Mukaddes Watan
Keramat bar Watan seniñ özüñde,
Neneñ seni söýüp bolmaz ezizläp.
Galyplara sygmaz waspyñ gözümde–
Oturmak derkar däl ýylma söz gözläp.
Mukaddesligim sen mähre baý Watan,
Duzuña eýlendi tenimde janym,
Ylhamña ses goşýar,
Bitarap Watan,
Damarda joş urýan gyrmyzy ganym.
Süýtden ak dañlaryñ–ýalkym ýoluma,
Ene sallançaksyñ hüdüsi tereñ.
Watan!
Ýurtsyñ sen ynsan kowmuna
Görogly, Ärtogrul… alplary beren!
Söýüp bolmaz seni galp duýgy bilen,
Amanat sözleri ýokdurmaz ruhuñ.
Seni söýüp bolar
Çyn söýgi bilen
Watanym–mertebäm,
Beýiklik tugum!
Dekabr.2018 ýyl.
Watan perwanasy
Kök-damar-barlygym-
seniň barlygyň,
Sensiň nury-didäm, Ata Watanym.
Ykbalym, mertebäm,
Buýsançly ömrüm
Waspyňa sena bor-
Şudur kasamym!
Diýar şohraty.
Aýgül Pirliýewa.
Sazy:Ýuriý Balýanyñky.
Şöhratly döwrümde galkyp, ykbaly gül açan Diýar,
Ýollaryna nur saçylyp, bagty arşda uçan Diýar,
Eşret bulagy deý daşyp, ylhamlanyp joşan Diýar
Arkadagym paýhasynda-
Ylhamyň ak ganatynda.
Dost-dogana gujak açýan
Jennet ýurdum Watanymda.
Her täze gün bagty buşlar, täze döwran gelenini
Dünýä nygtar Arkadagyň halkyna bagt berenini
Oba-şährim ýatladýar gül jennetiň eremini,
Arkadagym paýhasynda-
Ylhamyň ak ganatynda.
Ykbaly ganatlap uçan
Jennet ýurdum Watanymda.
Ýetilmedik menzilleri düýrüp barýar ädiminde,
Görülmedik şan-şöhratyň owazy bar aýdymynda,
Rowaçlygyň nury görner täze daňyň aýdyňynda,
Arkadagym paýhasynda-
Ylhamyň ak ganatynda.
Dünýä sary ýollar açan
Jennet ýurdum Watanymda.
Watana togap.
Sözi: Aýgül Pirliýewa.
Sazy: Bozagan Amanowyñky.
Kalbymyň owazy sen, ykbalyma gurbatsyň,
Kelamlaryň Salamy, Hakdan gelen udratsyň.
Ýüregimiň örki sen, ojagymsyň, törümsiň,
Iki dünýä imanym, barlygymsyň-barymsyň
Eziz Watan — Togabym!
Sen didäme çaýylan begençli gözýaşymsyň,
Kendirekde — urbalyk, halal nygmat
–aşymsyň.
Eşret üçin çekilen yhlasly azabymsyň,
Gönezligi ak daňyň namazly azanymsyń ,
Eziz Watan — Togabym!
Sen hüwdüden nowçalan, baky röwşen söýgimsiň,
Topragyňa badaşan ruhy dünýäm – duýgymsyň.
Seniň şöhrat, mertebäň beýik belent daglardan,
Senden aýrylsam bir dem, gowuşýançam dagarman,
Eziz Watan — Togabym!
Watan
Watan!
Sende jemi iň ýagty günleň,
Sen ýürege pena bolýan Watansyň.
Gören-bilen barmy, şu güne deňiç
Ýürekleriň ýaňlanşyny Watansyz.
Iň beýik nagmalar seniň şanyňa,
Iň mukaddes duýgy serpaýdyr saňa.
Ölçegsiz asman deý giňligiň bilen,
Ýene sygyp dursuň ynsan gursagna.
Bäş harpdan ybarat Watan adyňda,
Ata sözün görýän örboýna galan.
Başyň belentlikde, nazaryň ýerde,
Kamatyň toprakdan agraslyk alan.
Kybla deýin ezizligiň aňyrdan,
Ýollaryňdan aýra düşmek agyrdyr.
Ýürek bir dem,
topragyňdan üzülse,
Saňa sary telwas urýar sabyrsyz.
Ýürek örkün keremine kökeren
Toprak bilen bile doglan Watansyň.
Şonuň üçin,
mähriň içip ulalan
Adam ogly oňup bilmez Watansyz.
Ýurt buýsanjy
Halkym toý toýlaýar,
Bagtyń şanyna,
Belende göterip jebislik tugun.
Watan sarpalaýar Beýik oglunyń,
Dünýä ýaýan,
Adyllyk ýolun bu gün.
Beýik işler-
Parasadyň őnűmi-
Galkyndyryp biljek ynsan őmrűni,
Otdan őtgűr,
pähim őňe çykarýar
Watany őzgerdýän ajap dőwrűni,
Mähriban Watanym!
Dűnýäň ýűzűnde
Hiç kimiňkä meňzemeýän yz goýduň.
„Halkym-bagtym”-diýýän mert yhlasyndan
Her ädimde,
bir asyrlyk őzgerdiň.
Dűnýä täze ýaz berdiň.
Ýurt tazelenýär,
gurulýar,
gurýar,
Gurmak bilen ýetdik eşret bulagna,
Dünýäň halklaryna gapyny açdyk,
Başymyz gök diräp,
egnimiz egne.
Akýan minutlary öwrüp haýra,
Der döken şan geýýär lybas deregne.
Prezidentim!
Ań-paýhasyń görelde,
Bagtyýarlyk gurduń ylymdan,
Beýik işleń nesillere ýörelge.
Ýetilmedik sepgitlere gol beren,
Gőrűlmedik dereje bar şanynda,
Gőrmäge gőz gerek,
Buýsanmaga ser,
Ýyndamlyk ýyldyrym çakýar aňyňda,
Bu zamanaň ýelden ýűwrűk bady bar,
Ýűregi galkdyrýan Beýik ady bar,
Ganatlydyr biziń aýdyń döwrümiz,
Her ädimiń şany dolýar taryha,
Prezidentim!
Halk öńünde yhlasyń,
Mukam ýazýar dabaraly tarypa.
Gińäp barýar Beýik Işleń dowamy
Galkynyp, Äleme çykýar Watanym,
Bagta uzan Ýüpek ýollaryń bilen,
Dünýäni özüne çekýär Watanym,
Dünýäń ojagyna ýürek mährini-
Çyrag eýläp,
Nebit-gazly genjini,
Mähir bulagy deý akýar Watanym.
Serpaýyń – mertebe,
Sylagyń — bagt,
Baran ýeriń-
şowhun bilen ala-ýaz,
Bakan ýeriń-
gül uzadýar şanyńa.
Prezidentim!
Asylzada paýhasyń,
Nur ýagdyrýar Watanyń asmanyna.
Ýollar uzap barýar,
Deńizden, gökden,
Ýagty gelejegi, bagty nazarlap.
Dogana hemaýat bolup uzaýar,
Gadym Ýüpek ýoluń yzyn yzarlap,
Beýik gelejegiń röwşenligi deý,
Dünýäń çar künjünde tugum dur parlap.
Halk bagtyýar!
Yhlasyńdan ýurt üçin,
Röwşen geljek sary Watan ümzügi.
Her günüń şatlygy dabara dolup,
Täze ýeńişlere atarýar bizi.
Prezidentim!
Bagtyýar eziz halkyń,
Ine, ýürekdäki minnetdar sözi:
O söz — ylym bilen dem alýan günleň,
Aňlara güýç beren pähim-paýhasy,
O söz – aýdym bolup ýańlanýan günleň,
Bagt bolup ykbala dolanan ýazy.
O söz – zer öndürýän zeberdes gollar,
O söz — ganatyndan göterlen peller.
O söz –Watan mertligine öwülip,
O dünýä, bu dünýä ýalkanan nerler-
Olar,
Zamananyń şirin sazyna,
dolup,
dolup Beýik taryhy ýazýar.
Prezidentim!
Galkynyşly eýýamyń,
Buşlukçysy bolup Jahany gezýär.
Bagt ýoly
Ykbalyna soltan eýläp,
şa eýläp,
Mynasyba Ogul diýýändir millet.
Ynanany-
kerweniniň owsaryn,
Şalygyna şan getirjek ýolbelet!
Ýol mübärek!
Il mübärek !
Prezident!
Aýgydyňa küren iliň gol berdi!
Dogumyňa gözi giden Ene Ýer,
Mertebäňe desse-desse gül berdi..
Il agzy-keramat,
Köpüň dilegi,
Allaň dergähinde kabul eýlensin!
Halk,
Watan,
Prezident –
Baky birligi,
Kalbyna tug eden türkmen beýgelsin!
Beýik döwlet gurmak- ömür ykbalyň
Milletiň ynamy-
Tugundan medet!
Hormatly Prezident!
Açyk ak ýoluň,
Galkynýan Watanyň ruhundan medet!
Bagtyýarlyk mukamy.
Sazy:Ýuriý Balýanyñky.
Bagtyýarlyk alyp geldiň döwrüňe.
Täzeleniş,
ykballara dowam bar,
Joşa gelýär görke gelen Watanym,
Asman ýaly päk ýürekli Howandar.
Ýaz ýüregiň dünýä bagt paýlaýar,
Türkmenistan bu gün ösuş ýaýlasy.
Şa gadamyň düşen ýeri lälezar,
Röwşen kalbyň gelejegiň aýnasy.
„Sport,
Saglyk,
zähmet bilen bagtlysyň.”
Sargyt edýäň, „ Ilim bagta haklysyň,»
Arkadagym, ýaşlyk berýäň ykbala,
Sagdyn durmuş,
Bagtyýarlyk maksadyň,
Aýdymlary muhabbete eýlenen,
Diýar bagtyň,
rowaçlygyň mukamy.
Ýolumyza şamçyrag diyip saýlanan,
Prezidentim!
Gülzar etdiň mekany.
Şatlyk-şowhun,
Toý-dabara günleriň,
Bagtyýarlyk-döwürleriň şasysyň.
Prezidentim!
Şöhratlydyr münberiň,
Jan Watanym Türkmenistan ýaşasyn!
Garaşsyzlygyñ ýañy
Kalby ojagy deý alawly halkyň,
Dünýä doldy Erki-Garaşsyzlygy.
Ýoly Bitaraplyk,
asyry Altyn,
Golunda ýaşyl Tug,
eserdeň seri,
Tutumy ileri,
nazary dury.
Asuda asmanda türkmen bagtynyň,
Çalýar senasyny goşa kepderi.
Zemin alkyşyny ömre ýazyp dur,
Gök gyrtyç ýaýlalar, sonarly düzler.
Göwnüm, owsaryňy äkitdi goldan,
Mukama öwrülen täze oguzlar.
Heň paýlaýar Zemin,
Gök mukam çalýar,
Arşa galýar ärler,
ykbal beýgelýär.
Gözüň aýdyň millet,
guwan jemagat,
Juwanlyk bahary dünýä ýaň salýar!
Gözüň aýdyň millet,
guwan halaýyk,
Beýiklik taglymy dünýä yaň salýar!
Nurana ummanyň galkan gomlary,
Erkana ýaň bolup jahana dolýar.
Bu gün owazyny diňleýär Dünýä,
Ýaňlanan Diýaryň,
Ykbalyñ taryn!
Bitaraplyk senasy
Humaý guşy ganat kakýar üstüňde,
Belent ruhuň, goý, tug kimin parlasyn.
Ynsanperwer oguzlar bar aslyňda..
Türkmenistan-
Dost-doganlyk galasy,
Bitarap ýurt-
Abadanlyk senasy.
Parahatlyk – ýagty doga-dilegiň,
Abadanlyk şuglasy sen Jahanyñ.
Şaglap akýar seniň mähir bulagyň.
Eziz Diýar- Parahatlyk baharym.
Göwünler sapaly,
Goňşa wepaly,
Ýagşylyga kerem golun uzadýan.
Sahawatdan doly türkmen gujagy,
Kalby-oňşuk, ylalaşyk ojagy.
Hoş niýeti Ýer ýüzüne göz edýän.
Açyk gapylary köňli mysaly,
Dogan gelýär doganlygyň joşunda.
“Dilin tapyp” köpmilletli dünýäniň,
Galkyp barýar Beýik Haýryň işinde.
Watana zyýarat,
Artýar zyýapat!
Her raýaty durşy bilen mylakat.
“Görmesin” diýip türkmen ýamanlyk ýüzün”,
Bitarap ýurt Haka edýär mynajat.
Bu ýol –jana-janlyk,
Bu ýol — mähriban.
Bu Galkynyş diňe — bagtyýarlykdyr.
Bu ýol ýagşylyga ygtyýarlykdyr,
Ynsanperwerlikden, mähir, söýgüden,
Ynançdan beýgelen ygtybarlykdyr.
Myhmansöýer döwletim!
Tutumlaryň şowlasyn.
Didämize şugla bolan bu ýoldan,
Beýik ykbal köňlümizi sowmasyn.
Asman hoşniýetli halkyň penasy.
Türkmenistan-
Dost-doganlyk galasy,
Bitarap ýurt-
Abadanlyk senasy.
Sekizburçluk
Senden aýra düşen saý-sebäp bilen,
Ýellerden soraýar hal-u ahwalyň.
Watanym!
Her demde saňa sygynyp,
Mähir güzeriň bar-
Şoňa akýaryn.
Eger,
Sorasalar: “Bilbile dönüp,
Ne beýle jowranýaň, ýadaman, irmän.”
Diýerin: “Togapda bolsaň ýurduňa-
Ruhy goltgy berer,
Çekdirmez arman.”
Gül Türkmenistanym!
Perzendiň bolup,
Seň üçin jan çekmek bize borçdandyr.
Atalaň wesýeti gursaga akýan-
Jebislik tugrasy –
Sekizburçdandyr.
Eziz Watan
Ýodajyklar ýeke-ýeke birigip,
Watan!
Seniň ýollaryňa dolanýar.
Çeşme-çaýlar daglaryňdan syrygyp,
Gök arçalar ylhamyňdan boý alýar.
Göterilip,
Ganat ýaýyp yşkyňdan,
Uçup barýar gör, bagtyýar ykballar.
Synla, Watan!
Buýsanç deýin daglarňa
Nesilleriň aýdym aýdyp çykýarlar.
Gat-gat açyp bu topragyň gatlaryn,
Ogullaryň okap otyr taryhyň,
Arka-arka atalaryň gorany-
Şan-şöhratyň —
Ömür kyssaň bar ahyr.
O kyssany wagtyň sabyr-takaty
Biziň üçin ynanypdyr Zemine.
Ýer astynda hüňläp ýatan geçmişiň
Tagzym edýär bu gün Beýik Zehine.
Iň gadymy ýaşaýyşyň mesgeni-
Marguş ýurdy Asyr aşyp seslenýär.
Goýnun açan gadym Nusaý şalygy,
Altyn eýýam şuglasyna beslenýär.
Döwür şaýat,
gaýratyńa ýol şaýat
Menzillerde göterdiń bagt täjini.
Gelejege geçmiş syryny açan
Ylym-
Dünýä serpaý edýär güýjüni.
Lowurdap dur her güneşli gursakda,
Bagtyň keşbi-
Watan!
Nurly didaryň.
Bu topragyň bize goýan mirasyn,
Aýap,
Gorap,
beýgeldip ýör Diýarym.
Tug
Tuga sezd edeniň –
sarpasy belent,
Başy belent bolar tug söýen iliň.
Watany tug deýin göteren mertler,
Beýgelder ýurduny,
beýgelder ilin!
Al-asmana götär paýhasyň tugy
Beýik zamananyň,
Beýiklik ýolun.
Tug-namys-ar,
Beýik ynam türkmene,
Ynam bilen baýdak bile dörändir-
Dört künjüne Watan sygan keramat-
Tugum!
Mertlik bilen dogulýan şandyr.
Beýiklik dogandyr sadalyk bilen-
Tug parlasa depesinde döwletiň,
Bu — milletiň barlygyndan nyşandyr,
Halk,
Watan,
Prezident-
Beýik ykraryň,
Mizemejek birliginden nyşandyr.
Bagt ýoluna aýdym aýdyp barylýar-
Ýeňiş bilen ýollar ýetýär menzile-
Her tolkuny-
özgeren ýurt jemaly,
Tugum!
Döwrüň ruhy siňmiş meňziňe.
Seni aýap,
arşa göteren halkyň,
Geçmişi nur — seniň mähir deňziňe,
Nury şugla — seniň ömür reňkiňe.
Beýik Zamananyň owazy bilen,
Tuguň şuglasynda geljek görünýär,
Tugy parlak halkyň-
geljegi parlak,
Ýüregi galkynýan Beýik döwrüm bar.
Tug-Watanyň seri,
Tug-Halkyň seri,
Tug –döwlet,
Tug –millet,
maksatly ömür,
Ykbaly göterip,
bagta ýetirip,
Bu döwür Watany beýgeldýän döwür,
Näçe belent bolsa Watanyň tugy
Beýikdir Galkynýan Zamanaň ruhy.
Türkmenistan-bagt mekanym
Söz merjeni ejiz gelýär şanyňa,
Türkmenistan edil bagtyň özi sen.
Eýýam nur ýagdyrdy gül ykbalyňa,
Türkmenistan-Bagtyýarlyk sazy sen.
Ak mermerli Aşgabadyň — ak söýäň,
Kopetdag, Köýtendag belent mertebäň,
Ýurtlaryň içinde nur bolup dörän,
Türkmenistan ykballaryň ýazy sen
Bäş welaýat ýüregiň — bäş damaryň
Baýdak, Gerb, Kasamyň — doga-tumaryň
Arzuwly mukamy Babagammaryň,
Türkmenistan hüwdüleriň uzy sen.
Ak sakgal gojalaň — dür bilen many,
Gül ýaýlań türkmeniň köşgi –eýwany,
Hak söýen ärleriň asyl mekany,
Türkmenistan paýhaslaryň gözi sen
Türkmenistan – bal gatylan nygmatlaryň saçagy,
Türkmenistan – asudalyk, dost doganlyk gujagy.
Beýik iliň ýűregiňde Altyn Asyr açary,
Türkmenistan – hak sylamyş NUR-IMANLAŇ ýurdy sen.
1986 ý.
Watan çagyrýar
Eziz Watanymyň nurana ýoly,
Açyk göwünleriň yşgyna barýar.
Serhetsiz dünýäniň,
Çäksiz Ālemiň
Üstünde doganlyk köşgüni gurýar.
Hoşniýetli ýollar Hakyň ýalkywy-
Dolar seni,
Özgesine atarmaz.
Meňziňe nur etseň,
Gözüňe sürtseň.
Togap etseň-
Keramaty gutarmaz.
Küýsegli hyruçdyr-
Ýüregňe nurdur.
Beýikligiň gatlaryna galaňda.
Uýdugyň halallyk-
Dilde dogaňdyr,
Ganatyňdyr Beýik badalgalaňda.
Bu ýol bitewilik-
Maksatly dünýä,
Ýakasy-päkligiň tämiz kenary.
Şuglaly älem ol-
Munda bar ynsan,
Baky doganlygyň,
Dostlugyň ýary.
Sabalar owazly,
Daňlarda yşk bar.
Arşyň bakylygy Ýere ýagyp dur.
Nesiller bu ýola baky minnetdar-
Her kalbyň töründe Güneş dogupdyr.
Gadyryň,
Hormatyň nurana keşbi,
Bu ýol dowamatdyr-
Bakyýa uzar.
Oguzlar kowmuna halal ojakdyr
Arkadag Watanym-
Nurana Diýar.
08.06.2006 ý.
Watanym
Topragňy – tozuňy sylyp ýüzüme,
Hamraklygym bilen bagra basanym.
Ýürekde ýaýylyp, beýnide bişen,
Zybanyma sena bolan Kasamym.
Mertligiň mekany – meniň Watanym!
Galkynyp-galkynyp daňy atanym!
Mukaddes süňňüňde şineläp, baýnap,
Topragňa badaşyp ruhum gatanym,
Saňa gelip senden gitmegim üçin
Ýürek tarym gatlap, ýoda çekenim.
Şa başynyň täji – meniň Watanym!
Geljegi nazarlap daňy atanym!
Galkynyp, owsunyp mahmal goýnuňda,
Gülgün rowaçlyga gol beren senäm,
Ýaýnap, pyntyk ýaryp, tolkunlaryňda
Käbämden — haraýym, Kyblamdan – penam.
Ynjalyk mekany – meniň Watanym!
Galkyna-galkyna daňy atanym!
Jeýhun möwçli, Köpetdagdan buýsançly,
Garaşsyzlyk, erkinlige ýetenim,
Tükenmez dessany Bitaraplygyň
Ykbalyma asally bal gatanym.
Asudalyk tugy –meniň Watanym!
Geljegi nazarlap daňy atanym!
Watan topragy
Sahawaty keramata deňelen,
Toprakda erkli biz,
eýe zehine.
Aýagyny ýerden űzen baýnamaz,
Ģűnki ömri adaglydyr Zemine.
Ömür gűlmez,
ene ýeri har eýlän,
Tylla toprak – Watan jigeri — bendi.
Bu dogduk depeleň sergin ýelinden,
Jyda düşse guşlar niçik jibrindi.
Ynsabynda
yralanmaz, çaýkanmaz,
Bu topragyň aýasynda ornaşan.
Bar ahyryn,
dünýäň baýlygyn ýygnap,
“Ýurt gumum”
diýip, ýat ýerlerde orlaşan.
Watanymyň goýnundadyr muhabbet,
Gelejege,
asyrlara urbalyk.
Ykballary Ene toprak göterer,
Soý sen Ýeri,
çoý Diýary,
nur bolup.
Okap ýörler biziň Ömürnamamyz,
Bu topragyň her düwründen, gatyndan.
Bu türkmene mydam ýeňişler ýardyr,
Döräpdir ol,
Toprak bilen Watandan!
Baky parlak Watanym
Kalba — ylham,
Köñle — şatlyk,
Binýadyn peder tutanym.
Zemin dursa,
Röwşen Tugum,
Depämde parlar, Watanym!
Ömür senäň,
Dilde senam,
Bakylygňa güwähiňdir.
Eziz Watan,
Kasamyňda,
Edilen äht dogadandyr.
Bagt bürenen,
Başa gonan,
Bilbiliň buşluk getirmiş,
Watan,
Ömür daragtyňa
Ýyllaryň ýaşlyk getirmiş.
Saňa gelip,
Sende örlän,
Daň öýmesi al şapakdan,
Synla Watan,
Deňizleriň
Tolkunlary sap ýüpekden!
Galkyn, Watan.
Baýna, Watan.
Yklym haýran galyşyňa,
Oguz atam,
Dädem Gorkut
Daýanandyr garysyna.
Kalba — ylham,
Köňle — şatlyk,
Binýadyn mertler tutanym,
Bagtym bolup,
Röwşen Tugum,
Depämde parlar Watanym!
Gözellik çyragy
Goşa ganat,
Adyllygyň nusgasy —
Ýer ýüzünde Gözellige beletlik.
Goşa serwer,
Rowaçlygyň kyssasy,
Ykballara kämil pähim —
Belentlik!
Ýaşyl baýdak —
Güýç-kuwwaty milletiň,
Galkynyşy — ähli türkmen barlygnyň
Ýaşyl baýdak —
Özen ýoly Türkmeniň,
Wysaly Watanyň ykrarlygynyň
Zamananyň paýhas tugy pasyrdap,
Beýikligni jar edip dur Watanyň.
Jemalyna bu gün millet guwanýar,
Matlaby ol — arşy maksat tutanyň.
Ýaşyl baýdak —
Parasady mertligiň,
Gündogardan kuýaş bolup göterlen.
Jana şypa,
Tenekarlyk şemaly,
Her tolkuny paýhas – ile ýetirlen.
Başy arşda.
Tagzym edýär Zemine,
Parlaýar pederleň ruhy ýaly.
Her bir güni eşret bilen bezelen,
Bu galkynyş
Watanyň tug jemaly.
Ýaşyl baýdak —
Täze ruhy türkmeniň,
Galkýan göwnüň älemgoşar ýalkymy.
Ýaşyl baýdak —
Türkmeniň beýik ýoly,
Türkmen eden beýik Türkmen halkyny.
Aýdymly Diýar
Aýdymly Diýarym,
Toýlar mekany,
Aýdym bolýan ýerde toy tutulýandyr.
Dosta golun berip,
gujagyn gerip,
Dőwre guran dost gadryn bilýändir.
Gapylar açylyp,
Ýollar salynsa
Il ile dostlaşyp,
Myhman gelinse,
Şeýle iliň rowaçlykdyr gőrjegi,
Şeýle iliň erk-ygtyyar elinde.
Watan goýny-
Galkynyşyň bahary,
Bu baharda müň öwüşgin, mukam bar,
Meňzi juwan ýaşlygyna sataşýar
Awazanyň seýranyna çykanlar.
Pyragynyň ruhy siňen Diýarda,
Jennetiň seýlinde bolaýyn diýseň,
Dutar alyp,
çyk dagyna, duzűne,
Bu ýerler keramat dälmidir eýsem?!
Ýyldan ýyla geçip gitseň yşk bile,
Hüwdüden başlanan aýdyma çenli,
Perwana deý yşka uçran aşyklar
Gijeleri çoýar tä daňa cenli.
Senem şeýle gözelligiň goýnunda,
Açylarsyň meňzäp bägül şasyna.
Watan gurýar,
Galkýar juwan Zamana,
Gűl seçip dag, deňiz, çől, sährasyna.