.
Garramazdy adam, ölmezdi adam,
Durmuş gazanyna girmedik bolsa.
Ýyldyz bolsaň, gözüň ýerde bolmaly,
Kalbyň zeri kämil serde bolmaly.
Ulugyzyň buýsanç bilen edebi,
Nämährem gözlere perde bolmaly.
Kim görüpdir dünýäsini derwüşiň,
Ýolbelet ol, ýollarynda durmuşyň.
Ýaz, tomus, güýz uýan berer eliňe,-
Şatysyndan sypmak üçin bir gyşyň
Ýaňy gapysyndan yşyklan bada,
Tutdurar goluňa bir jübüt bada.
Ajysyn-süýjüsin deň berer durmuş,
Şerbetin bejit tut, apartma bada.
Ýol, ýoda bölünip dagadymy, ýa?!
Ömrüň owazlary sabadymy, ýa?!
Nam-nyşan galmandyr yşgyň odundan,
Garrylyk, ýaşlygyň tabydymy, ýa?!
Ömür uzyn bolsun, kelte bolmasyn,
Tüsseläp gutarýan pelte bolmasyn,
Bersin, herekete bereket bersin,
Ýöne, ýörelen ýol gaýtalanmasyn.
Sogap zeriň — ak atyňdyr ýanyňda,
Ylym zoruň — ýyldyrymdyr aňyňda.
Eý, adamzat, herne eden işleriň-
Ýygnan goruň -ykbalyňdyr alnyňda.
Ýeke ykbal bir ömüriň içinde,
Ýeke ýol bar bir ýörelgäň içinde.
Her pasla bir ömür bolýar, nämüçin
Iki gyş görünýär bir ýyl içinde.
Ýagmyryň gaýmagy Ýerden çykýandyr,
Alemiň paýhasy gordan çykýandyr,
Dünýäň sowallaryn nagt edip duran
Jowher jümle danalardan çykýandyr.
Hiç haçan görmändim gyrawyn tomsuň,
Akaba ỳaplarda akymyň doňşun.
Sowala jogaby özũňden gözle,
Beren salamyňy almasa goňşyň.
Pellä ýetmez öňde maksat goýmadyk,
Jöwza ýanyp, gyş ýagyna buýmadyk,
Syryň aýtma, derdiň diýme “Wah” diýmez
Agyryňy özüň bolup duýmadyk,
Maňlaýdaky haty çyzyp bolmaýar,
Bir işi gaýdana dözüp bolmaýar,
Ýetim guzy goçak çykar ölmese.
Ykbalyň ýelmänin üzüp bolmaýar.
Bagşy dile dűşse, aýdym –sazyndan,
Gűýzler barly gelse, bahar- ýazyndan.
Zehiniňi ÿakyp, gözűňi gapjak,
Gahar öňden ýörär, akyl yzyndan.
Aňzakda Gűn bolup çoýmagy öwren,
Ýatlary ýakynyň saýmagy öwren,
Hata göýberdiňmi, özűňe dözűp,
Ýalňyşlaryň űçin, „buýmagy” öwren.
Gűl eken gűl ysgar, höziri bardyr,
Ot gorsan köz tutar, jigerne nardyr.
Gözűne görűnmez dűnýäň eşreti,
Ýol söken öýűne ýetmäge zardyr.
Akar suwda reňk bolmaz, ys bolmaz,
Marda aýak, murda asla ses bolmaz,
Bűdreseňem, bu ýollarda merdem bol,
Agyryňy senden özge, kes bilmez.
Dũşũnmersiň ỳelesine ygyna,
Haỳbat berer basan aỳak tozuna,
Gapydan salamsyz girişi ỳaly,
“Sag bolsuzam” çykyp gider yzyna.
Tanarlar agsasaň ýele ýanyňdan,
Halypa çykaňsoň hyrka donuňdan.
Setir döretdiňmi, köstüni goýma,
Çalajan bolmasyn, jan ber janyndan.
Derÿaň suwy tereňlär akmak bilen,
Ÿiti zehin bäs eder çakmak bilen,
Küren oba ÿeke dana paÿhasdyr,
Iş tutulmaz üỳşse ỳüz akmak bilen.
Ikisi-de bir daragtyň şänigi,
Diýmersiňiz dadyp görüp maňzyny.
Olaň bir-ä bal bulagyň hanasy,
Beýlekisem zakgun eder agzyňy.
Aňsadyna bakmaz jany sagatlar,
Kürtdürmez aÿlawa giren sag atlar,
Göwrümi ulumy, kiçi parhy ÿok,
Wagty deň hasaplar sakçy sagatlar.
.
Çökder ýüki ner balasy göterýär,
Dag haýbatyn kert gaýasy göterýär
Her guş etenedir höwürtgedekä,
Ganatlyny howalasy goterýär.
Ussadyň pendine gulagyň asgyn,
Öwdüni tumar deý boýnuňdan asgyn.
Hormatyň dowamdyr atadan gaýdan,
Diýdirme köşegi inerden asgyn.
Düýä logala ber, guş iými-däne
Halylyň hoşasyn gör, däne-däne.
“Dünýe neçüýn ýekejekä” diýmegin,
Her kimiň öz dünýäsi bar dürdäne.
Daglardan üzülen gaýa gördüňmi ?!
Gyzganyň astynda saýa gördüňmi ?!
Boý-syraty müň syçança bolsa-da,
Müçebaşy bolan düýe gördüňmi ?!
Alagarga toý gazan atarandyr,
Şir ornunda tilki han oturandyr,
Çagyrylýan bolsa eşek meýlise,
Ýa-ha odun, ýa-da suw gutarandyr.
Ömür-menzil, haýal-ýagallyk etme,
Yzyna düş, eger paýhasyň iýtse.
Galar öýtme, ýürekdenem gidýändir,
Süpürilip göreçleriňden gitse.
Wagt sylamaz, owadanmyň, juwanmyň,
Wagt sylamaz, serkerdemiň, jananmyň.
Aparýandyr dünýesinden özgesin,
Ýöne diňe, sözi galýar dananyň.
Güýzler ajap, kesgir ýeli bolsa-da,
Gözler ajap, käte nemi bolsa-da,
“Diňe, Gündir kölegesiz”- diýdiler,
Käbir sözler kolegeli bolsa-da.
Her sataşanyna “bagtym” diýip dur,
Her şöhle saçana “altyn” diyip dur.
Bagşyň tamdyrasy gyzyp-gyzmanka
“Aýdyň, Balsaýady çalsyn”- diyip dur.
Taňry şygyr atly Kelam beripdir,
Sabanyň dilinden salam beripdir,
Gürlemäge gyzyl dili bolmansoň,
Şahyryñ eline galam beripdir.
Itmi-it-da, garaz üýrmäni bilýär,
Iýmçi guzy diňe harmany bilýär,
Parhyna däl, şowhun alsa dünýäni,
Ýanan ýürek diňe armany bilýär.
Ýol bermeseň, «ýöre» diýip bilmersiň,
Tör bermeseň, «töre» diýip bilmersiň,
Gök didesi parlak ýyldyzy, Aýa
Taý görmeseň, «ere» diýip bilmersiň.
Şahyra erkinlik beriň, gabamaň,
Kesä çekip, ýüregini dalamaň.
Hak sozünden gaýry aýby ýok, aýby,
Soragdyr ol, ynsabyňa abanan.
Köpi gören dana şeýle diýipdir:
„Egsigi kemsitmek dola aýypdyr,
Öz ylym dagyna ýol arçap, köpe
Ýörelge döreden alym beýikdir.”
Ot beýge dyrmaşýar, suw pese eňýär,
Diline bek bolsa akmagam ýeňýär,
Ýöntem bilen ýitiň guran söhbeti,
Bitaý kürek bilen ýüzene meňzär.
Akyl, owadanlyk … ýa haýa paýyn,
Her adama deň bermändir Hudaýym-
Kä kişiniň kamatyny uz eýläp
Kemterräk beripdir akyl serpaýyn.
***
Käte-käte asman depäňden bassa,
Göýä dünýä saňa gyýalap baksa,
Sen özüňe : „otsuz çakmak” diýersiň,
Zehiniň baş bermän tersine aksa.
Käte-käte paýhas zerin ýygnasaň,
Keýpiň göterilip dünýä sygmasaň,
Onda muňa kämil çykmak diýerler,
Dünýä dolup ýaňlanmaly nagmasyň.
***
Daga sežd eýleseň, dik başyn egýär,
Her kim ekeniniň dessesin bogýar,
Asmana degsinip kesek oklasaň,
Owranan külkesi üstüňe ýagýar.
Manysy maňzyna siňen rubagy,
Şygyrýet mülkiniň gül-çeçek ýazy.
Ýüregine melhem tapar her okan
Dört setire sygsa çöl, deňiz, dagy.
Yşkyň owazy bar dünýäň heňinde,
Aýdymyny diňläň, biraz diniň-de,
Ýagşy-ýamanyňy garyşlar barar,
Bir günem, mizanyn goýar öňüňde.
Gün tugy Zemine çaýanda zerin.
Oýanyñ, barlygy görke getiriñ.
Adamlar, siz bile gözeldir durmuş,
Sagdyn hereketiñ ruhun göteriñ.
Iliň-günüň gerçegi bol-yz galsyn,
Hyzmatynda bilekleriň çyzgalsyn.
Aňsat diýip galplyga ýüz urmagyn,
Müşgil bolsun, ýöne düýbi düz bolsun.
Dal boýuňa gurban, yhlas — jähtim bar,
Aşyklaň kasamy — wada, ähtim bar,
Köňül eýwanyňda ýazlamak üçin,
Ýürek tarym gatlap ýoda çekdim, ýar.
Eỳ, gözel gyz, eneñ-atañ janysyň,
Söỳmek ũçin dũnỳä gelen ỳalysyň.
Omũrboỳy dokap ỳörsũň aşygyň,
Kalbyň içre ỳũwũrdilgi halysyn.
Pasyllar içiniň ýazyna muşdak,
Kölleriň ýaşylbaş, gazyna muşdak.
Beýik gerçekleriñ ruhuna siñen,
Watanyň parlaýan tuguna muşdak.
Akyl bir hazyna-agramy bolmaz,
Hazyna, azapsyz goruňa dolmaz,
Asmanda Aý-Günüň ýitmeýşi ýaly,
Yşk bilen açylan çigildem solmaz..
Sygry diňe, ony söýýän okasyn,
Ýa-da, okan ozan bolup okasyn.
Goşgy ne-hä gazal, ne kyssa bolar
Gürledip bilmeseň otur, nokadyn.
Der saçan dűr seçer, zähmetde gaýna,
Kesbiňden kemal tap, maksatly yaýna.
Zähmet soñy eşret bolar, bilseñiz–
Azabyň gűl bolup, çolaşar boýna.
Her pikir oý içre, otur-da pähm et,
Manyly sözlere gerekdir zähmet,
Ýaňranyň ýelekçe agramy bolmaz,
Salyhatly kişi dűrműdir, mähek?!
Ot otdan tutaşar, suw suwdan joşar,
Gün gyzaryp, şapak içinde ýaşar.
Watan ojagynda köz bolan gerçek,
Il-gűnűň kalbynda ýaz bolup ýaşar,
Agramyň ölçeýär hak sözüň, rastyň,
Çyn söz bilen pespällik bolsun dostuň.
Gabara berse-de, mertlik bermeýär,
Egniňe şaplaşyp dursa-da possun.
Gaýmagyň galyňmy — oýlanda döret,
Işletgin galamňy — kemalyň gurat,
Her kim bizar burnun göge tutandan,
Eret, hoş söz bilen, doň bagry eret.
Bir gaýa men, däl daglaryň kölgesi,
Men umman däl, derýanyň-çelgisi.
Kök-şejeräm köküm nemläp gurp berse,
Men olaryň dowamynyň salgysy.
Aňzakdan buz çykar, epgekden howur,
Bugdaýdan çäç çykar döwrandan döwür.
Dananyň sözüniň yrýasy bolmaz,
Bihepbe gürlese, diňlener böwür.
Gözüň nury bolmaz, ýürek gülmese,
Küteler, kär ýiter ussat bolmasa.
Pelläň, pellehanaň parhy bilinmez,
Ynsanyň öňünde maksat bolmasa.
Şejeredir — nesliň gözbaş-belgisi,
Mirasdyr — milletiň ruhy çelgisi.
Ýyllaň paýhasyny serde çökeren,
Aksakgallar halkyň ýol-ýörelgesi.
Gondy döwlet guşy ilime gondy,
Dowletim Garaşsyz, Bitarap indi.
Ýaşaýşyň dowamy,dünýäň owazy,
Ýaşyl yaz Tugumyň roýuna siňdi.
Heran-haçan il derdine gaýymdym,
Kynçylykda güýz ýüňi deý saýyldym.
Bu ýollaryň takyrynda towsaklap,
Ahyr bir gün ýola düşdüm, ỳaýyldym.
Il günüň gaýraty — merdine görä,
Gaýanyň haýbaty — kertine görä.
Dananyň bir sözi hassany galkdyr,
Akly ýabygorlý derdine görä.
Guýyň suwy pure-pürläp, çogmaýar,
Berk çynarlar dik başyny egmeýär.
Bulutlaryñ derdi başdan agmasa,
Asman nury damja bolup ýagmaýar.
Kanagatym — imanymyň baýdagy,
Kelam atym — zybanymyň saýragy.
Kim bu dünýäñ odun goýdy ýüpüne ?
Her nepesiñ –saña Hakyñ baýragy.
Il uýar älemiň bakylygyna,
Gün çykar horazlaň “çakylygyna”.
Öỳ törün bezeỳän nowjuwan gyzlar,
Soraglanar bakyp hoş gylygyna.
Çyn şahyrlar wagtdan çykyp giderler,
Geçmiş, geljek maglumyny getirler.
Paỳhas ummanyndan çyrpynyp, gaỳnap,
Derỳa bolup akar röwşen setirler.
Ýürekde arzuwlap gat-gat gatlanan,
Hyýal bir atmyka hakykatdanam.
Jylawsyz, uýansyz goly gamçysyz,
Ylham çapyksuwar oňa atlanan.
Harasat silkinse gumlugyn aýdar,
Bulutlar, tolkunsa nemligin aýdar.
Danaň gursagynda ümsüm oturan,
Parasat galkynsa kimligin aýdar.
.
Kim saỳhally barýar bu ak ýol bile,
Kimiň bagty çapýar, dönỳär-de sile.
Igleder nahaly saryçyrmaşyk,
Senem saryýag deý gatylgyn ile.
Ýylgyryş gudratdyr, zelildir — gussa,
Ikinjini ret et, akylyň kesse.
Ömrüňi kütelder, ýaşyňy gäder,
Sustlugyň hazany kalbyňdan össe.
Gönümellik ýalan söze gürzüdir
Hormat — sylag ömrümize arzydyr,
Ýaşaýşyň özeni hemem hümmeti
Gül Watanyň mukaddeslik parzydyr.
Hoş habar gelỳändir ile toỳ alyp,
Kalba hyruç berip, mähre boỳalyp.
Eçil töweregňe, şatlygyň eçil
Senem il bolarsyň ile daỳanyp.
Aksakgal gojasy — goýazy many
Keremli törüniň ygrarly hany.
Paỳhasyň üstünde gurup ỳör türkmen,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany.
Lap edip aýdamok, gudrat bar çölde,
Tapylgysyz melhem-sežd et egil-de,
Lukman tebigatyň altyn çägesi,
Ömür bolup akỳar aỳakda- elde.
Pederleriň ündeýäni Hak ýoly,
Haýyr ýoly eýikdirýär ykbaly,
Halallyga togap edip her demde,
Ata-baba halallygy saklaly.
Bu akarlar dünỳäň guwun getirler,
Tolkunynda ömür suwyn getirler,
Meger olar köşk şahyry Mahestiň
Ỳüreginden akyp gaỳdan setirler.
Nebsiňe “haỳ” diỳseň , ezber erksiň sen,
Ģeniňi bilmeseň ile dertsiň, sen.
Eger egri bilen ỳüzbe-ỳüz bolsaň,
“Gönel” diỳibilseň juda mertsiň sen.
Ỳaz pyntyklan şatut gözel görjege,
Guwanyplar gujagyny gerjege.
Pudakdaky kũmũşsowult damjalar,
Öwrũlipdir Hak eçilen merjene.
Şapakdan ne peỳda ỳanyp bilmeseň.
Bulutdan üzülip ỳagyp bilmeseň.
Güller öỳkelärmiş beren dessesin,
Özũňçe timarlap bogup bilmeseň.
Manysyny gözletmäge beripdir,
Mährin kalba göz etmäge beripdir.
Kime märekäni gũỳmemek ũçin,
Kime sözi özgertmäge beripdir.
Ỳũrekleriň aỳdymyny diňle, sen,
Kämilligňi asyrlara deňle, sen.
Deňiziň astyndan çykyp tolkunda,
Bökũp ỳören suw atyna meňze, sen.
Hoş söz däl, agzyna suw alyp otyr,
Keýik kimin gelni awunyp otyr,
Ol bolsa tawusyň älemgoşarly,
Ỳekeje perine guwanyp otyr.
Tebigat ynsana gaỳrat beripdir,
Hersine bap gelỳän kamat beripdir,
“Ỳyndamy çamandan saỳlansyn” diỳip,
Aỳlawa ỳeke däl, kän at beripdir.
Tamdyr ýalynlasa-howry içinde,
Kanagat eýläniň – sabry içinde.
Gördüm ýüzi nurly türkmen ilini,
Ajap eýýam–,bagtyýarlyk içinde.
Dana özi hakda dymmak bilendir.
Kelesaň ýelugra eňmek bilendir,
Item öz rysgyny isrip etmeýär-
Artdyranjasyny gömmek bilendir.
Pederleriň mirasyny täç eden,
Abraý gazanar zire-zireden.
Durmuşda ýüzlüsiň hünärli bolsaň,
Ýol — utgaň ýitirseň, tapjak nireden?!
Höwesimdi nepis keşde gaýamam,
Gözlerimiň nurun sepdim aýaman.
Ine, bu gün milliligiň ýalkymy,
Ylham bolup kalba ýagýar, eý, aman.
Uz basyş, näz bolsa gyzda-gelinde,
Gözüňe kaklyşýar gül şekilinde.
Aşyk gözler sözsüz söhbet edende,
Bilbil saýramazmy yşkyň dilinde?!
Saba sergininde şadyýan saýran,
Bilbiliň telwasy — güllere seýran.
Şire per bermedik äwmezek piliň,
Syçanjykdan eýmenşine men haýran.
Söýenemde penakäre söýendim,
Sogap ýygnap, alkyş bilen daýandym,
Ynsabymy göreç edip didede,
Kanagatyň aýasynda aýaldym.
Egin egne deňlär, garaşyk etmek–
Ýetjek menziliňe müşgil däl ýetmek,
Beýiklik ýoluna adyňy ýazar,
Aýagyz galmadyk ýol bile gitmek,
Ýoda ýola salar, ýol ile eltip,
Durmuşa pata biýr, senem il edip.
Çasly akymyna siňip bilmeseň,
Göz-gülban bolarsyň, agzyň öwweldip.
Eỳ, gözel gyz, arzuwyň wysalysyň,
Söỳmek ũçin dũnỳä gelen ỳalysyň.
Omũrboỳy dokap ỳörsũň aşygyň,
Kalbyň içre ỳũwũrdilgi halysyn.
Ykbal -sal, akymyň badyna ýetjek,
Bagt — hal, abraý adyňa ýetjek.
Diňe goňşyň bolar gyssanan wagtyň,
Hossardan öňürti dadyňa ýetjek.
Dumanlama gaşy çytyk tün ýaly,
Häkimligiň goý, ýylatsyn Gün ýaly,
Ýüzün alma, bir mysapyr bendäniň,
O nä, saňa gyýa bakan dünýämi?
Yssyňda taplanyp, ýazyňda ýaýnan,
Tomsuňda taplanyp, nuruňda gaýnan,
Päkize ak ýolum, ykbalym, bagtym,
Türkmenistanym sen, mährine çoýan.
Rubagyçy bolmak–many çözlemek,
Zehin çuñlugynda seýran eýlemek.
Beýnide bişirip, ýürekde ýaýyp,
Jigeriñden üzüp, ile paýlamak.
Her sözüñ em bolsa derdine hassañ,
Gülüñ ýapragy deý ýazylar gussañ.
Ýalbar; mert kiçeler, namart eseler,
Tapawudy edil Ýer bilen Asman.
Ýöntemlik zehiniñ kemligindendir,
Telperligindendir, doñlugyndandyr.
Miwäñ datly, saýañ goýazylygy,
Daragtyñ köküniñ çuñlugyndandyr.
Ýaşaýyş ýaryşdyr, darykma, ýer giñ,
Edep ber çagaña, ol seniñ bergiñ.
Kyýamat parzyñy berjaý etmeseñ,
Edepsiz çagañ bor özeni görgiñ.
Minnetli aş iýmek çetin bolarmyş,
Jepasy janyña wehim salarmyş.
Yrañ-dyrañ edip başlanan işiñ,
Biterden bitmezi ýakyn bolarmyş.
Ýürege giñlik ber, agram sal kellä,
Abraýyñ galñasyn, ýetmänkäñ pellä.
Gursakda wyźdany oýarmak üçin,
Ynsabyñ nuruny beripdir Alla.
Oýun oýun bolmaz biri utulman,
Didiwana münen galmaz atylman.
Hyrydary köpdür owadan daşyñ,
Dana dagdan otyr bagty açylman.
Galalaryñ, hüjreleriñ sudury,
Gelejege düýnüñ goýan möhüri.
Hakydada jana gelen sahaplar,
Pyşyrdap dur, ençe gowgaly syry.
Ne ýagdy, ne goýdy öwzaýy soluk,
Diñe ýel uwlaýar dyzyna galyp.
Ýagmazak buludyñ eñki agypdyr,
It alan sanaç deý, elemtas bolup.
Ýakymy bägülüñ ülpüldisi deý,
Ýyly söz uçgunyñ ýylpyldysy deý.
Kalby tisgindiren ikuçly jümle,
Şar gara gijäniñ galpyldysy deý.
Şygyr–kämillikden nyşana bolar,
Ýürekden çykmasa ýasama bolar.
Duýgynyñ lybasy ýüpeksow bolsa,
Pikiriñ synasy mesaña bolar.
Şaglawuk belentden başaşak akar,
Zeýlän ýeriñ şory ýüzüne çykar,
Pagtabent göçmänkäñ mazaly oýlan,
Pikiriñ göýdügi zehini ýakar.
Ýagşylygyñ sütüni hoş niýetdir,
Ýagşy sözüñ bossany añyýetdir.
Maýalygy ak bulakdan eýlenen
Gözelligiñ gorag dony uýatdyr.
Mawy deñziñ gaýygyna muşdakdym–
Ýelkenini ganat edip uçjakdym.
Deñze bakyp asman doldy gözüme,
Gök ýüzünde umman görüp iç çekdim.
Ak asmana baksam, keşbim görünýär,
Mawy gözlerinde yşkym görünýär.
Gaýany daglara sapan ýyllaryñ,
Didesinden syçran uçgun görünýär.
Indi muzeýde dur, elim degirmen,
Ýaşaýyşy tigirläpdir degirmen.
Urbasyny Watan genjine deňäp,
Togap edip, maňlaýyma degi:r men.
Ileriň boz meýdan, gaýraň-da gatla,
Goluňy çyzga-da gaýratyň gatla.
Rysgyň bereketi hereketdedir,
Diýme: „Desterhanym nandan gat-gat-la”.
Dessandan soň bagşy aýdyma geçdi,
„Näzli ýary” „Tüni derýadan geçdi”.
Diýdi: ”Jan-jan”, „Altyň biri” „Öltürer”,
„Ak ýüzli maralym”, „Sallanyp geçdi”.
„Mukam çal, owaz et, düwme gülberiň”,
Diýenim bolmady, duşsa gül beriň.
Dutaryny düzüp gelsin gaşyma,
Soň, halyma gülseňizem, gülüberiň.
Kak suwy durlanar ýygnanyp o:ýa,
Bulutlaň göçümi batyrýar o:ýa.
Kim ýatar ýaz güni gyş ukusynda,
Tebigat oýamy-daýhanam oýa.
Barmak basyp sanasaň-da ýylba-ýyl,
Müsürde aňzak gyş gyşlaýar maýyl.
Her on iki ýyldan bir müçe bogan,
Tebigatym, paýhas-käniňe ma:ýyl.
Sahylygyň göýä Hatam Taýmydyr,
Hyýallaryň bökjekleýän taýmydyr?!
Özüňden soň, ýüreklerde ýaşajak
Abraýyň — mertebäň ömre ta:ýmydyr?!
Zergäriňki-syntgysy şaý-sepiniň,
Gyzyňky-düzlügi bukja-sepiniň.
Toýlaryň bezegi zyba gözeller,
Tylla gupba geýiň, gülap sepiniň.
Haly doka, oglan okat, goşgy goş…
Tebigata garaşyk et, köňül goş.
Abyköwser suwly dury çeşmäniň,
Altyn çeşmi guramasyn, goşant goş.
Gara saç, gara gaş, aý ýüzli Aýna,
Husny jemalyny göz etdi a:ýna.
Duýgur ýürek joralary degişdi-
„Yşka düşenje gyz, eljire, aýna”.
Gök toraňňylary göni hatarly,
Tokaýyň degresi howp-hatarly.
„Şir, peleň bar”- diýip galawut etme,
Mergenler bar munda, egni hatarly.
Gudrat bar dutarda; üýşen ýaş-u çal,
Undulypdyr bar zat: dur küýzede çal.
Pederleriň mertligine buýsanyp,
Sazda seýl edeýin, çal, dutaryň çal!
Zähmetiň nurlaýar her güni-aýy,
Kalbyňda parlaýar Oguzyň Aýy.
Aý içiniň arslany bar diýdiler,
Men bolsa görýärin possunly aýy.
Daragty saklaýan ýaýbaň köküdir,
Şejeräň aňyryň özen, köküdir.
Matematikanyň ýoluna düşsek,
Altylyk san otuz altyň köküdir.
Atalaň pendinden sapak al Alma-
Gözleri-şakäse, ýaňagy-alma.
Ömür ýollarynda syrdaşyň boljak,
Goňşyňa duşýançaň hergiz ýer alma.
Başarsaň orak or, başarsaň ýer dep,
Bikärlik bir dertdir, derhal eýle dep.
Halal zähmet bilen toý bolar ömrüň-
Ruhuňy ýaz eder dutar, gyjak, dep.
Görki-güli, boýy-syrdam deregi,
Ýatlatsa-da, sözüniň ýok degeri.
Biläýse ne ýagşy iniş-çykyşy,
Geplemese bolýar bir bideregi.
Mähir gönezligiň gorulsa a:şa,
Ata-enä sežd et-ýetip ýol a:şa.
Süňňüň ýadawlygy zym-zyýat bolar,
Burç bilen çal goşup içseň un aşa.
Menzil aşdygyça ömür atly sa;l,
Kalbyň owazyna biraz gulak sal.
Mertebä hem baýlyk sary ýöreden,
Aýazhanyň çarygyňa nazar sal.
Ussatmyň – şägirdi gözűňden salma,
Adamsyz boşluga garaňy salma.
Gözbaşly çeşmeleň dowamy bolup,
Obany suwarar ýekeje salma.
Bagt şuglasy – kalpda bir älemgoşar,
Halal zähmet rysgalyňa rysk goşar.
Söwedeňläp abraý gazanan ýokdur,
Gaýratdan ýognasyn bilekdir, goşar.
Biweç ile çykmaz, ilden gysynar,
Nadana ýoluksaň zehiniň synar.
Käte çarkandakly, käte endigan,
Bu ýollar, ýodalar kimdigňi synar.
Ýylgyrsaň bagtymyň jowur agy sen,
Ýygrylsaň kalbymda sessiz agy sen.
Jűmjűme gűli deý ömrűmi bezän,
Sada ykbalymyň ýagty-agy sen.
Şahandaz kişileň her gűni ýazdyr,
Sussypes suslanyp boýnuny ýazdyr.
Öýi arkasynda, rysky ýolunda,
Gezende derwűşler kaýda ýűk ýazdyr?
Jöwza ýanyp, gyşda ýagmyra buýan.
Melhem gozläp, çykar kä o ýan bu yan.
Tebigatym lukmanlaryň lukmany,
Eçilen, ýűzärlik, ýandak, buýan.
Ýokdur, ýatyp, zahmet tuguny diken.
Ýokdur gaýma-keşde iňňesiz tiken.
Näzikligiň goragynyň nusgasy,
Bägűliň ýanynda awuly tiken.
Gabahat närsedir meý-şerap içmek
Lul-gambar boluban duzdan ant içmek.
Zähmetden kemal tap, eşret şondadyr
Jöwzada saýa bor, aňzakda içmek.
Gunduz deý özi ak, päkize gara
Sürtseň-de kömüri ýokaşmaz gara.
Saýgarmak isleseň agy-garany,
Gara, herki zadyň aslyna gara.
Diýdiler ezberlik asla çekedir,
Ýüwrükler çamany öňe çekedir.
Ýene-de diýdiler: „Deňiz tümlükde,
Ýyldyzly gümmeziň keşbin çekedir.”
Teýene — gybata gulagyň asman,
Sogap al, günäni boýnuňdan asman.
Ömür sallançagyň tebigat bolsun,
Düşegiň — gök Zemin, ýorganyň — asman.
Göwün guşum sähralara, düzedir,
Pälipes – dokuzy düzüw, düzedir.
Gursakda wyzdanym ýygyp ynsaby,
Adamlara tämiz çemen düzedir.
Kesp-hünär zynatdyr, öwren, at gazan,
Ÿalkanar ÿol çeken, hem guÿy gazan,
Sen şatlygy başga ỳerden gözleme,
Bygyrdap duranda toỳlarda gazan.
Köňülleň ỳagtysy “ak altyn” hana,
Buÿsanç tolkunydyr daÿhana, hana.
Çyzga babadaÿhan, goluňy çyzga,
Açylypdyr bagtyň — gözlüje hana.
Joşgunda – kalp içre pyntyk ÿara sen,
Hoş günde – höwesek dosty –ÿara sen,
Halallyk sen – tämizleỳän howany,
Adyllyk sen – salỳaň galpa ỳara sen.
Geçmiş jana gelÿär hakyda, ÿatda,
Keşbi göze ilÿär ÿakyn-u-ÿatda,
Urp-adat ÿitmesin, hazyna şudur,
Oỳlan sen, otur-da, pikir et ỳat-da.
Şerimliniň ÿaňagynyň aly bar,
Bagt daňynyň şapagynyň aly bar.
Ynanaÿmaň müň sözüniň birine,
Iki dilliň iki ỳüzli aly bar.
Adam ogly, erkiň göÿä daş bolsun,
Tebigata kalbyň arkadaş bolsun,
Bilseň, yrak bolgun ruhy göỳdükden,
Bet pygyl ol, mydam araň daş bolsun.
Gazabyňa dür paÿhasyň çäk eỳle,
Iliň hyzmatynda ỳakaň çäk eỳle.,
Omrüň altyn jygasydyr messebiň,
Lebiz hem ygrary ikiçäk eỳle.
Töwekgel bol, ber köp-u-azy bilen,
Kanagat et, oňuş birazy bilen,
«Ýer astynda ýylan gäwüşin» duýýan,
Alabaý it azm urar azy bilen.
Ÿüregi bet päk işleri garalar,
Bir ele-köz, bir eline gar alar,
Gom deỳ galkar gider kalby tämizler,
Joşgundan binesip zandy garalar.
Pikrim many içre suwa düşüner,
Meň saÿrak dilime şeÿda düşüner,
Köşek setirlerleriň ÿüki ÿetikdir,
Başyňy dik tut-da ÿola düş, iner.
Bilbil telwas içre: “Serçemen” diÿer,
Yşk heserne uçran ser: “Çemen” diÿer,
“Labzy süÿji kim?” diÿip sese goÿulsa,
Bilbilden öňürti, serçe: “Men” diÿer.
Mertebäňe şärikdir daşyň-içiň,
Ner agsasa hergiz gülmesin içiň.
Mähir bolup bulduraÿan gözlerden,
Teşne bolup, yşkyň şerbetin içiň.
Tasa gelseň, bir halypaň gaşynda,
Lowurdarsyň kämilligiñ gaşynda.
Paÿhasa ÿugrulyp, aňa eÿlenseň,
Ÿürek bolup syzar, gözüň-gaşyň-da.
Hakyda taryhyň gatlak-gatydyr,
Täleÿ şum gelmesin — daşdan gatydyr,
Göreçleri — jansyz, ÿüzi – yşnaksyz,
Hyrsyzyň ýüregi doň — saňgatydyr.
Agtarar men seni şam bilen daňda,
Köker meni ylham, örküňe daň-da,
Jadyly dünÿäňden çykabilmenem,
Özerksiz men seniň gülgün adaňda.
Döwür bar – şanyna gazal ÿollara,
Döwran bar – sygynsaň halal ÿollara,
Şygryÿet kenarsyz, gözÿetmez umman,
Hormat bar — döz gelseň uzak ÿol-ara.
Herki zadyň möwrüti bar,
Çägi bar.
Haçana çen ilden alyp gezmeli ?!
Bermek üçin gezegiňde,
Özüňem,
Ýygnanjaňy bir sapaga düzmeli.
***
Eger saklap bolýan bolsady wagty,
Ýüpüni sypdyrman penjäňe gysyp.
Dünýäň bagty üçin, bütin ömrüme,
Şol ýüpi saklardym bagryma basyp.
***
Adalat bar, Gök Zeminde-
Delalat berip Zehine
Ýykylana hossar çykýar.
Arka durup hakykata
Ejiziň golundan çekýär.
Bir-ä Asman, birem Zemin.
Eýäňdir sanaňda demiň.
***
Bir görseň ýaz,
Bir-de gursagyń otdur,
Bu bir düýşdir.
Ýakymy bar –heserdir.
Bulguryndan başa çekenler diýer:
“Söýgi – meýdir.
Götermeseň ýeserdir”.
***
Haýwan ähli dört aýakda ýöreýär.
Guşda aýak, ganat iki bolmaly.
Tapawut bar,
Ýöne göwni ganatly,
Ynsan asly guşdan bor-a çemeli.
***
Biri diýýär: «Pelsepäñ:ä ýadatdy»,
Ýene biri diýýär»Bize şony ber!»
Ýylgyrýaryn:
«Ili güýmäp ne görgiñ,
«Goýaý indi!» diýmeseler oñyber.»
***
Güýz paýawlap,
Akrap ýeli buz ýaly,
Çar tarapa mähir bolup seçilýän,
Adamlaryñ kalby bahar-ýaz ýaly.